00:05

Daşoguz

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 559 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024
Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024
"Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024
Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024
Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024
Baýrak / Goşgular - 16.08.2024

Teswirleriň ählisi: 25
2
1 Aksary  
876
Keramaty topraklydyr bu ýerler,

Toprakda keramat bolup biler,keramatdaky toprak oñuşman durlar.

Ýa keramaty diýýän ýerinde säwlik b.n l harp galypdymy?

3
2 Zehin  
889
Harp ýalnysy galypdyr bagyslan sagbolun!

-2
3 eatayew33  
761
@Zehin, "zehiniň" halys daş ýarýa öýdýän! Öň "Daşoguza" "Daşhowuz" diýilýärdi welin, sen ýaly zehinlileň derdinden ýaňa ol ýerdäki daşlaň bary pytrap, kül bolaýan eken. Araňyzda "Geniý"-leriň ýokdugyna şükür, ýogsa indi nämäni kül etjegiňiz belli däl.

-2
4 Orhideýa  
719
@Taryhçy bilen ("bambuk" sözüne däl, elbetde) ylalaşýan. Soñky wagtlar saýta täze gelip, goşulýanlar, ilki bilen, saýtyñ arhiwindäki ÄGIRTLEÑ edebiýatyny okasalar, tanyşsalar, onda bular ýaly öwrenjeräk zatlaryny paýlaşmazdylar.

-2
5 Orhideýa  
719
Kerim Gurbannepesowdan sorapdyrlar: "Siziñ çagalaryñyzdan şahyr çykjagy barmy?" Kerim aga säginmän jogap beripdir: "Ol hakda pikirem etmàndirin. Ýöne, gowy okyjy çykarmykar-a diýýän..."
Her kapyýa getirilýän setirler goşgy bolsa, onda Ýeriñ ýüzünde her bäş adamdan dõrdüsi şahyr bolardy...
Belki, şu tipli ýazýanlar gowy okyjy bolup biler...

3
6 dovletmyratnurmedov  
496
Gep eýesini tapar diýlişi ýaly it üýrer kerwen geçer diýibermeli @Zehin.
@zehin gowy goşgy ekeni. Erkin saýtda birilerine peýdaly bolar. Şu gün bolmasa ertir bolar.
saýtdaky käbirleriň özüni dembl duýýanlaryň ýazýan zatlaryna üns berme. Olar nirede näme diýmelidigini bilenoklar öýdýän. Meselem şu saýtda türkmene zyýan getirýän zatlar goýulanda hä hiç zat ýazanoklar komentariýa özüni "dembl" saýýanlar. Şular ýaly adamlar adamyň ýalňyşyny tapsa güljek, üstünden depelejek.

-3
7 Hаwеrаn  
245
Bagyşlañ, türkmene zyýan getirip biljek nämeler paýlaşyldyka? )

1
8 dovletmyratnurmedov  
496
Aradaky Skobelewiň gahryman edilip görkezilen makalalaryny, soň gurbanlyk bilen bagly makalany kast etdim. Şunuň türkmene peýdasy ýok, ýaşlar okasa çynmyka diýerler.
Ýalňyşýanmy ýa!?

1
9 Hаwеrаn  
245
Medeniýet - medeniýetimize, taryhymyza, umuman hemme zada hemmetaraplaýyn göz bilen seretmekdir. Tapawutly pikirlere sabyr-takat görkezmekdedir medeniýet. Biz çekişme medeniýetini bilemzok, ýa-da bilşimiz ýeterlik däl. Jedellerimiziñ yzy hökman şahsy kesekleşmelere baryp direýär...
Skobelewi menem gahryman hasaplaýan. Ol rus patyşalygy taryhynyñ üç şanly harby serkerdesiniñ (beýleki ikisi Suworow, Kutuzow) biridir.

-1
11 Hаwеrаn  
245
Döwletmyrat, goşga bellik edenleri "it" hasaplamak, bellikleri "üýrmelere" deñemek hökmanmydy?

1
12 dovletmyratnurmedov  
496
Hiç kimi it saýamok! Nakyl şeýledä. Birine personalna it diýmek däldänem "образна" aýdylan. Özüne çekenler gaty görmäň.
@haweran bolýar meň ýalňyşymy aýtdyň sag bol, indi gaýtalamaryn. Mundan beýläk ýazmajaga bolaryn teswir. Şeýlede kän ýazamoklaý teswir, okamagyň tarapdary bolýanlaý. Men @zehini tanamogam, bilemogam. Bir zat goýupdyr, islän okasyn islemedik okamasynda. kemsiden bolupdyrlar. Ýöne bir sorag bar @haweran aga.
Meniň nakylymdaky it sözi Sizi bynjalak etdidä azap edip goşgy goýana bambuk ýada "geniý" diýeni bynjalyk etmedimi?
Meni bynjalyk etdi. Şonuň üçin ýazdym teswirimi. Maksadym uruşmak däl. Ýöne türkmeniň saýtlaryň köpüsinde tema boýunça teswir ýazylmaýarda temany goýanyň ýalňyşy we ş m zatlary barada kemsidiji edilip ýazylýar. Nakylda aýdylşy ýaly "Hatyja däldänem netijä bakylsa" gowy bolardy.

0
10 eatayew33  
761
"Söz" bir eýesin-ä tapdymyka diýýän. Olam men bolmaly. Siziň şol diýýäniňizi menem Aşgabat ýer titremesi barada ýazylan zatlarda gördüm. Birnäçe günläp birzatlar ýazmak isleginde bolubam gezdim, ýöne...
Peýdasy näme? Olar ýaly adamlar bilen adalatyň hatyrasyna-da agyz deňäniňe degýärmi? Özi haramdan bolmadyk adam giden bir milleti, onda-da aýal-gyzlarmyzy haramlykda aýyplap bilermi? Ýer titremesi üçin? Allany ara sokup, diýjeklerini diýip ýören adamlara söz ötjekmi?
"Özüň öz "kaka" diýip ýöreniňden bolanyňy anyk bilýäňmi?"diýesiň gelip dur. Oňa şaýadyň barmy?
Öz göti bokly bolmadyk adam özgelerden, onda-da ýüz müňläp adamdan hapalyk gözläp gezermi?

Ine, ýazdymam-da, ýükümiz ýeňledimi? Öňi-soňy şol adamlaryň ak guş bolmajagyna bilýäs.Öz ýanlaryndan Hudaýy gürleden bolup ýörenleriň şolar ýaly dini düşünje diýip ýören bolgusyzlyklaryny düýrläp, gowuz ýerlerine dykyp oturmajaklaryna bilýäs.
Saýtdan çykdym gitdim. Ýöne adam pahyr köşeşýändir-dä, bir saý-sebäp bilen ýene onuň üstünden basylypdyr.
Saýty günälejek bolmak aladam ýok: halamasaň, seni zorluk bilen saklajak bolýanam ýok, gulagyny keýerdip, sen näme diýerkäň diýip, garaşyp duranam. Islemeseň, gidibermeli.

Indi "Zehin" barada. Bu awtor bilen agzymy deňänimiň sebäbi, oň agzyndan heniz-ä (Hydaýa şükür!) hapa söz eşitmedim, ýöne adyňa "Zehin" diýip, ile eser hödürläp ýörmezden öňürti, iň bolmanda,dogry sözlem düzmäni bir başarjak bolmaly, ýogsa öňem bir kinoda aýdylşy ýaly:"Niräni görseň, Baldak ("Zehin") bolup dursa-da", hiç hili peýdasy ýok. Birnäçe eserinden bir dogry sözlem tapmadym. Häzir-ä oňa berip biläýjek maslahatyňam peýdasy ýok. Belki "bir gamçy" peýda eder?..

1
13 dovletmyratnurmedov  
496
@haweran Siziň Skobelewi gahryman saýmagyňyz meni gaty gaty gynandyrdy. Gaty gynandym şeýdiýeniňiz üçin. Dogrymy aýtsam milletini söýýän, patriotmyka diýýädim Sizi! Okumyş adamlar şeýdiýip dursa galan adamlardan näme garaşjak. Ýagdaýymyz gaty kyn.
Meniň üçin Skobelew türkmeniň duşmanydyr.

0
14 Revo  
484
Skobelew türkmeniň duşmany, orslar türkmeniň duşmany, parslar türkmeniň duşmany, kürtler türkmeniň duşmany, özbekler türkmeniň duşmany, mangollar türkmeniň duşmany, nemesler türkmeniň duşmany, Nedir han türkmeniň duşmany, türkmen türkmeniň duşmany, türkmeniň dost - ýary, ýarany bir galdymy?! Haýsy bir bolan taryhy säwlik üçin adam ýazgaryp gezmeli?! Skobelew türkmeniň duşmany bolar ýaly näme edipdir?! Öz ýurdynyň, hökümetiniň öňündäki borjuny berjaý etmändirmi?! Skobelewmi orslary toplap türkmeniň üstüne çozmany meýilleşdiren?!Ol diňe özüne buýrulan buýrugy elindäki esgerlerine buýran adam dälmi?! Bar syýasata kellesini gyzdyryp, at - abraýa kowalaşyp adamlary gyrgyna berdiripdir. Ýöne bu türkmeniň taryhynda birinji we iň soňky gyrgynçylykmy?! Eger birinji we iň soňky däl bolsa onda näme üçin türkmeniň duşmany Skobelewde, beýlekiler däl?! Onsoňam türkmen başga biriniň ýurdyny, ülkesini, watanyny, ojagyny az tozdyrypmy?! Beýik Seljuk imperýasy dürli halklaryň türkmenleri özlerine şa bolmagyny islänleri üçin döräpdirmi?! Näme üçin biziň taryhdaky kellekeserlerimiz gahrymanda, özge ýurdyň kellekeserleri duşman bolýar?! Taryh soraglardan dolydyr. Şonuň üçinem taryh bilen ýaşamak gerek dälde, şu günki günde taryhdan sapak alyp ýaşamagymyz gerek. Biz Skobelewi özümize duşman saýsagam, gahryman saýsagam, Gökdepe söweşinde bolan waka jinnim ýalyjagam peýdamyzam degmez, zyýanymyzam. Diňe özümizde bar bolan ýigrenç duýgysyny ösdürdigimiz bolar. Olam ilki Skobelew, soňra Nedir, ondan soň Gitler, ondan soň ýene biri, ýene biri, şeýdip iň soňunda saňa we maňa geler.

1
16 dovletmyratnurmedov  
496
Ýazan zatlaryň täsin. Düşnükli gardaş.
"Dogry" aýdýaň @Rewo. Skobelew öz watanynyň öňünde gulluk borjuny berjaý edipdi. Ol bir "gahryman". "Zyýany" ýoklaý Gökdepede 20 000 sany adamy (çaga, aýal, garrylar diýmeden uçdan tutma, kowalap) gyrany ýa-da Gazawatdaky türkmenleri kowalap kowalap gyrany bilen bize "näme" dogrymy? (ritoriki soragdyr).
Az owlak türkmeni gyranda gutaryberýäsmaý. Skobelew we şoňa meňzeşler öz watanynyň öňünde gulluk borjuny ýerine ýetirsinler. Gowşut hany, Nurberdi hany zäherläp öldüreni bilen Skobelew we şoňa meňzeşler "duşman" boluberýämaý. Haýsy birini duşman etjegaý. Gökdepe galany ýykyp "Gökdepe galany zarp edeni üçin" diýen orden aldylar, "tüweleme". "zyýany" ýoklaý. Gökdepe galanyň içinde şehitleriň üstüne üzüm ekdiler soňra rus esgeriň heýkelini goýupdylar. Ýöne heýkeli ýykyp soň metjit guraýdylarda. Garaz "Berekellah"
Her kim dünýä öz äýnegi bilen seredýär. Diýmek meniň äýnegimde problema bar öýdýän.

0
15 Bagabat  
43
"Taryh diňe bir zady öwredýär, halklara hiç haçan hiç zady öwretmändigine...".

Georg Wilgelm Fridrih Gegel

0
17 Bagabat  
43
"Käbirlerine özleriniň bilmeýän zatlaryny öwrenenlerinden özgelere şony öwredenleri aňsat".

Mark Terensiý Warron, milady ýyl hasabyndan öň 116-27-nji ýyllarda ýaşan rim alymy.

0
18 Bagabat  
43
"Taryh - bu mugallyma däl-de, türme gözegçisi. Ol hiç zady öwretmeýär, ýöne sapaklary bilmeýändigiň üçin zabun temmi berýär".

Wasiliý Ospiwoç Klýuçewskiý, 1841-1911-nji ýyllarda ýaşan rus taryhçysy.

0
19 Bagabat  
43
"Hiç zady öwredip bolmaýan mugallymlaram bar".

Bel Kaufman, 1911-2014-nji ýyllarda ýaşan amerikan ýazyjysy.

1
20 Bagabat  
43
"Jedelden hiç kim hiç haçan hiç zady öwrenmedi".

Waslaw Gawel, 1936-2011-nji ýyllarda ýaşan, çeh ýazyjysy, Çehoslowakiýaň soňky prezidenti.

0
23 dovletmyratnurmedov  
496
Şu aýdýanyňa goşulýan. Dogry söz.
Ýöne biziňki jedel dällaý, diskusiýa diýeli. Her kim öz pikirini aýdýar. Şeýle bolsa urş söwüş bolanok. Jedeliň soňy urşa ýazýar.

1
24 Bagabat  
43
Diskussiýa (latynça: discussio — "seljermek, seretmek") — haýsydyr bir anyk netijä gelmeklige gönükdirilen hem-de jedelleşmegiň salyhatly usullary ulanylýan jedeliň bir görnüşi, jedelli soragy, meseläni ara alyp maslahatlaşmak.
Gysgaça aýdaňda, medeniýetli (salyhatly) jedel, çekişme bolýa :-).

0
25 dovletmyratnurmedov  
496
Dogry.

1
21 Bagabat  
43
"Öwrenesi gelýänlere taryh öwredýär, galanlara sapak berýär".

Stanislaw Ýeži Les, 1909-1966-njy ýyllarda ýaşan, polýak şahyry, filosofy, satirik ýazyjysy.

1
22 Bagabat  
43
"Eger-de siz akmak bilen jedelleşýän bolsaňyz, diýmek onda eýýäm iki akmak bolýar".

Emmanuel Adolf Essar, 1803-1909-njy ýyllarda ýaşan, fransuz ýazyjysy, şahyry.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]