21:06 Degişmeler | |
DEGIŞMELER
Degişmeler
Bazarda. - Aý, kempir, señ sygryña saýawan satyn almagyñ gerek! - Ony başyma uraýynmy? - Şeýtseñ, süýdüñ suwy azrak bordy. * * * Teatrda. - Beýle içgysgynç teatrda tomaşaçylaryñ sygyrman durşuna geñ galýan. - Pallap otyrkalar, nädip sygyrsynlar. * * * Iki klasdaş öz ýoldaşlaryny ýatlaýar: - Ýogsa-da, Bekgi näme kär edýär? - Ol edebiýat tankytçysy bolup ýetişdi. - Bä... Aý, hawa-da, ol mekdepde okaýarka-da edebiýaty halanokdy. * * * - Men-ä motosikletimi satyp, gowuja taýhar edinäýsem diýýän. - Haý, senem-ä! - Hä! - Bir mellek iki eşege darlyk edäýmese... * * * - Säher bilen howlugyp nirä barýarsyñ? - diýip, biri nakysdan sorapdyr. - Gonamçylyga. - Beýle gyssanyp nätjekdiñ? Wagty gelende özümiz elinje äkidäýerdik-dä... * * * - Näme ädimiñi gaty giñ ädip ýöreýäñ? - Köwşümi tozdurmajak bolýan. * * * Bir ýaş aktýor öýüne gelip, özüne komediýada birinji roly berjekdiklerini aýdypdyr. - Men erkek kişiniñ ~ maşgalabaşynyñ roluny ýerine ýetirmeli! - diýip, ol begenjini daşyna çykarypdyr. - Zeleli ýok - diýip, kakasy oglyny köşeşdiripdir. - Haçan-da bolsa bir mahal saña gepläp oýnamaly rolam bererler. * * * - Siz towuk ferma bolanyñyz bäri ýumurtga alnyşy elli üç prosent kemelip gitdi... Günäñizi boýnuñyza alýañyzmy? - Ýok, ýoldaş derñewçi. - O näme üçin? - Sebäbi ýumurtgany men däl-de towuklar guzlaýar. * * * - Dost ýene-de öýlenipsiñ diýip eşitdim. Öýleneniñ-ä oñat welin, öñem-ä iki aýala aliment töleýäñ. Munyñam-a... Aý, näme. "Her iş bolsun, bähbit bolsun" diýipdirler. - Wah, bähbit-le, dost. Munym üç ýerden aliment alýan eken-ä! * * * - Itiñ ýarakmy? - Ýok, ýöne sessiz ýapyşaýýar. - "Mal eýesine çekmese şumluk" diýenleri-dä. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |