14:06 Derbi dagyn: Morozka | |
DERBI-DAGYN
Romanlar
(roman) I. Morozka Lewinson gyny ýemşeren ýapon gylyjyny şakyrdadyp, basgançakdan düşdi-de, howla çykdy. Meýdandan greçiha balynyň ysy gelýärdi. Iýul aýynyň güni dik depäňde, howurly gyzylymtyl-ak köpügiň içi bilen ýüzüp barýardy. Ordinares Morozka özüni halys bizar eden sesarkalary gamçysy bilen kowup, brezentiň üstünde süle guradýardy. - Şaldybanyň otrýadyna eltersiň – diýip, Lewinson oňa bir bukjany uzatdy. – Söze bilenem şeýdiý... aý, gel hiç zadam diýmesene, şuň içinde hemmesi ýazylandyr. Morozka nägilelik bilen ýüzüni sowup, gamçysyny oýnadyp başlady: onuň gidesi gelmeýärdi. Şunuň ýaly keýpsiz gidip-gelmeler, hiç kese derkary bolmadyk bukjalar ony diýseň irizipdi. Hemmesinden beterem bu ýerli bolmadyk Lewinsonyň gözleri halys ýürege düşüpdi. Onuň şol köl ýaly çuň, okara ýaly uly gözleri Morozkany ädigi-zady bilen özüne dartýardy we olar, megerem, bu ýigidiň hatda özüne-de görünmeýan ençeme zatlary görýärdi. Ordinares gözlerini kineli gyrpyp: “Žulik” diýip pikir etdi. - Sen näme dursuň? – diýip, Lewinson gaharlandy. - Be-e, ýoldaş komandir, bir ýere gitmeli bolsa ýöne Morozka bolaýýar. Hamala diýersiň, otrýadda edil menden başga adam ýok ýalydy... Morozka birneme resmiräk bolsun diýip bilgeşleýin: “Ýoldaş komandir” diýip başlapdy, ýogsam bolanlygynda hemişe ýöne familiýasyny tutaýýandyr-la.... - Belki, meniň özüm gitmelidirin, şeýlemi? – diýip, Lewinson içýakgyç sorady. - Näme üçin özüňiz gitmelimişiňiz? Sizsizem jemende gyt däl ahyryn... Lewinson höre-köşe bilen etdirip bolmajagyna gözi ýeten adamyň aýgytly hereketi bilen bukjany jübüsine sokdy. - Bar, hojalyk bölüminiň naçalnigine ýaragyny tabşyr – diýip, ol uçursyz ýaramaz täsirli arkaýynlyk bilen aýtdy. – Ana, onsoň halan ýeriňe gidiber. Maňa bozgaklar gerek däl... Derýa tarapdan öwüsýän mylaýym şemal Morozkanyň maňlaýyna dökülip duran buýra saçlaryny ykjadýardy. Ammaryň gapdalynda gymyldysyz oturan ýowşanyň içindäki gara çekirtgeler özleriniň irginsiz sesleri bilen tebit alýan howany ýaňlandyrdylar. - Hany, dur entäk – diýip, Morozka çytyklyk bilen dillendi. – Haty ber maňa. Morozka haty goltugyna dykansoň, Lewinsondan beter özüne şeýle diýip düşündirdi. - Maňa otrýady taşlap gitmek hiç bolmajak zat, tüpeňi tabşyrmaga-ha asla bolmaz – diýip, ol çaň basan papagyny ýeňsesine süýşürip goýberdi-de, birden keýpi göterilip, jaňkyldap duran sesi bilen sözüni soňlady. – sebäbi bu edip ýören zatlarymyzy seniň ajap gözleriň hatyrasy üçin edemzok, dostum Lewinson!.. Saňa şahtýorlarça gös-gönüsinden geläýeýin!.. - Ine, munyň bolýar – diýip, komandir gülüp goýberdi. – Başda gaýyşdyň durduň... Samsygyň biri!.. Morozka Lewinsonyň iliginden tutup, ony özüne bakan çekdi-de, misli ýaşyryn bir zat aýdýanyň pyşyrdysy bilen şeýle diýdi: - Wah, men lazarete, Warýahanyň ýanyna baryp gaýtmagy ýüregime düwüpdim welin, senem bukjaň bilen ara düşdüň duruberdiň. Ine, şuň ýaly ýagdaýda samsygyň barypýatany men däl-de, sen bolup çykýarsyň... Ol mawumtyl gözüni mekirlik bilen gypyp goýberip pyňkyrdy we onuň gülküsinden – hatda häzir ol öz aýaly dogrusynda gürleýän hem bolsa – köp ýyllaryň dowamynda endik bolup galan hapa sözleriň äheňjigi äňyldy. - Timoşa! – diýip, Lewinson eýwanjykda güne meýmiräp duran ýigdekçä gygyrdy. – Gel, şu sülä göz-gulak bol, Morozka bir ýere gidýär. Atýatagyň gapdalynda, düňderilip goýlan kir ýuwulýanyň üstünde oturan partladyjy Gonçarenko eýeriň bir ýerini tikip otyrdy. Ol güne ýanan, ýalaňaç kelleli we barha mor reňk alýan imeşik garamtyl sakgally adamdy. Sarymtyl ýüzüni eýeriň üstüne egip oturyşyna ol elini edil çarşagy işledilişi ýaly gerimli hereketlendirip, bizini gaýyşdan parsyldadýardy. - Sen näme ýene ýola rowana bolmakçymy? – diýip, partladyjy Morozkadan sorady. - Ed-dil özi, siziň partladyjylyk mertebäňiz!.. Ordinares dim-dik boldy-da, eliniň aýasyny uýat ýerine ýetirip, ças berdi. - Wolno – diýip, Gonçarenko geçirimlilik bilen aýtdy – Bizem seniň ýaly samsyk bolupdyk. Näme iş üçin iberýärler? - Aý, bir ugursyz zat üçinle, komandir bir aýagyňy ýazyp gel diýdi. Bolmasa seni bu ýerde maşgala absarmy-nädermi diýýär. - Äý, samsygyň biri... – diýip, partladyjy sapagyny dişläp hüňürdedi. – Suçan lakgysy. Morozka aty ýatagyndan çykardy. Ýallak gunan üşerilip, gulaklaryny keýertdi. Bu gunan çulumjady, tüýlekdi, gezerlidi. Onuň mawumtyl-goňras gözleriniň röwşenligem, pes boýlulygam, gowky aýaklylygam, mönsüremesem, mekirleigem, hilegärligem edil eýesiniňki ýalydy. - Mişka-a... hä-äk... Şeýtanyň biri... – diýip, Morozka çekini çekdirip durka gowy görme bilen hüňürdeýärdi. – Mişka... hä-äň... Janawar... - Eger haýysňyzyň akyllyrakdygyňyzy saldarlap görseň, onda, walla, sen Mişkany münmän, Mişka seni münmeli bolardy – diýip, partladyjy garaçyny bilen aýtdy. Morozka atyny gorgunyna sürüp, ölenligiň aňyrsyna aýlandy. Ot basyp giden obara ýol derýa gysylýardy. Derýanyň aňry ýüzünde üstüne günüň bolelin nury seçelenip duran greçiha hem bugdaý ekerançylygy ýaýlyp ýatyrdy. Sihote-Alin gerşiniň gök telpekleri bolsa ýyly dumanyň içinde seleňläp görünýärdi. Morozka-da kakasy ýaly şahtaçydy. Onuň atasy – öz hudaýyndanam, adamlardanam dilgir bolup ýören suçanly goja – daýhançylyk ederdi; emma Morozkanyň kakasy welin gara topragy kömre çalşypdy. Morozka №2 şahtanyň ýanyndaky garaňky barakda, garyljak sesli gudok ertriki smenany işe çagyryp durka eneden doglupdy. Şonda Morozkanyň kakasy: - Ogulmy?.. – diýip, magdan çykarylýan ýeriň wraçy hütdükden çykyp, onuň gyzynyň däl-de, hut oglunyň bolandygyny aýdanda gaýtalap sorapdy. - Diýmek, dördünji... – diýip, kakasy kaýyl bolujylyk bilen jemledi. – Durmuşyň hezildigini... Soňra ol kömür ýokuna garagäz bolan brezent penjegini egnine sokup, işe gitdi. Morozka on iki ýaşynda gudok bilen turmany, wagonjyklary itekläp gitmäni, gerekmejek, erbet paýyş sözleri aýtmany, arak içmäni öwrenipdi. Suçan magdan çykarylýan ýeriniň meýhanasam şahtasyndan az däldi. Şahtadan ýüz sajynlykda çöketlik gutaryp, çulbalyk başlanýardy. Şol ýerden, üstüni moh basyp giden, syrdam-syrdam ýolka agaçlary posýologa bakyşyp durdular. Çap-çal ümürli ertirlerine taýga dere sygyrlary gudogyň sesinden beter molaşjak bolşup azara galýardylar. Gerişleriň gök öwsüp duran gädiklerinde, dik ýapgytly geçitleriň üstünden aşyp, aňyrsyna ýetip bolmaýan relsleriň ugruny syryp, üsti kömür ýükli dekowilkalar gün sypdyrman Kangauz stansiýasyna bakan süýşüşip barýardylar. Gerişlerdäki mazuta bişen gara tigirçekler irginsiz dartgynlylykdan ýaňa endiräp, sypjak urganlary külterleýärdiler. Geçitleriň eteginde, ýakymly ysly howýa agaçlarynyň arasynda daşdan dikeldilen jaýlar birhili amanat ýaly bolşup otyrdylar, adamlaryň kim üçin işläp ýörendigi belli däldi, parowozlar dürli-dürli ses bilen sygyryşýardylar, elektorgöterijiler güwleşýärdiler. Durmuş, dogrudanam, gyzyklydy. Morozka bu durmuşda täze ýol agtaryp durmady, ozal ýörelip görlen köne ýodalar bilen eňiberdi. Wagty gelende setin köýnek hem aýnagonç hrom ädik satyn alnyp, baýramçylyklarda jülgedäki oba gezelenje gitmäni çykardy. Şol ýerde hem beýleki oglanlar bilen garmon çaldy, ýigitler bilen uruşdy, paýyş sözli aýdymlary aýtdy, oba gyzlaryny zaýalady. Gaýdyşyn şahtaly oglanlar ekerançylykdan garpyz diýermiň, togalajyk murom hyýary diýermiň ogurlaýardylar, okgunly akýan dag derýajygyna suwa düşýärdiler. Olaryň çasly, şadyýan sesleri taýgany ukudan açýardy, gaýanyň aňyrsyndan kiçelip-kiçelip ýetjek derejesine ýeten aý bulary gözügidijilik bilen synlaýardy, derýanyň üstünden ýylyjak gije çygy ýaýrap barýardy. Wagty gelende Morzokany dolakdyr tagtabitiniň ysy gelip duran agyr howaly polisiýa uçastogyna basdylar. Bu aprel iş taşlaýşynyň möwç urup, edil şahtadaky kör ýabylaryň gözýaşlary ýaly bulanyk ýerasty suwy şahta sütünlerden gije-gündiz syrygyp, hiç kimiň ony aýyrmaýan wagtlarynda bolupdy. Ony haýsydyr bir görkezen uly edermenligi üçin däl-de, lakgylygy üçin basypdylar. Gorkuzarys we iş taşlaman başyny başlaýjylary aýtdyrarys öýtdüler. Morozka spirt satyp ýören maýhin gaçakçylary bilen aňkap duran kamerada bile oturyp, olara paýyş sözlere ýugrulan uçursyz köp anekdotlary aýdyp berdi, emma iş taşlamaň başyny başlaýjylarbarada welin dilinem ýarmady. Wagty gelende fronta gidip, Morozka atly goşuna düşdi. Ol şol ýerde, beýleki atly goşundakylar ýaly, pyýada goşuna ýigrenç bilen garamany öwrendi, alty gezek ýaralandy, iki gezek kontuziýa boldy we goşunçylykdan şindi rewolýusiýadan öň bütinleý boşap gaýtdy. Öýe dolanyp gelip, ol birki hepdeläp pýançylyk etdi we №1 şahtada wagonetka sürüji bolup işleýän gezegen, önelgesiz birine öýlendi. Morozka eden zadynyň soňuny saýman edýärdi: ol durmuşam suçan ekerançylygyndaky togalajyk murom hyýary ýaly ýönekeý bir zatdyr öýdýärdi. Belki, onuň aýalynam ýanyna alyp, on sekizinji ýylda Sowetleri goramaga gaýtmagam şonuň üçindir. Her niçik bolsa-da, munuň üçin ýapylypdy: Sowetleri gorap saklamaga-ha başartmandy, täze häkimiýet bolsa bular ýaly oglanlary onçakly halap barmaýardy. Mişka nally toýnaklaryny gaharly şarkyldadýardy; oraýany reňk gögeýinler gunanyň gulaklarynyň üstünde irginsiz wyzzyldaşýardy, erbet-erbet çakyp, ösgün tüýleriniň arasynda çolaşyşyp ýördüler. Morozka Swiýaga söweş uçastogyna aralaşdy. Üsti ýap-aýyl öwsüp oturan hoz agaçly baýryň aňyrsynda Krylowka obasy gizlenip ýatyrdy; Şaldybanyň otrýadam şl ýerdedi. “Wyz-z-z, wyz-z-z...” edişip, irginsiz gögeýinler ses edýärdiler. Üýtgeşik bir gümpüldi eşidildi-de, baýryň aňyrsynda ýaňlanyp gitdi. Onuň yzyndan ýene bir şoň ýaly ses ýaňlandy, yzyndan ýene biri... Misli zynjyryndan boşan nähildiri bir ýyrtyjy tikenli gyrymsy agaçlary şatyrdadyp döwüp duran ýalydy. Morozka gunanyň jylawyny dartyp, çalaja eşidiler ýaly ses bilen: - Dur entek – diýdi. Tos-togalak Mişka ümzügini öňe atyp, gulak asyjylyk bilen sakga durdy. - Eşidýäňmi?.. Atýalar!.. – diýip, ordinares dikelip, aladalay hümürdedi – Atýalar!.. Şeýle dälmi?.. “Ta-ta-ta...” edip, baýryň aňyrsyndan pulomýot tatyrdysy berdenkeleriň gulagyňy gapyp barýan sesidir ýapon karabinleriniň iňňildisini basmarlap eşidildi. - Gyp basdyk!.. – diýip, Morozka tolgunma bilen gygyrdy. Morozkanyň ädiginiň burny endik boýunça eýýäm üzeňňä direlipdi, titräp-titräp gidýän barmaklar sapançaň gabynyň iligini ýazdyrýardy. Mişka bolsa endamyna şaplap degýän gyrymsy agaçlaryň arasy bilen eýýäm baýryň gerşine tutduryp barýardy. Morozka gerşe ýetmän gunany saklady we böküp ýere düşdi-de, jylawy eýeriň gaşyna atyp: - Dur şu ýerde – diýdi. Mişka bir yhlasly janawardy, ony daňmak zat etmegem gerek däldi. Morozka bagry bilen süýşüp, baýryň depesine çykdy. Sag tarapda papaklarynyň etegi sargylt-ýaşyl reňkli birmeňzeş adamjyklar edil paraddaky ýaly diýseň düzgünli hatar bilen Krylowkanyň duşundan ötüp ylgaşyp barýardylar. Çep tarapda bolsa tutda-baslyga düşen adamlar başly-barat toparlanyşyp, çog gyzyl bolup başlap oturan arpalygyň içi bilen yza çekilip barýardylar, ylgap baryşlaryna-da yzlaryna wörülişip atýardylar. Gahary depesine çykan Şaldyba (Morozka ony gara atydyr torsuk derisinden tikilen zömmek telpeginden tanady) bütin töweregine gamçysyny bulaýardy we adamlary saklap bilmeýärdi. Käbirleriniň assyrynlyk bilen gyzyl bantlaryny sypyryp aýyrýandygy görnüp durdy. - Haramzadalaryň bolşuna bir seretsene, bir seretsene bulaň edýän zatlaryna... – diýip, atyşyk zerarly barha göhi göterilýän Morozka hümürdedi. Uly dowla düşen adamlaryň yzky topary bilen kellesine ýaglyk saralan, egni gysby şäher penjekli, hortaň bir ýigdekçe tüpeňini gözgyny süýrekläp, agsaklap gaçyp barýardy. Ýanyndakylaram ony taşlap gitmejek bolup, bilgeşleýin şoňa aýakdaşrak ylgaýan bolara çemelidiler. Bu topar gitdigiçe selçeňlenip, kellesi ak sargyly ýigdekçe-de ýykyldy. Ýöne welin ol ölmändi. Ol ýerinden galjak bolup, süýşjek bolup telim gezek synandy, elini uzadyp, gulaga ilmeýän nämedir bir zatlary gygyrdy. Adamlar ony galdyryp we yzlaryna-da gaňrylman ylgawlaryny gataltdylar. - Deýýuslaryň edýän zatlaryny bir görsene! – diýip, Morozka derçiräp duran karabinini barmaklary bilen gaharly gysyp, ýene gaýtalady. - Mişka, gel bärik! – diýip, ol birden özüne mahsus bolmadyk sesi bilen gygyrdy. Endamy sypjyrylyp, gany jyzraşyp duran gunan burnunyň deşiklerini çişirip, pessaýja kişňeme bilen derrew depäň üstüne çykdy. Birnäçe sekunt geçenden soň Morozka edil guş ýaly gerlip, arpalyk meýdanyň içi bilen gaýdyrylyp barýardy. Onuň kellesiniň üstünden gyzgyn gurşun gülleler gazaply juwlaşyp ötüp gidýärdiler, gunanyň sagrysy aşak eňlip barýan ýalydy, at toýnaklarynyň astyna düşýän arpalar bolsa gyjyrdaýardylar. Morozka jylawy bir tarapa oklap, bir aýagynyň debisgisi bilen gaharly debsäp goýberdi-de: - Ýat!.. – diýip gygyrdy. Mişka okuň astynda ýatmak islemän, kellesiniň ak sargysy gara gana boýalan hem düňderilip, iňläp ýatan ýaralynyň töwereginde, dört aýagyň üstünde, diriň-diriň bökýärdi. - Ýat... – diýip, Morozka gunanyň jylawyny silkip goýberip azgyryldy. Mişka dartgynlyk zerarly sandyrap duran aýaklaryny epip, özüni ýere goýberdi. - Agyrýa, waý, agyrýa!.. – diýip, ordinares eýeriň üstüne keselgine atanda ýaraly iňledi. Ýigidiň ýüzüniň reňk-peti ýokdy, ýöne welin gan çyrşalanam bolsa, sakgal-murtsuzdy, päkizejedi. - Goý sesiňi, iňlewügiň biri!.. – diýip, Morozka pyşyrdady. Şondan birnäçe minut ötensoň, Morozka jylawy taşlap we ýaralyny iki eli bilen tutup, baýryň töweregi bilen Lewinsonyň otrýadynyň duran obajygyna bakan gunany çapdyryp barýardy. Dowamy bar >> | |
|
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |