23:50 Men bir biten bag bolsam | |
من بیــــر بیتــــــن بــــــاغ بۇلسام
Goşgular
MEN BIR BITEN BAG BOLSAM Men bir biten bag bolsam Alma bolsam nar bolsam Miweli hem saýaly Boljak bolup ulalsam Miwämden ýoljak bolup Ösüp barýan çagalar Elleri gergenekli Asylsalar şahamdan Şum ajala diýjek men Çagalaň bagty üçin Häzir tutma ýakamdan. Men bir uly bag bolsam Saýaly çynar bolsam Gol atan şahalarmyň Gaýymlygna guwansam Gurbanlyk gelýär diýip Garap duran maýa gyz Sallançak uçjak diýip Tanap assa şahamdan Şum ajala diýjek men Maýalaň bagty üçin Häzir tutma ýakamdan. Men bir biten bag bolsam Akar suwuň boýunda Sowuk kölege bolsam Ýolagçylaň ýolunda Ýylyja howa bolsam Gyşyň aňzak gaýynda Peçlerne odun bolup Ýansam iliň öýünde Üşänler çoýunsalar Köz edilen şahamdan Şum ajala diýjek men Tutjak bolsaň tutuber Indi meniň ýakamdan. Musa GYZYLJA. | |
|
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Kooperatiwiñ puludyr / Goşgular - 22.09.2024 |
√ Hyzmatkär bolar / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||