22:42 Pyhy Taganyñ degişmelerinden | |
PYHY TAGANYÑ DEGIŞMELERINDEN
Degişmeler
Bir gezek Pyhy Tagan Ümür Esen bilen Mollagara şypahasyna barypdyrlar. Bu barada Ümür Esen şeýle gürrüň beripdi. «Ir ikindiler Pyhy akga meni yzyna eýerdişine, Mollagara şypahanasynyň ýolbaşçysynyň ýanyna alyp bardy. Ýaşuly ondan agşam şypahanalardakylaryň öňünde çykyş etmäge rugsat bermegini sorady. Yzyndanam: «Ine, bu-da maryly myhmanym» diýip, menem tanyşdyrdy. Agzy-burny bilen dolan ýazky kluba giren Pyhy akga ör turşuna, el çarpyp ugran märeke eglip salam berşine, gül-gül açyldy. Soňam tomaşaçylarynyň islegine görä, berlen sowallaryna garaşylmaýan jogap gaýtarşyna, märekäni gyzyl-gyran gülüşdirdi. ...Pyhy akga gitdigiçe gyza-gyza, türkmen gülküsiniň gözbaşyndaky Myralydyr Esen Polat, Japbaklardyr Kemine, Körmolla, Ata Köpekdir Çary Gurbangylyç, Gurbangylyç Hydyr, Allanazar Begnazardyr Aman Sary ýaly göwni gülküden ganatly halypa-şägirtlerine salgylandy. Çykyşyny paýawlaberende-de: «Adamlar! Indi men-ä, sözümi boldum etmekçi. Ýöne meniň ýanymda bir inim bar, onam diňläp görüň! Bilşimiz ýaly, öňki ötenlerimiz: «Döwletliniň çagasy, Çöle gidip çöp getir. Bidöwletiň çagasy, Oba gezip gep getir» — diýenem bolsa, meniň bu maryly myhmanymyň ömür örki gep ýygnamaga bagyşlandy. Özüňiz diňläň-de, baha beriberiň onuň kimligine» diýip, zalyň şowhunyny göge galdyrdy. * * * Pyhy Tagan bilen Allanazar Begnazarowyň ilkinji tanyşlygy Aşgabatda «Kemine şägirtlerini gözleýär» atly ýomakçylaryň bäsleşigi geçirilende, myhmanhanalaryň birinde bolup geçýär. Ähli welaýatlardan gelen bäsleşige gatnaşyjylar öz aladalary bilen. Şol arada Pyhy Tagan: «Halypam Mämmetoraz, senden medet» diýýär. Bu sözleri eşiden Daşoguzdan gelen şahandaz yigit Allanazar Pyhy aga: — Siz haýsy şahyr barada, haýsy Mämmetoraz barada aýdýarsyňyz? — diýip soraýar. Onda Pyhy Tagan: — Aňyrsy Daşoguzdan bolan Mämmetzyýa lakamly Mämmetoraz halypam barada aýdýaryn — diýýär. Allanazar: — Pyhy aga, ol-a agalarymyz, biziň aňrymyz bolýandyr — diýýär. Ilkinji duşuşykdan sözleri alşan bu iki ýomakçy soňra aga-ini ýaly bolup gatnaşýarlar. * * * Bir gezek bolgusyzrak şahyrlaryň biri ýolda sataşyp: — Pyhy däde, men size birje goşgy okap bereýin — diýende, Pyhy aga özüniň howlugyp barýanlygyny duýdursa-da, ol goýman okap başlapdyr. Ol okap durka sakga säginip: — Wah, agzymdan şeýtan kak-dow — diýipdir. Onda öňem howlugyp duran Pyhy däde: — Aý, şu asyryň şeýtanlarynyň ugry gaçypdyr, seň sözüňe zar bolup ýören bolsalar — diýip, ýoluny dowam etdirmek bilen boluberipdir. * * * Meşhur ýomakçy şahyrymyz Ataköpek Mergeniň toý dabarasyna gatnaşmak üçin Sakarçägä baranda Pyhy Tagan goltuk jübüsinden çykaran syçan gapanyny mähellä görkezipdir. Şonda olar: — Pyhy däde, Balkan ýaly uzak ýerden gelibem, halypaňyza getirýän sowgadyňyzam indi syçan gapan boldumy?— diýşip ýaňsylamakçy bolupdyrlar. Şonda Pyhy däde: — Siz meniň bujagaz sowgadymy kemsitjek bolmaň! Munuň heniz oýny kändir. Munuň diljagazyna bir çümmük nan goýsaňyz syçan düşer. Bölejik kolbasa goýsaňyz pişik düşer. Bir lukma et goýsaňyz it düşer. Garaz, goýan zadyňyza we tutjak bolýan zadyňyza bagly-da — diýip, Pyhy däde ýylgyrypdyr. Biri soraýar: * * * — Pyhy däde, sen bu günler bir zat ýazýaňmy? Pyhy däde: — Bir däl, üç zat ýazýan. Ýadamda bilimi ýazýan, ajyksam saçak ýazýan, ýatamda düşek ýazýan — diýipdir. Amangeldi HYDYROW, Türkmenistanyň halk suratkeşi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |