08:37

Dostuñy tanajak bolsañ, karz dile

Jemgyýetçilik tankydy
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 704 | Добавил: Нawеran | Теги: Aman Geldi ogly | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
1
1 Garaýolly  
27
Amanyñdetallara bay bu makalasy ynsan gatnashyklarynyñ hak gozunden urupdyr.Awtor goren,bilen zatlaryny syncylykbn teswirleyar. Bu yagday adamzat yashayshynda guzeran zerarly hemishe.bolan,bolup duran we bolayjaknarsedir. Bu halyñ bir gowy yeri birek,birege ynamyñ yrgalygyny ya daldiginianyklap beryar.Tasirli yazylypdyr.

0
2 Garaýolly  
27
...we kimiñ kimdigini ay dogan yaly edyar.

0
3 Rahat  
Jay makala

0
4 Bagabat  
43
Eger-de maddy mümkinçiligiň bolsa, ýagdaýyň bolsa, karz diläp geleni ilki bilen-ä boş goýbermeseň gowy. Möhümini ýarym däl-de çärýek bitirip bilseňem, karzyna bermegiň baş maksady ilki bilen-ä dilenip gelnene ýardam bermek, soňam onuň göwnüni görmek, iň esasysy bolsa sogap gazanmak. Ikinjidenem karzy beren badyňa ondan umydyňy üzüp ýaşasaň, özüň üçin dogry bolýar. Eger-de şu iki şertiň biri kem bolanda-da iň gowusy karzyna bermezlik. Sebäbi ýagdaýyň-mümkinçiligiň bolman, özüňe agram salyp ýok ýerinden bar edip ýa-da ýüz görýän adamyň möhümini bitirmegiň hatyrasyna kimdir birinden özüň karzyna alyp, ýa-da kepil geçip karz alyp berip berseň, bergidaram alanyny wagtynda gaýtaryp bermese özüňi ýok güne salýarsyň. Öz agzyňdan kesmek bolsa, çagalaryň ryzkyna hyýanat etmek. Eger-de karzy beren badyňa ondan umydyňy üzmegi başarmasaň bolsa, onda ol seniň ruhy dünýäň üçin musallat bolýar. Seniň durmuşyňy zäherleýär. Ahbetinem karz beren adamyň bilen nähili ysnyşykly gatnaşanam bolsaň, günlerde bir gün şol ýakynlygyň çat açmagyna getirýär.

0
5 Bagabat  
43
Dostluk diýilýän zat bolsa diňe karz almak arkaly synaga salynmaýar. Aslynda özüň bilgeşleýinden ony terezä mündürjek bolmagyň özi ýalňyşlyk. Eger-de onuň çynlygyna şübhäň bolsa dostlaşyp nätjek? Dostluk bar ýa-da ýok. Ony synagdan bolsa durmuşyň özi sensizem geçirip berýär. Pukaradygyny, zordan günemasyny aýlaýan, ýöne seniň bilen deň dem almaga ýykgyn edýän adamy ýene-de karzyna dilän bolup, ýok güne salmak nämä gerek? Aslynda şeýle edilen ýagdaýynda dostuň ahlaklylygy däl-de öz adamkärçiligiň mizana münýän bolaýmasa.

0
6 Bagabat  
43
Ol rowaýatda bir adam öz ogluna dostlaryny synamaga kömek edýär. Bir goýny soýýar-da, ony garagan edip halta salyp, oglunyň dostlarynyň üstüne ogly bilen ýekän-ýekän aýlanyp başlaýar. Her baran ýerinde-de ogluna: "Dost, ganhorluk etdim, gizlemäge ýardam et" diýdirýär. Oglunyň dostlarynyň ählisi oňa ýardam bermekden ýüz dönderýärler. Kakasynyň ýekeje dosty bolsa olar baryp ýagdaýlaryny aýdan batlaryna öýüniň töründäki keçäni serpýär-de: "Şu ýere gömüň, hiç kim gümän etmez" diýýär. Soň olar üýşüp haltada baggoýny söwüş edinýärler... Juda kitaby. Elbetde bu ýerde halk döredijiligi özüniň durmuşy diňe ak-gara reňklerde görmäge dalaş edýän garaýşyna esaslanyp, hakykatda bolan bolmagy mümkin bolan durmuşy wakanyň ähli öwüşginlerini has ýiteldip, bezäp beýan edýär. Ýöne, durmuşda Alla saklasyn, şeýle waka çyndanam bolaýan ýagdaýynda, hiç kimem, nähili dosty bolanda-da öýüniň töründe jeset gömmegi teklip etmez.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]