23:44 Däliretdiñ | |
DÄLIRETDIÑ
Goşgular
Sen güneş, men günebakar Birje bakman däliretdiň. Men bir teşne, sen hem akar Suwa ýakman däliretdiň. Aklymyň çyragy söndi, Söýmen nesihaty pendi. Bolsam-da yşkyňda bendi, Çözdüň dakman däliretdiň. Bardyr gowgalar başymda, Köp gyzlar degre daşyňda, Mar zähri bardyr saçyňda, Birje çakman däliretdiň. Söwdalar düşdi serime, Goşgyň doldy depderime. Tükeniksiz dertlerime, Bolman lukman däliretdiň. Aşykdym men ýöreýşiňe, Indi gümra öz işime. Kä mahal girip düýşüme, Ýatdan çykman däliretdiň. Musa GYZYLJA. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Ýapdym aýnaň tutysyn / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||