19:41 Doñuzlar | |
DOÑUZLAR
Goşgular
Her gün agşam üýşüp gelýär añyrdan, Noburyñ boýuny syryp doñuzlar. Heder etmän alabaýdan, goñurdan, Zaýalar gawuny ýaryp doñuzlar. Ilkiagşamdan horkuldysy eşdilýär, Adamlaryñ tarkyldysy eşdilýär, Jojuklaryñ hyrkyldysy eşdilýär, Torç edip gidýärler irip doñuzlar. Jojuklaryn tirkäp, mekejin gelýär, Käte diñirgenip, bir gulak salýar, Biýarasy bilen goparyp ýolýar, Gawun-garpyzlary dörüp doñuzlar. Ynsaby ýok, çozýar garrysy, ýaşy, Gylyçdan, almazdan ýitidir dişi, Garaguma garyp, künjini, mäşi, Arkaýyn, çekinmän girip doñuzlar. Mämmetguly (1868-1931). | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |