16:05 Pygamberimiz hakda dogrudyr öýdülýän 10 ýalñyşyñ onunjysy | |
PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ ONUNJYSY
Edebi makalalar
Onunjusy - Pygamberimiz (s.a.w) yzynda kimdir birini oruntutar edip goýmandyr. Ne Alyny, ne Ebu Bekiri, ne-de başga bir sahabany oruntutar, ýagny, öz ýerine geçjek biri hökmünde taýynlamandyr. Oruntutar-mirasdüşer, mal-mülk, miras goýmandyr, diñe Allanyñ kitabyny goýupdyr, başga hiç zat goýman gidipdir we muny bile-bile şeýdipdir. Başga hili bolan bolsa, işiñ içinden çykmak kyn bolardy. Pygamberimiziñ (s.a.w) durmuşynda iñ soñky epizod şu: "Pygamberimiz kagyz-galam isleýär". Şaýylar diýýär: "On iki ymamy ýazmakçydy, Omar getirtmän, böwet boldy". Sünniler diýýär: "Dört Çaryýarlary ýazjakdy". Kadiriler diýýär: "Kadiri tarikatynyñ silsilesini ýazjakdy". Hemmeler özi hakda aýdyljagyny, ýöne muña iñ soñky minutda Omaryñ ýa-da şol ýerdäki biriniñ päsgel berendigini öñe sürýär. "Pygamber öljek wagty kagyz-galam getirilmegini isledi, oña näme ýazjak boldy". Jedel şu. Hemmeleriñ umumy ylalaşyga gelýän bir rowaýaty bar, oña siñe syn edilse, jedeliñ soñuna nokat goýsa bor. Şeýle diýýärler: Pygamber aradan çykmazdan 15 gün öñ başy ýassyga ýetende, ölmegine az galanda, Äşäni ýanyna çagyrsa-da, kagyz-galam soramady. Şeýle diýdi: "Ýedi dirhem bolmalydy. Hany şol?" Ýedi dirhem. Äşe oña" "Bar" diýdi. Pygamber ony şobada mätäç birine bermegi buýurdy. Äşe (r.a): "Bolýar, ýa Resulalla, özüñ agyr halda ýatyrsyñ, azar edinme, biziñ özümiz bereris" diýdi. Pygamber (s.a.w): "Ýok, dek şumadyñ özünde, edil häzir bereniñizi bilesim gelýär" diýdi. Äşe hem gidip, şol ýedi dirhemi bir garyba berdi we gelip pygambere muny aýtdy. Pygamberiñ (s.a.w) iñ soñky sözi şu boldy: "Ýedi dirhemem bolsa, üstümde haýsydyr bir mülkiýet, menden soñka galjak miras duran ýagdaýynda Rebbimiñ huzuryna çykmaga ejap edýärin" diýdi we aýdyşy ýaly edibem bakyýete göç eýledi. Pygamberimiziñ (s.a.) iñ soñky minutlary şeýle geçdi. Yzynda haýsydyr bir halyf, mirasdüşer nesil, hanedan goýup gitmedi. Onuñ soñky sözleri ýokardaky ýalydyr we şony aýtmak bilen bize birgiden zatlary yşarat edýär. Muhammet Hamdullahyñ "Yslam pygamberi" atly kitabynyñ ýogalma we depin işleri bölüminde ýokardaky aýdanlarymy jikme-jik okap bilersiñiz. Şol aýdylanlar Kuranyñ ruhuna utgaşyklydyr, yslamyñ yşaratyna hiç bir babatda ters tarapy ýokdur. Emma käbir rowaýatlarda geçýän "basyp aldy, asdy, öldürdi, dokuz ýaşly gyzjagaza öýlendi..." diýen ýaly Kuranyñ aýatlaryna, yslamyñ baş ýörelgelerine ters gelýän zatlary tankyt etmekden çekinmeli däldiris... Sowal: Yslamda gyrnak saklamak we köp aýallylyk barmy? Jogap: Yslamda gyrnak saklamak ýokdur. Gyrnak - ýesir düşen gul aýal diýmekdir. Gadymy döwürlerde ýesir düşen aýal-gyzlary gul edipdirler, biriniñ ýanyna berlip gyrnak edipdirler, erkekleri-de gul edipdirler. Şeýle ýagdaý