19:29 Pygamberimiz hakda dogrudyr öýdülýän 10 ýalñyşyñ dördünjisi | |
PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ DÖRDÜNJISI
Taryhy makalalar
Dördünji ýene bir gödek ýalñyşlyk - 960 sany jöhidiñ damagyny çalandygy baradaky maglumat... "Beni Kureýza jöhitlerini Medinäniñ içinde çukurlar gazyp, Hezreti Aly (r.a) bilen bile jokrama yssy howaly günleriñ birinde öldürmäge başlanmyş, günortanyñ yssysynda "Ýa Aly, biraz dem alaly, howa-da yssy, ikindiniñ salkyny düşsün" diýenmiş. Ikindiniñ salkynynda Hezreti Aly eline Zülpükaryny alyp, 960 jöhidi kese-kese çukurlary dolduranmyş." Muña men ýeke sözem goşamok, yslam taryhy kitaplarynda ýokardaky bolşy ýaly ýazylan. Bu maglumat ilkinji gezek nirede geçýär? Pygamberimiz (s.a.w) aradan çykansoñ, ýüzem däl, ýüz kyrk ýyl geçýär, Ibn Ishak atly bir siýerçi bar. Bu rowaýat birinji gezek şonuñ kitabynda geçýär. Şondan ähli beýleki kitaplara aralaşýar. Häzir haýsy siýer kitabyna seretseñ, şu maglumaty ýazýar. Öñ ymam bolup, soñ ateist bolan alym Turan Dursun hem şuny agzaýar, ol şuny okap "bular ýalam bir pygamber bormy" diýip dinden çykandygyny aýdýar. Akyly-huşy ýerinde kim bolanda-da, muny eşdensoñ, dinde galar öýdemok. Heý, pygamberem şeýle zat edermi, durşuna çypdyrma! Ýeri, hakykatda waka nähili bolup geçdikä? Miladynyñ 70-nji ýylynda wizantiýalylar Ierusalimi basyp alýar. Şol wagt Ierusalimde Zelod gozgalañy turýar. Zelodlar - jöhit watansöýüjileri, ýagny, "Palestinany söýýänler" manysyny berýär. Bularyñ turzan gozgalañy wizantiýalylar tarapyndan basylyp ýatyrylýar. Öldürilen adamlaryñ sany-da şol bir san 960 (ýa-da 600) zelod öldürilýär. Bu pajygaly waka ýewreý taryhynda ajy ýatlama bolup galypdyr. Jöhit hakydasy muny ýüzlerçe ýyl bäri ýatdan çykaranok. Soñ pygamber Medinä gelende puldarlar, ýer eýeleri öñki hezilliklerini ellerinden giderip, munuñ awusyna çydap bilmän: "Biz bu adamy diriliginde ýeñib-ä bilemdik, emma, taryhda, adamlaryñ añynda ony öldüreris" diýýärler. Şolaryñ nesilleri aradan 140 ýyl geçensoñ bu wakany özleri bilen köp gatnaşan biri Ibn Ishaga gürrüñ berýärler, olam alaga-da taryh kitabyna ýazýar. Şeýdibem bu gandöküşlik hamana pygamberimiz eden ýaly, taryh kitaplaryna aralaşýar. Ine, wakanyñ asly şundan ybarat. Rejep IHSAN ELIAÇYK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |