11:25 Dilegçiniñ şapbady | |
DILEGÇINIÑ ŞAPBADY
Degişmeler
Baýyñ biri ýeñsesi gelşikli adamlaryñ ýeñsesine urmagy gowy görýän eken. Bir gün ol bazarda aýlanyp ýörkä, ýeñsesi owadan bir adama gözi düşüpdir, ýöne ol gören adamy daýaw bolansoñ, baryp urmaga-da çekinipdir. Şonuñ üçin ol geçip barýan bir dilegçä: - Şu adamyñ ýeñsesine bir şapbat ursañ sana bir altyn berjek - diýýär. Elbetde, gedaý dilegçi bu teklibi höwes bilen kabul edipdir we baragetdin ol adamyñ ýeñsesine şapbat çalýar. Adam näme bolduka diýip ýalt yzyna öwrülýär. Dilegçi: - Aýyplaşma, agam. Men seni öz Ahmet agama meñzetdim - diýipdir. Bu ýagdaý baýyñ göwnüne ýarapdyr. Ol dilegçiñ bir altyn teññesini berip: - Ýene bir şapbat ursañ iki altyn berjek - diýýär. Dilegçi baryp ýene urýar. Adam näme bolýandygyny soramanka-da: - Agam, aýyplaşma. Men seni pylan kişä meñzetdim, ýalñyşlyk bilen bolan zat - diýýär. Bu ýagdaýa göhi göterilen baý dilegçä üçünji şapbadyny çalmagy üçin bu gezek bäş altyn teññe teklip edýär. Dilegçi alaçsyz kabul edýär. Üçünji şapbady iýen adam yzyna öwrülip: - Äl-aýt durar ýerde durmadyñ-aý, bu gezek kime meñzetdiñ? - diýipdir. Dilegçi biraz utanyp, birazam boýnuny burup jogap beripdir: - Agam, sende bu ýeñse, bul adamda bu altyn teññeler, mende-de bu garyplyk bolsa, men seniñ ýeñsäñe entek kän-kän şapbatlary gonduraryn! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |