19:08 Dinler adamzat üçin peýdalymy, zyýanly? | |
DINLER ADAMZAT ÜÇIN PEÝDALYMY, ZYÝANLY?
Şeýle diýilýär: "Adamzat taryhynyñ dürli döwürlerinde bolup geçen ähli uly uruşlar dinler sebäpli boldy, dinler adamlaryñ arasynda uruş döredýär, adamlaryñ ynanýanlara we ynanmaýanlara bölünmegine sebäp bolýar, ynanç üçin adamlar biri-birini öldürýär." Muña seretjek bolsañ, diýmek, dinler adamlaryñ ölmegine sebäp bolýar, dini uruşlar turýar, onda bu dinleriñ nämä geregi bar diýilýär? Dinler şu nukdaýnazardan seredende adamzat üçin zyýanlymy? Şundan hereket edip, adamzadyñ taryhynda uruşa sebäp bolýan zadyñ nämelerdigini seljermek, adamlaryñ näme üçin gan dökýändigini, nämüçin betbagt bolýandygyny we ýer ýüzünde ne hasratlara uçraýandygyny düşünjek bolmaga çytraşmak gowy zat, emma muny diniñ üstüne ýöñkemek ýalñyş, kemçilikli seljerme. Dinleriñ, has dogrusy toslanyp tapylan dinleriñ - halk üçin tirýekden tapawudy ýok dinleriñ adamlary neneñsi dertlere goýýandygy, aldaýandygy, jypdyrýandygy, gözbagçylyk edýändigi dogry. Ýöne wyždan diýlen, adamzadyñ wyždanyndan syzylyp çykan we ýer ýüzündäki adamzady şu günlere getiren gymmatlyklary gorap, adamzadyñ dowamatyny üpjün eden dinler bar. Şonuñ üçinem çäç bilen samany biri-birine garmazlyk, umumy gürrüñlerden daşda durmak lazym. Bir wakany, bir kişini ýa-da diñe bir gatlagy uçdantutma umumylaşdyryp, hemmesini bir halta gapgarmazlyk lazym. Ilki bilen şu sowalyñ jogabyny tapmaga synanşalyñ: adamlar näme üçin hasrat çekýärler? Adamlar nämüçin öldürilýärler? Adaty ölümlerden daşgaryn, ýagny keselçiliklerden, garramakdan we ş.m-ler sebäpli adamlar ahyrynda ölýär. Bu barada aýdamok. Bimahal ölümler, hüjümler, teraktlar, uruşlar we bular sebäpli gynançdyr hasrata sebäp bolýan zatlar nämüçin bolýar? Käbirleri ýurtlarynyñ garaşsyzlyk ugrunda göreşýändigini öñe sürýär we şonuñ üçin ölýändigini, ölýändigini aýdýar. Käbirleri "ýer ýüzünde zulum bar, basyş bar, diýdimzorluk bar, adamlar horlanýar, adamyñ mertebesi, ar-namysy depgilenýär, işçiler eksplutatirlenýär" diýip, adamkärçilikli göreş alyp barýandygyny we munuñ üçin ölýändiklerini, öldürýändiklerini aýdýarlar. Käbirleri ýer ýüzünde Hudaýa ynanýanlaryñ we ynanmaýanlaryñ, hak bilen batylyñ, töwhid bilen şirkiñ tutluşygynyñ bardygyny, munuñ üçin ölüp, munuñ üçin öldürýändiklerini aýdýar. Käbirleri-de ýer ýüzüne demokratiýa, adam hukuklary, döwrebaplyk, modernizasiýa getirjek diýip, yzagalak ýurtlary ösdürmek üçin, adam hukuklaryny we demokratiýany ösdürmek üçin uruşýandygyny, munuñ üçin bir million adamyñ wepat bolandygyny aýdýarlar. A hakykatda adamzat yzasy hökmünde adama hasrat çekdirýän zat näme? Adamlaryñ gynanjyna näme sebäp bolýar? Dinlermi, döwletlermi, ýurtlarmy, uluslarmy, hökümdarlary, diýdomzorlarmy, pulmy, baýlykly, mal-mülkmi, aýalmy, erkekmi, näme? Näme sebäpli adamlar biri-birlerine hasrat çekdirýärler? Ilki bilen şuny aýdalyñ: Dinler diýeniñizre muña jogap berdigiñiz bolmaýar. Dinler adamzada hasrat çekdirýär ýa-da dinler adamzada bagtyýarlyk getirýär diýlen wagtam jogap berdigiñiz däl. Ýer ýüzünde döwletler bar we aslynda şu döwletler sebäpli uruşlar çykýar. Urşy turuzýan döwletler, basybalyjylygy gurnaýan döwletler, eksplutatirleýän döwletler, diýdimzorluk, sütemkärlik, tiranlyk gurýan döwletler, dinleri-de ulanýan döwletler... Diýmek, dinler däl-de, esasy günäkär döwletler bolup çykýar. Ýok, bu jogabam doly däl, din diýilýän zat ýa-da döwlet diýilýän zat düşünjewi adalgalardyr, anyk däldir. Anyk bir zat görkezmek lazym. Şu adam, şu kişi, şu jemgyýet, ýöreýän, gepleýän etli-ganly, janly bir zat bolmagy gerek. (dowamy bar).. Rejep IHSAN ELIAÇYK. © Adil Medya | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |