16:57 Dile geldi... | |
DILE GELDI...
Sözler
Ýazyjynyñ eseri öz ýürek heñiñe mahsus bolmasa, onuñ şol eseri ýürekden ýazmadygydyr. * * * Bitirip bolmaýan işe garrylaryñ-a güýji ýetenok, ýaşlaryñam akyly. * * * Boş ýañramanyñ, täsirli gürlemäniñ ikisiniñem alýan wagty bir bolsa-da, berýän peýdasy başga. * * * Haýsydyr bir şahyryñ goşgularyny joşgun bilen ýatdan aýdyp berip, şahyryñ özünden has abraýly bolýanlara-da gabat gelinýär. * * * Hakykata gözüñ ýetip durka, hakykatdan daş durmak - Hudaýdan daş durmakdyr. * * * Halys gülmäge ýer tapmasañ, il gülende bir gül, belki, ömrüñ uzalyp, ahyry özüñe-de gülmäge bir bahana tapylar. Amanmyrat KAKABAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |