23:09 Derbi-dagyn: Meçik | |
II. Meçik Dogrusyny aýtsaň, Morozka halas eden ýigdekçesini ilki göreninden halamady. Morozka arassaja adamlary halamaýardy. Onuň durmuş tejribesinde olar bil baglap bolmaýan, durnuksyz, biderek adamlardy. Üstesine-de, ýaraly özünde merdanalyk gaýratynyň ýokdugyny ilkinji ädimlerinde görkezipdi. - Sarymaňyz... – diýip, ordinares özüni bilmän ýatan ýigdekçäni Rýabesiň öýündäki krowatyň üstünde ýatyranlarynda dişleriniň arasyndan syzdyryp, üstünden gülme bilen aýtdy. – Sähel bir sypjyryp geçipdir welin, çalam-çaş bolup ýatyr. Morozka has ýokuş görüljek bir zat diýmek isledi, ýöne welin diýäýmäge degerli zat tapmady. - Aý bir sümüklijedigi görnüp dur-la... – diýip, ol nägilelik bilen hüňürdedi. - Lakgyldap durmasana – diýip, Lewinson hyrsyzlyk bilen onuň sözüni böldi. – Baklanow!.. Gije bu ýigidi lazarete eltersiňiz. Ýaralynyň sargysyny täzelediler. Onuň penjeginiň gapdalky jübüsinden birnemejik pul bilen dokumentleri (oňa Pawel Meçik diýýärler eken), bir topar hat bilen bir gyzyň fotosuraty çykdy. On-ýigrimi sany çytyk, sakgal-murty syrylgysyz, güne-şemala gaýzygyp, gap-gara bolan adam elden-ele geçirip, töweregini sary buýra-buýra saçlar gallap duran, näzik, gyz ýüzüni synlady, soň surat ýene öňki ýerine öwrülip geldi. Ýaraly özüni bilmän ýatyrdy: onuň dodaklary gansyzlygyna gatap galypdy, odeýalyň üstüne uzan elleri bolsa gymyldysyzdy. Ýaraly özüniň dymyk, birhili gögümtil garaňky agşam näçe diýseň silkeleýän furgona salnyp, obadan alnyp çykylanyny bilmeýärdi. Ol diňe nosilkanyň üstünde özüne gelipdi. Özüniň endigan yrgyn atdyrylyp barylýanlygynyň ilkinji duýgusy depesinde ýyldyzly asmanyň süýşüp barýandygyny bulaşyk aňdyrýan duýgy bilen garjaşdy. Daş-töweregi hiç zat seljertmeýän, gözedürtme garaňkylyk gallap alýardy, hwoýa agaçlarydr çüýrän ýapraklaryň edil spirtde ýatan ýaly ysy burnuňa gelip urulýardy. Ol özüni şeýle ynjalykly, şeýle seresaply göterip gelýän adamlara bolan ses-üýnsüz minnetdarlygy duýdy. Olar bilen gepleşmek isläp, dodaklaryny gymyldadanam bolsa, hiç zat diýibilmän, ýene özünden gitdi. Ikinji gezek özüne gelende, eýýäm gündizlikdi. Gapak ýaly tegelek gün keder agaçlarynyň dumanlaşyp duran pudaklarynyň aňyrsynda ýitip gidýärdi. Meçik kölegede goýlan krowatda ýatyrdy. Sagda egnine keselhananyň çal ýektaýyny geýnen agajetli, uzynak bir erkek adam dim-dik bolup durdy. Çepde bolsa gür, kümüşsöw sary saçlary egniniň üstünden ýeňsesine atylan, parahat, mylakatly bir zenanyň keşbi krowatyň üstüne abanyp durdy. Meçigi ilkinji gurşap alan zat – bu aýalyň parahat keşbinden, onuň çalymtyl uly gözlerinden, gabarylyp duran saçlaryndan, garamtyl reňk, ýylyjak elinden gelip çykan nähilidir bir maksatsyz, emma deňi-taýy bolmadyk mähremligi, näzikligi öz içine alýan duýgudy. - Men nirede? – diýip, Meçik ýuwaşja sorady. Uzynak, dim-dik bolup duran erkek kişi niredendir ýokardan özüniň gataňsy aýaly, süňklek elini uzadyp, ýaralyň damarynyň urşuny barlady. - Oňat bor... – diýip, ol parahat aýtdy. – Warýa, sargyny täzelemek üçin gerek zatlaryň hemmesini taýýar edip hem Harçenko-da gygyryp goýberiň... – Şeýle diýip, ol biraz dymyp durdy-da, näme üçindir sözüniň üstüni ýetirdi. – Aý, indi ýüzüňiziň ugry-da. Meçik gabaklaryny yzaly galdyrdy-da, geplän adama seretdi. Ol adamyň owasyna giden, ýyldyraşyp duran sözleri, süýnmegräk, sary ýüzi bardy. Onuň biperwaý nazary ýarala dikilipdi. Ine, birdenkä onuň bir gözi gussaly gypyldy. Guran ýaralara büdür-südür hasany dykanlarynda uçursyz gaty agyrýardy, emma Meçik her gezek jana ýakymly zenan eliniň özüne seresaply galtaşyp-galtaşyp gidýändigini syzýandygy üçin gygyrmaýardy. - Ine, indi boldy – diýip, uzynak adam sargyny täzeläp bolansoň aýtdy. – Jaý degen ýeri üç ýerinden, kelläňden-ä ýöne bir sypjyryp geçipdir. Bir aýdan gutular, eger gutulmasa, meniň Staşinskiý bolmadygym. – Ol birneme ekezlendi, barmaklaryny çalasyn hereketlendirdi, ýöne gözleri welin henizem şol öňki gussaly ýyldyrdysy bilen garaýardy, sag gözi bolsa birboluşly gypylyp-gypylyp durdy. Meçigi ýuwundyrdylar. Ol tirsegine galyp, töweregine göz aýlady. Pürslerden ýasalan baragyn ýanynda nähilidir bir adamlar hysyrdaşýardylar, turbadan gögümtil tüssejik çykýardy, jaýyň üçeginden smola çykyp durdy. Ullakan gara çokjaly daşdeşen tokaýyň gyrasynda şol irginsizlik bilen jatdyldadyp, çokup otyrdy. Egni ýektaýly, sargylt sakgally bir ýuwaştap gojajyk hasajygyna direnip, töweregindäki zatlara mylakatly nazary bilen esewan edýärdi. Gojajygam, baragam, Meçigem smola ysy gelip duran taýga asudalygy gurşap alypdy. * * * Meçik birküç hepde mundan ozal, ädiginiň gonjy putýowkaly, jübüsi sapançaly şäherden çykyp gelýärkä, özüne nämäniň garaşýandygyny diýseň çala göz öňüne getirip bilýärdi. Ol haýsydyr bir şadyýan şäher heňjagazyny keýpli sykylyklan bolýardy. Onuň her bir damarjygynyň gany joşgunly urýardy. Ol göreşe hem herekete höwes edýärdi. Çulbalyklardaky adamlar (olar diňe gazetleriň üsti bilen tanyşdy) däri tüssesi siňen egin-eşikli, garadangaýtmaz batyrlar bolup, edil janly ýaly onuň gözüniň öňüne geldi. Onuň kellesi göz öňüne getirmelerden, bilesigelijilikden we towlam-towlam sary saçly gyz hakdaky surnukdyryjy-süýji ýatlamalardan ýaňa çişýärdi. Ol gyz, belki, henizem öňküsi ýaly ertirlerine köke bilen kofe içýändir, daşyna gök kagyz dolanan kitaplaryň daşyna gaýyş çekip, okuwa gidýändir... Edil Krylowka ýetiberende gyrymsy agaçlaryň arasyndan eli berdenkeli birnäçe adam zompa çykdy. - Kim borsuň? – diýip, matros papakly, eňegi çüri bir ýigit sorady. - Ol neme... şäherden iberildim... - Hany dokumentleriň? Ädigi çykaryp, putýowkany almaly boldy. - “...Sosialist... re-lýu-si-ner-ler-i-niň... Pri-morýe oblast komi-te-ti...” diýip, matros çendandan bir galganyň tikeni ýaly ýiti nazaryny Meçige aýlap goýberip, bogunlary heçjikläp okaýardy. Ol ahyry: - Şeý-le-e – diýip, düşnüksiz süýkdürip goýberdi. Birdenem matros çym-gyzyl bolup, Meçigiň penjesiniň ýakasyndan tutdy-da, ýigrenji sesini edip çygyrdy. - Sen nähili edip, ýezidiň biri... - Näme? Näme?.. – diýip, Meçik aljyraňňylyga düşdi. – Onda “maksimalistler” diýlipdir ahyryn... Okap görüň, ýoldaş! - Jübülerini döküň!.. Şondan birnäçe minut geçensoň urlan, ýaragsyzlandyrylan Meçik içinden geçip barýan gara gözli, torsuk derisinden tikilen, depesi çüri telpekli adamyň öňünde durdy. - Olar düşünip bilmediler – diýip, gaharly hamsygýan hem sakynýan Meçik aýdýardy. – Şol ýerde “maksimalistler” diýlip ýazylypdyr ahyryn... Şoňa üns bereweriň... - Hany, kagyzy bärik äber. Torsuk dersinden tikilen telpekli adam tiňkesini putýowka dikdi. Düýrlenen kagyz onuň nazary astynda göýä tütäberen ýaly boldy. Soňra ol adam nazaryny matrosa bakan aýlady-da, hyrsyzlyk bilen: - Akmagyň biri... – diýdi. Görmeýärmiň: “Maksimalistler”... - Hawa-la, şeýle-le! – diýip, Meçik begenip seslendi. – “Maksimalistlerden” diýip, men aýtdym ahyryn! Ol büs-bütin başga zat ahyryn... - Nähak ýenjen bolup çykýarys-da... – diýip, matros lapykeçlik bilen aýtdy. – Ajaýyp waka! Şol günüň özünde Meçik otrýadyň deňhukukly çleni boldy. Meçigiň daş-töweregindäki adamlar onuň hyýalbentlik bilen göz öňüne getirip ýören adamlaryna asla meňzemeýärdiler. Bular hapysarak, bitliräk, rehimsizräk, sadarak adamlardy. Olar biri-birileriniň okuny ogurlaýardylar, bolgusyz zatlar üstünde gyjynyşyp, paýyş-paýyş sögüşýärdiler, bir bölejik doňuz ýagnyň üstünde ganjaryşýardylar. Olar dürli-dürli deliller tapyp, Meçigiň üstünden gülýärdiler. Onuň şäher penjeginiň üstündenem, onuň dogry gepleýändiginiň, tüpeňiniň arassalap bilmeýändiginiňň, hatda naharyň ýany bilen çöregi bir gadakdan az iýýändiginiň üstündenem gülýärdiler. Ýöne welin, oňa derek bular kitap ýüzündäki adamlar däl-de, hakyky, janly adamlardy. Indi Meçik taýganyň bir asuda aýtymynda ýatan ýerinde ähli zatlary täzeden başyndan geçirdi. Onuň otrýada gaýdandaky gowy, sada, emmä päk ýürek duýgularyňa nebsi agyryp ugrady. Ol indi töweregindäkileriň edýän aladasyny, bildirýän söýgüsini, taýganyň irkildiriji dym-dyrslygyny aýratyn bir ynjak duýgurlyk bilen kabul edýärdi. Gospital iki çeşmäniň birigýän ýerinde ýerleşýärdi. Tokaýyň çetinde, daşdeşen tyk-tyk edip, gabyk çokýan ýerinde gyzaryşyp oturan manjur kerkawlary ygşyldaşýardylar, aşakda eňňidiň düýbünde bolsa kümüşsöw öwüsýän otlaryň içinden akýan çeşmeler irmän-arman şildirdeşýärdiler. Keselli we ýaraly kän däldi. Agyr ýaraly diňe iki adamdy: olaryň bir-ä garnyndan ýaralanan suçanly partizan Frolowdy, beýlekisem Meçikdi. Her gün ertirine bulary dymyk barakdan alyp çykanlarynda Meçigiň ýanyna Pika atly bir sary sakgal, ümsümje gojajyk gelýärdi. Ol gojajyk nähilidir bir diýseň köne, hemme kişi tarapyndan unudylan bir suraty ýada salýardy: ol mizemez asudalykda, moh basyp giden gadymy skitiň ýanynda, başy skufeýkaly nurana, asuda gojajyk kölüň merjen ýaly ýyldyrap duran gyrasynda balyk tutup oturýardy. Gojajygyň ýokarsyndaky asmanam, yssyda meýmireşip oturan ýolkalaram, içini gamyş basan kölem asudady. Parahatlyk, uky, asudalyk... Meçigiň kalbam şol ukynyň aşygy dälmikä? Pika gyzyl gwardiýaçy bolan ogly barada oba dýaçogy dek owazly ses bilen gürrüň berdi. - Hawa... Ol bir gezek meniň ýanyma geldi. Menem, elbetde, ol wagt bal arylary saklanylýan ýerde bolýardym. Aý, näme köp wagtlap görüşmämizden soň belli zat, ogşaşyp görüşdik. Ýöne men ony näme üçindir birhili aladalyrak gördüm... “Men-ä, kaka, Çita gitjek” diýdi. “O näme üçin beýle?..” “Şol ýerde, kaka, çehoslowaklar peýda bolupdyr” diýýär. Menem oňa: “Peýda bolsa bolupdyr-da çehoslowaklar, bolanda näme? Şu ýerde ýaşaber, bu ýeriniň ajaplygyny bir gör ahyry” diýdim. Dogrudanam, ol wagtlar meniň bal ary saklaýan ýerim hezillikdi, edil bir behişdiň bardy-da: berýoza agaçlary, näme diýsene, lipa agaçlary güle basyrylyp otyr, bal arylar güž-ž, güž edýär... Pika başyndan ýumşak gara telpejigini sypyryp aldy-da, ony töweregine begençli aýlady. - Ýeri, sen näme diýip, näme aýdarsyň?.. galmady! Şeýdip galmady-da, gidiberdi... Ine, indem bal ary gapyrjaklaram “kolçaklar” derbi-dagyn etdiler, oglumam ýok... Ine, saňa durmuş! Meçik onuň gürrüňlerini diňlemegi halaýardy. Gojanyň asuda, owazly gepleýşini onuň ýüregindäkini syzdyryp, elini hereketlendirişini gowy görýärdi. Ýöne welin Meçik “şepagatly sestranyň” gelmegini ondanam gowy görýärdi. Ol lazaretiň ýyrtyk-ýirigini çatyp, ýuwup-ardyp, ähli zadyna ýetip ýördi. Onuň adamlaryň näçe diýseň gadyryny bilýändigi aňylyp durdy, Meçigiň ugruna bolsa, ol aýratynam mähir alada bilen seredýärdi. Meçik ýuwaş-ýuwaşdan ganymatlaşyp, sestrany hyrydar gözleri bilen synlamaga başlady. Ol biraz bükürräkdi, ak ýüzlüdi, elleri bolsa aýala ýaraşjak elden has ulurakdy. Ýöne onuň ýörişem birhili iliňkä meňzeş däldi, sallamsyzdy, ätmer-sätmer edip barýardy, onuň sesem hemişe nämedir bir zady wada berýärdi. Ol gelip krowatyň bir gyrasynda oturaýdygy, Meçik eýýäm parahat ýatyp bilmezdi (ýöne ol muny buýra-buýra mele saçly gyzyň ýanynda ömür-ömür boýnuna almazdy). Bir gezek Pika: - Warka gezegen. Onuň äri Morozka şu ýerde, otrýadda welin, bu-da başgalar bilen... – diýdi. Meçik gojanyň göz gypma bilen görkezen ýerine bakan gözüni aýlady. Sestra bir aýtymjykda kir ýuwýardy, onuň ýanynda bolsa feldşer Harçenko gysmyljyrap durdy. Ol häli-şindi sestra bakan eglip, oňa nähilidir bir gülşükli zatlary aýdýardy, olam edip oturan işini garşa-garşa goýup, feldşere bir täsin dumanly garaýşy bilen nazar salýardy. “Gezegen” sözi Meçigiň içini byjykladyp ugrady. - O näme... beýdýäkä? – diýip, ol özüniň gozgalaň tapandygyny bildirmezlige çalşyp, Pikadan sorady. - Aý, kim bilýä onuň näme üçin beýle durumsyzlygyny. Ol asyl adamyň ýüzüne gelip, ýok diýibilenok, ana onsoň... Meçik sestrany ilki görende, onuň özünde galdyran täsirini ýatlady we onda birhili düşnüksiz ýokuş görüjilik duýgusy oýandy. Şol minutdan başlap Meçik oňa üns berip, esewan etmäge başlady. Dogrudanam, ol erkek adamlaryň ýanynda uçursyz köp “görünýärdi”, oňa, asyl, tekge berilmän, özüni sähelçe oňarýan bolsa besdi. Gospitalda-da şondan başga aýal ýokdy ahyryn. Bir gün ertir, sargy çalşyrylyşykdan soň, sestra Meçigiň krowatyny düzedişdirip, biraz saklandy. Şonda Meçik gyzaryp, oňa: - Meniň bilen birazajyk otursana... – diýdi. Sestra muňa şol kir ýuwan güni Harçenko seredişi ýaly edip, üns berme bilen esli wagt seredip durdy, soňra bolsa biraz geňirgenme bilen biygtyýar: - Görsene bujagazy... – diýdi. Ýöne welin, şeýle diýse-de, kowaty düzedişdirip bolansoň, onuň ýanynda oturdy. - Sen Harçenkony gowy görýärmiň? – diýip, Meçik sorady. Sestra soragy eşitmedi we çalymtyl uly gözleri bilen Meçigi özüne dartyp, edýän pikiri boýunça jogap berdi. - Özem şeýle ýaşajygam welin... – Birdenem Meçigiň beren sowaly onuň aňyna ýetdi. – Harçenkony?.. Aý näme, erbet adam däl. Siziň baryňyz bir galypdan çykan-da... Meçik ýassygyň aşagyndan daşyna gazet kagyzy oralan bir kiçiräjik daňyjygy çykardy. Reňki gidişip ugran fotosuratdan muňa bir tanyşja gyz ýüzi seredip durdy, ýöne welin ol ýüz häzir muňa, näme üçindir, öňküleri ýaly eziz görünmedi. Meçik her näçe boýnuna almak islemese-de, ol ýüz muňa birhili ýat hem ýasama alçaklyk bilen seredýärdi. Ýigidem özüniň bu gyz hakda ozallar näme üçin şeýle köp oýlanyp gezendigine sestra uzadanda, özüniň näme üçin beýdýändigini, asla bu etmişiniň gelşikli ýa-da gelşiksiz zatdygynam entek bilmeýärdi. Sestra ilkibada suraty golaýjykdan mazaly synlady, soňra elini aňyrrak çekip, birdenkä suraty elinden gaçyrdy-da, gygyryp, düşekden laňňa galdy we derrew yzyna gaňryldy. - Bäý, oňad-ow tula! – diýlip. Klýon agajynyň aňyrsyndan kimdir biriniň kinaýaly garyljyk sesi eşidildi. Meçik şol tarapa gözüniň gytagyny aýlap, papagynyň astyndan diýen etmezlik bilen çogup çykyp duran çypar saçly we üstünden gülmäge meýillenip duran, gök öwsüp duran gözli tsin bir tanyş ýüzi gördi. Ýöne ol mahallar bu tanyş ýüzüň gözleri başga zatlary aýdyp ýyldyraşýardy. - Ýeri, näme gorkduň? – diýip, garyljyk ses parahat dowam etdi. – Men ony saňa diýemok, surata diýýärin... Näçe heleý çalşyrdym welin, ýöne mende ýekejesiniň dagyňam patreti ýok-da. Belki, sen maňa gabady gelende bir patretini berersiň?.. Özüni dürsän warýa gülüp goýberdi. - Äý, ýüregimi ýardyň-la... – diýip, warýa owazly aýal sesine meňzeş bolmadyk ses bilen aýtdy. – Sen nireden gelip çykaýdyň, yşaratyň biri... – Soňra sestra Meçige ýüzlendi. – Bu Morozka, meň adamym. Bu hemişe hökman bir zat tapyp bilmelidir. - Bu ikimiz ozalam... birazrak tanyş-la... – diýip, ordinares “birazrak” sözüne kinaýaly äheň berip aýtdy. Meçik utançdyr kineden ýaňa aýdara söz atpman, edil ýepbiklenen ýaly bolup ýatyrdy. Warýa ýere gaçan suraty bireýýäm ýadyndan çykaryp, äri bilen gürrüň edip durka onuň üstünden barypdy. Meçigiň hatda suraty bir bärik alyň diýmäge-de ýüzi bolmady. Är-aýal taýga siňip gidenlerinden soň, aýagynyň yzasyndan ýaňa dişlerini gysyp, ýere ýepbeçlenen suraty onuň özi galdyryp, jyrym-jyrym edip ýyrtyşdyrdy. | |
|
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |