22:54 Doglan günlerim | |
DOGLAN GÜNLERIM
Goşgular
Ýigrim alty ýaşy doldurdy bu ser, Bu ýaşda ölmekden edýärin heder. Barybir ajalyň ýüzi perişan, Ol özüçe jigerimde gaş goýdy, Elhenç eller ýüregimde daş goýdy, Asuda ýatmadym gündizim-gijäm. Ýigrim bäşiň owazyny diňlämde, Ýalňyzlyk derdini çekdim zyndanda. Ýeke däldik, gör, biz näçe essedik, Gözenege bagly boldy günümiz. Onda geçip gitdi tutuş ýylymyz, Ojaklardan sumat bolan tüsse dek. Lagar düşen atly, ýigrim dördümi, Garşyladym çekip açlyk derdini. Ellerin salgady sal-sal geýimde, Şeýdip günler göreçlere bakdylar, Diňe jebir bilen jepa ekdiler, Hor-homsulaň ýüreginiň teýinde... ...Ajal üçin işigimiz ýapyk dur, Ol bolsa, şindizem ony kakyp dur, Galgadyp her ýana buz ýaly elin. Sergezdan ol töwerekde köw-söwlap, Onuň bolşy juda agyr dümewlän - Wagtyndan ir garran ýaşlygym meniň. Jonatan DRAÝWER, Günorta AFRIKA. Rusçadan terjime eden: Annaguly NURMÄMMEDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.05.1985 ý. | |
|
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |