15:57 Gepbaşy ~ sakgyç | |
GEPBAŞY ~ SAKGYÇ
Jemgyýetçilik tankydy
Howluda gydyrdanyp ýördüm. Nirelerdendir bir ýerden on iki ýaşly oglum hasanaklap geldi. - Kaka, üýtgeşik zat görkezeýinmi? -diýip, ol çaga ýeserligi bilen gözlerini oýnaklatdy. - Indi näme tapdyñ? - diýip, men onuñ ýüzüne seretdim. - Muny gör-ä! - Oglum pyñkyryp, maña elindäki kagyzy uzatdy. - Näme bu? - diýip, ondan soradym. - Sakgyjyñ içinden çykdy! - diýip, ol agzyndaky sakgyjy üfläp çişirdi. Ýañkyny alyp, ýüzüne äñetdim. Eý, Hudaý! Ýanymda duran oglumdan özüm utandym. Hälki pyñkyryp duran oglumam indi güldi-de, yzyndanam şeýle diýdi: - Kaka, mundanam beteri bar. Ynanmasañ, getiribem görkezeýin. Oglum şeýle diýdi-de, duýdansyz gelşi ýaly, duýdansyzam ýitirim boldy. Eýsem, ol mundan beter näme görkezjekkä? Elimdäki sakgyjyñ ýüzünde uzaboýuna çuw-ýalañaç ýaşajyk gyz dur. Ýene bir wejera ýerini aýtmaga-da dilim baranok. Elimdäki sakgyjyñ daşyny jyrym-jyrym edip, inimi sowatdym. Ýöne dükanlaryñ tekjelerinde duran müñläp-müñläp şeýle sakgyçlary nätjek? Olaryñ haýsy birini satyn alyp, ýoklap gutarjak! Sakgyjy, köplenç halatda, çagalar, ýetginjekler, ýaş-ýeleñler çeýneýär. Näme üçindirem, içi wejera suratly sakgyçlar has geçgel. Gögele beýnini aldap, tora düşürip gazanç etmegiñ añsatdygyna murtuny ýaglap oturan dellalsumaklar gowy düşünýär. Şeýle wejeralyk çaga üçin-ä däl, eýsem ulular üçinem aýyp närse. Umuman, islendik halka mahsus zat bar, mahsus däl zatlar bar. Türkmen goýazy, agras halk. Kelç-külçi känbir halap duranok. Saýhallylyk, salyhatlylyk, edeplilik ata-baba ganymyza siñipdir. Şonuñ üçinem känbir beýleki milletlere muwapyk ýörelgeler biziñ üçin bütinleý ýat. Elbetde, döwür üýtgeýär. Beýleki halklaryñ gowy dessurlary durmuşymyza-da ornaşýar. Şolar kabul edilerlikli bolsa kabulam edilýär. Özüñiz pikirlenip görüñ: köçeden keteni köýnekli, başy gupbaly, dört örüm saçly bir gyz geçip barýandyr. Eger-de şu gyzyñ kellesinden gupbasyny aýyrsañ, nähili gülkünç görner? Ýa-da başga ýagdaý: türkmen ýigidi bilen türkmen gyzy seýil baglarynyñ birinde gollaryny boýunlaryndan geçirişip, öpüşip dursalar, geñem göreris, señrigimizem ýygrarys, belki, utanañzokmy diýip bularyñ ýüzüne geljegimizem tapylar. Munça bolanyna görä, ýene bir mysal getireýin. Ýetmişinji ýyllaryñ başlarynda men tanyşlarym ~ ýaş çatynjalar bilen paýtagtyñ merkezinden barýardym. Bular täzelikde durmuş gurupdy. Bäş ýyllap uniwersitetde bile okapdylar. Birek-biregi söýüp toý tutupdylar. Ýaş çatynjalar özüñize belli. Köçeden geçenimizde gelin ýigidiñ elinden tutdy. Pyýada ýolunda-da onuñ elini sypdyrmady. Şol wagt niredendir bir ýerden: "Size binamys diýerler!" diýen güñleç ses geldi. Gelin ýylandan sypan dek elini adamsynyñ elinden silkip aldy. Soñ seredip görsek, gapdalymyzda bir garry gedaý oturan eken. Ol ýaş çatynjalaryñ gol tutuşyp barşyny halaman, dilini saklap bilmändir. Ýogsa, eliñi serip, gedaý gezmek binamyslykmy ýa-da är-aýalyñ gol tutuşyp barmagy binamyslykmy ~ muny anyklamak gerekdi. Emma ýanymdakylaryñ hiç biri-de gedaýa, "Señ özüñ binamys!" diýmedi. Gaýtam, ikisi-de oñaýsyz ýagdaýa düşdi. Gelin nar ýaly gyzardy. O görgüliniñ şol gün hiç zat bilen weji bolmady. Şunam aýdaýyn: dagy-duwara gelniñ adamsynyñ golundan tutanyny görmedim. Men şu ýazgymda: "Gelin adamsynyñ elinden tutmaly däl. Gadagan. Günä" diýen pelsepäni öñe sürjek bolamok. Her kimiñ öz işi. Gelin tutsa öz adamsynuñ elinden tutýar. Ýöne bärde ýetmişinji ýyllaryñ garrysynyñ gözi bilen türkmençiligiñ olaryñ ganyna näderejede siñendigini nygtasym geldi. Hawa, her halkyñ öz edim-gylymy, däp-dessury bar. Muny ýöne ýere zol-zol nygtamok. Ine, täze Gwineýany alyp göreliñ. Bu ýeriniñ milletem özüni hiç kesden kem saýanok. Olaryñ gowy däbem bar, biziñ üçin bütinleý ýat däbem. Entek durmuşa çykmadyk gyz namysyny ýitirse, ony bütim ilat pisläp, jeññele kowup goýberýärler. Aýylganç jeza! Täze Gwineýada ýene bir berk düzgün bar. Täze durmuş gurýan ýigitdir gyz özleriniñ ilkinji gijelerini gelniñ ata-enesi bilen bilelikde geçirýärler. Çünki ata-ene öz perzentleriniñ gyzlykdan aýala öwrülişine hökman gatnaşaýmaly. Şuny eşideniñ: "Haý, siziñ düzgüniñizem gurasyn, adatyñyzam!" diýip, ýakasyna tüýkürjegi belli. Ine, halkyñ halkdan parhlylygy. Türkmeniñ ar-namyslylygy, mertligi, sähraýylygy, asyllylygy barada näçe mysal getirseñ getirip oturmaly. Bulary barymyz bilýäris. Ony nygtamagyñ ýerem däl. Bärde bar gep türkmeniñ ruhuna, süññüne ýat zatlary bilib-u-bilmezlikden ýaýratmajak bolmaly. Sakgyjyñ içinden çykan wejeraly suraty gepbaşy bolan şu okap gutaryp barýan ýazgyñyz meni, ine, şeýle oýlara atardy. Aman GELDI ogly, "Watan". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |