Diş etiniñ şikes tapmagy, esasan, paradontit keselinde duş gelýär. Alymlaryñ maglumatlaryna görä, Ýer togalagyndaky uly ýaşly adamlaryñ we çagalaryñ aglabasynda onuñ haýsy hem bolsa bir alamaty bar. Parodontit dişi gurşap alýan we ony äñ süñküne berkidýän dokumanyñ (parodontyñ) keselidir.
Diş etiniñ gowşamagy, gyzarmagy, çişmegi we ganamagy keseliñ ilkinji alamatlarydyr. Soñabaka ol ýerde gijilewük we agyry peýda bolýar. Eger-de kesel wagtynda bejerilmese, onda hadysa dişib köküne we äñ süñküne geçýär.
Bu keseliñ esasy sebäbi mikrobdyr. Dişiñ ýüzünde emele gelýän ýelim görnüşli gaty kesmegiñ içi milroblardan doludyr. Olaryb sany aýratyn-da nahardan soñ artýar. Şonuñ üçin nahardan soñ dişler arassalanmasa, olar köpelýärler we zäherli jisim bolup çykýarlar. Keseliñ döremegine dişleriñ öz ýagdaýy, nädogry iýmitlenmek hem täsir edýär.
Keseliñ alamatlary dörän badyna diş lukmanlaryna ýüz tutuñ.
Bu meselede arassaçylyk düzgünleriniñ berjaý edilmegi uly ähmiýete eýedir. Her gün azyndan 2 gezek dişiñizi arassalañ. Wagtal-wagtal dişiñizi arassalamazdan öñ, agzyñyzy nahar sodasynyñ ergini bilen (1 bulgur suwa 1 çaý çemçe soda goşmaly) çaýkañ.
Dişiñizi arassalanyñyzda, düzüminde triklozan, hlorgeksidin we ftor bolan diş pastalaryny ulanmak maslahat berilýär. Olaryñ mikroblara garşy täsiriniñ möhleti uludyr.
Başga ýagdaý bolmasa, dişiñizi azyndan 1ㅡ2 bulgur suw bilen arasslañ ýa-da düzüminde gant bolmadyk sakgyç (''Dirol'', ''Orbit'') çeýnäñ. Mümkin boldugyça, gandy az iýiñ, nahar aralygynda gazlandyrylan süýjüli içgileri içmejek boluñ.
Iýmitiñize süýt önümlerini, balygy we kalsiý hem-de fosfor elementlerine baý bolan önümleri köpräk goşuñ. Dişiñizi tebigy usul bilen arassalaýan gök önümleri we miweleri köpräk iýiñ. Häzirki döwürde parodontit keseli örän uzak we hemmetaraplaýyn (dermanlar, fiziobejeriş, operasiýa usuly) bejerilýär. Şeýle keseliñ wagtynda öñüni almak diñe siziñ özüñize baglydyr.