15:16 "Dana bolsaň, aýak çekip sägin-de..." | |
"DANA BOLSAŇ, AÝAK ÇEKIP SÄGIN-DE..."
Goşgular
Dana bolsaň, aýak çekip sägin-de, Mahal-mahal sallarlap gör özüňi: Kuwwat niçik iýnjik bilen çiginde? - Sürdüňmikäň süýji günleň ýazyny, Gördüçňmikäň ajy günleň közüni? Bitakat kalplaryň jadyly humy, Ýiti pikirleriň parran neşteri Neçün üstlerine örtünip gumy, Terk eýleýip tekepbiri-esgeri, Düýşümizde tutmalymyş mesgeni? Göni bak sen hakykatyň ýüzüne: Ýakymlymy: ýalynlymy - parhy ýok! Ör boýuna galan üçin dyzyna Ýene gaýdyp çöker diýen gorky ýok, Gaýtam, şeýdip bilmedigiň nyrhy ýok!.. Şuňa gözüň ýetenden soň mazaly, Mazaly aňansoň göreş manysyn, Zabt eýlegin diňe belent galany, - Hiç kime goýmagyn ýoluň ýarysyn, Özüň geçgin kötellikleň barysyn! Nikolaý MIKOLAÝENKO, ukrain şahyry. Terjime eden Annaberdi AGABAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |