11:59 Dertlerinden bu dünýäñ | |
DERTLERINDEN BU DÜNÝÄÑ...
Goşgular
Dertlerinden bu dünýäň kemeldi-de takatym, Käşgäm durman tersine aýlansa-da sagadym, Käşkem meni eltsemiş, çagalygmyň döwrune, Hemmeden zorly bolsa Däde janym göwnume. Nirä gitse äkidip düşürüpjik yzyna, Uklap galsam enäniň başym goýup dyzyna, Egnimdäki köýnegim birden maňa giň bolsa, Geýip ýören jalbarym bir görseň uzyn bolsa Nämedigin bilmesem ýene-de gaýgy-gussaň Şahadan üzüp ülje, şo durşuna ýuwutsam Käşkem iň uly gaýgym, kitap-depderim bolsa Bir owuç däne bilen, doýýan kepderim bolsa Käşkem ýene kemala, gülüp-oýnap ýetsedim Ünjä-iňkise batman, jahyl çykyp gezsedim Her gülene bermezdim bu ýüregeň erkini Güýz kimin saraltmazdym, gül meňzimi, görkümi Özgerer, seň bu dünýäň, özgerilse garaýyş Gaýtalanar müň gezek, bu buýsançly ýaşaýyş. Musa GYZYLJA, Eýranly türkmen şahyry. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||