Wizantiýada, Sasanylarda däp bolupdyr. Hatda "gulluk we gyrnaklyk uruşlaryñ tebigy netijesidi". Adamlar uruşda ýeñilse, birem bergisini üzüp bilmese "özleriniñ gul, aýal-gyzlarynyñam gyrnak bolmagyna razy bolmaly" bolýardylar. Söweş meýdanynda biri beýlekisini ýeñse, ýa öldürerdi, ýa-da erkekleri gul, aýal-gyzlary gyrnak ederdi. Bu gadym döwürlerden bäri amal edilip gelinýän we bütin dünýä tarapyndan kabul edilen sistemady. "Beled" süresiniñ 13-nji aýaty (Fekku rakabe) bilen yslam gulçulygy ýatyrdy. Emma teoriýada ýatyrdy, adamlaryñ heniz-henizler muña amal etmegi gerekdi. "Fekku rakabe" - "boýunturyk astyndakylaryñ boýunturyklary üzülsin" diýmekdir. Bu aýat Mekgede yslamyñ ýañy ikinji ýylda gelen aýatdyr, ilkinji gelen wahyýlardandyr. Ine, yslamyýet şeýdip başlady. Mekgede täze pygamberiñ dörändigi, onuñ adamzada täze din getirendigi şol günki dünýä jemgyýetçiligine, ynha, şu gullara azatlyk aýaty bilen eşitdirilipdir, ýogsa hiç kimiñ ünsüni çekjek däldi. Şol döwür aýratynam jöhitleriñ arasynda "men pygamber" diýip orta çykan ýokdy. Emma pygamber (s.a.w) "gullar azatlyga çykarylmaly!" diýdi. Hojaýynlyk-gulluk aradan aýrylmalydyr! Baý bilen garybyñ arasyndaky uçurym ýok edilmelidir! Pygamber Mekgäniñ belli-belli baýlaryny, ýer eýelerini tankyt etmäge başlady welin, ünsi çekdi. "Seretseñizläñ, bu adam düýbünden tersine gürleýär!" diýildi. Kurany-Kerimiñ iniş tertibine görä "Galam" süresi ikinji süredir. "Galam" süresinde gürrüñ berilen birinji kyssa bolsa "Ashabul-jenneh" ("Bag eýeleri") kyssasydyr. Muny "Bag eýeleri" diýip terjime etseñ, doly manysyny berenok, "ýer eýeleri" diýsek jüpüne düşýär. Ýagny Kuranyñ gürrüñ beren birinji kyssasy ýer eýeleri hakdaky kyssadyr, ol ýer eýeçiligini soñlandyrmak üçin gelipdi. Ýerlerde işledilýän gullar bardy, gyrnaklar bardy, ol bulary azatlyga çykarmak üçin gelipdi. Görseñizläñ, pygamberimiz (s.a.w) aradan çykdy welin, adamlar bu gezek özleri gul edinmäge, gyrnak saklamaga, aýatlary-da şoña görä teswirlemäge başladylar. Dört aýal alsañ bolýarmyş, munuñam üstesine dört aýal az bolýan ýaly, gyrnak saklamagam bolýarmyş. Kurany-Kerimdäki şol aýaty ("Meariç" süresiniñ 30-njy aýaty) şeýle terjime edýärler: "Ezvâjihim ew mâ meleket eýmânuhum ("Olar aýallarydyr gyrnaklary sebäpli gynalmazlar"). Aýallary diýende dörde çenli, gyrnak diýende çäklendirilmedik sanda gyrnak alybermelimiş. Bularyñ arasynda näme tapawut bar? Aýalyñ hak-hukugy bar, mirasdan paýy bar, ikitaraplaýyn borçlary bar. Emma gyrnak emläk mysaly: mal-mülkde hukugy ýok, oña mirasdan paý ýok, erk-ygtyýary ýok, seniñ "malyñ" ýagny. Gyrmak - el telefony mysaly bir zat. Geçmişde yslamda şular ýaly gyrnak hukugyny döredipdirler. Gardaşym, Kuran bu işi gadagan edipdir, ýatyrypdyr. Sen nämücin Wizantiýanyñ we Sasanylaryñ däbini ýumwarlap bular ýaly gyrnaklyk hukugyny işläp düzýärsiñ?! Bular ýaly zat ýok. Yslamda dört aýala çenli aýal alybermeli diýen zadam ýok. Ol aýatyñam şeýleräk manysy bar: "Ezwâjihim ew mâ meleket eýmânuhum ("Olar ýoldaşlary, ýagny eýelik edýän zatlary sebäpli gynalmazlar"). Sözlemiñ arasyndaky "ew" sözi "ýagny" manysyny berýär. "Meleket eymânuhum" şol wagt eýelik edýänleri diýmekdir. "Eýmân" sözi Kuranda "sag eliñ eýelik edýäni" diýmek däl, "ylalaşyk" manysyndadyr. Ýagny, ylalaşyk esasynda bir ýere gelip, açyk ýagdaýda nikalaşyp, adamlara mälim eden gatnaşyklary sebäpli gynalmajygyny aýdýar. Kuran aýallaryñyzy dörde, üçe, ikä düşürip öýleniñ, ýekesi siziñ üçin iñ haýyrlysydyr diýýär. Pygamberimizem (s.a.w) 59 ýaşyndan 63 ýaşyna çenli dört ýyllap (özi üçin) öýlenme işini togtadypdyr. Çünki "Ahzab" süresiniñ 52-nji aýatynyñ "Lâ yahıllu leke nisâu min ba’d" ("Mundan beýläk aýallar saña halal däldir") duýduryşyndan soñ aýal almandyr. Pygamberimiziñ aýallary bolan, gyrnagy bolmandyr, ol kimiñ bilen ýakyn gatnaşyga giren bolsa nikalaşyp, soñ giren. Gyrnak diýilýän Mariýa (Merýem) bilen nikasy bar, Kurany-Kerim olara "Eý, Pygamberiñ aýallary!" diýip ýüzlenýär. Kuranyñ "Ehli-beýt" diýýäni-de pygamberiñ aýallary we aýallaryndan ybarat maşgalasydyr. Pygamberimiz arap medeniýetinde kemala gelen adam, şoñ üçinem ol Kurandaky aýatlar inýänçä köp aýal alypdyr, beýleki sahabalaram alypdyr, hemmesinde şeýle. Emma Kurany-Kerim bu işiñ soñuna nokat goýan. Serediñ, näme diýilýär: "Lâ yahıllu leken nisâu min ba’d" ("Mundan beýläk aýallar saña halal däldir. Dörde, üçe düşüriñ, biri siziñ üçin iñ dogrusydyr, "min ba’d" mundan soñ şeýle bolar"). Hökümler yza hereket etmeýär, öñe hereket edýär. Şuña seredip aýdar bolsak, yslam jemgyýetinde elli ýylyñ dowamynda ýeke aýallylyga geçilmelidi. Elli ýylyñ dowamynda baý-garyp deñsizligi iñ pes derejä düşürilmelidi. Ýer eýeleri, olaryñ ýerlerinde işleýän batraklar bolmaly däldi. On ýylyñ dowamynda atadan ogla däl-de, geñeşe, şura (sowete), saýlawlara, ylalaşyga esaslanýan sistemanyñ gurulmagy gerekdi. "Olaryñ işleri aralarynda şura arkalydyr" aýaty şuny talap edýärdi. Uçgun başlapdy, bir akylly-başly adamyñ çykyp Hezreti Omaryñ (r.a) ýedi maddalyk "Şura düzgünnamasyna" goşmaça maddalary goşup kämilleşdirmelidi: metjitde orta sandyk getirilip, saýlaw geçirilmegi ýarpy galypdy. Hezreti Aly (r.a) hem şehit edilensoñ, Mugawyýa gylyjyny syryp geldi: "Wizantiýa we Sasany imperiýalarynda bolşy ýaly, sizem maña boýun sunarsyñyz, soñra hem oglum Ýezide boýun sunarsyñyz, boýun egmejegiñem kellesini alaryn" diýdi, jümle ulamany agzyna bakdyrdy. Soltanlyk şeýdip başlady. 91 ýyl emewiler, yzyndan 550 ýyl abbasylar, 600 ýyl osmanlylar, ine, şeýdip geçdi durdy, demokratiýa ösmedi-özgermedi. Kerbeladan soñ-a, bu işiñ tepbedini okadylar diýsegem bolýar - yslamyýeti doglan ýerine gömdüler. Rejep IHSAN ELIAÇYK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |