WATAN KÜÝSEGI
Ynsan üçin göbek ganynyñ daman ýerinden eziz ýer ýok. Haý-haýly döwürlerde ykbalyñ emri bilen gaýry ýurda nesibesi çeken adamlaryñ gartaşan çaglary öz ýakyn hossarlaryna: "Eger dünýäden gaýtsam, meni öz Watanymda jaýlañ!" diýip nesihat etmegi tötänden däldir.
Watanyñ özüne çekişini diýsene! Artykgül Tekinskaýanyñ pajygaly ykbaly-da muña gözli şaýat. Elbetde, bu edermen zenanyñ durmuşy barada kän ýazyldy, kän hem aýdyldy. Meşhur ýazyjymyz Ata Atajanow "Teke gyzy Tatýana" atly romanam ýazdy, "Türkmenfilm" kinostudiýasynda ýörite dokumental filmem döredildi.
Artykgül hakda näçe ýazsañ az. Onuñ durmuş terjimehalynyñ açylmadyk sahypalary entek kän bolmaly. Ýöne ümbilmez gyzjagazka duşmanyñ eline düşüp, soñam rus terbiýesini alyp türkmençiligi bütinleý unudan zenanyñ Türkmenistana gelşi, şu taýda mekdep açyşy, iñ soñky pursatda-da Aşgabada gelip, üç günden soñ aradan çykmagy gudratmyka?
Dogrudanam, indi haýran galýarsyñ. Ol Ukrainadan sürgüne edilen ýerinden kiçijik çagalaryny goltuklap, Türkmenistan sary alñasapdy. Ýolda ejirdir güzap baryny görüp, kynlyk bilen özüni Aşgabada atypdy.
Gel-gel, sag-aman aşyp, wokzala gelen günüñ ýowuz derde ýolugyp, üç güne-de ýetmän ýagty jahan bilen hoşlaşmaly bolşuny diýsene! Şunuñ ýaly ýagdaýlarda öz ýurdunda süýnmek nesip edipdir diýlip, ölümi-de ýagşylyga ýorýarlar. Belki, dogrudyr... Ajalyñ Artykgüle "rehimi" inip, ol tä Watanyna gelip, onuñ mährinden ganynça naçar gelne "azar beren" däldir. Watana gezek gelende ajalam ýöwselläberer oguşýan!
Tatýana Mihaýlowanyñ - Artykgül Tekinskaýanyñ durmuş ýoluny doly bilmeýänlere onuñ gysgaça terjimehalyny ýatladasymyz gelýär:
Artykgülüñ urug-tiresi - teke, togtamyş, wekil. Köşüli Mämidik bagşynyñ gyzy. Gökdepe urşunyñ aýylganç wakalarynda duşman goluna düşýär. Ýigrimi ýyllap imperiýanyñ harby ministri bolan general-feldmarşal Dmitriý Alekseýewiç Malýutiniñ uly gyzy knýaginýa Ýelizaweta Dmitriýewna Şahawskaýanyñ elinde terbiýelenýär. Ol erjelligi bilen Krym, Pariž, Wena ýaly gözel ýerleri görýär.
Tekinskaýa Moskwadaky ýokary okuw jaýyny gutaryp, Harkowdaky gimnaziýada mugallymçylyk edýär. Ýigrimi üç ýyldan soñ öz diýaryna gelip, türkmen halkynyñ añ-düşünjeli, bilimli-sowatly bolmagy üçin ähli ukybyny gaýgyrman işleýär. Zenan şol döwrüñ öñde baryjy progressiw pikirli adamlary bilen ýakyndan gatnaşykda bolýar.
Ynha, onuñ türkmen halkynyñ görnükli ogly Muhammetguly Atabaýewe ýazan haty:
"...Mähriban dostum, Muhammetguly! Men öz ýaşlarymyza, olaryñ ösüp, bütin halkymyzy ruhy taýdan ýokary göterjekdiklerine hem-de azatlyga ýetirjekdiklerine pugta ynanýaryn: megerem, şony biziñ görmezligimiz-de mümkin, emma biziñ çagalarymyz we agtyklarymyz şol döwürde ýaşarlar.
Tatýana.
1-nji dekabr, 1903".
Artykgülüñ ömür ýyldyzy ir süýndi. Ýöne onuñ durmuşy başdan-aýak göreşe ýugrulypdy. Ol hemişe hakykatyñ, adalatyñ tarapynda durupdy. Şunuñ üçinem kän kösenipdi. Ýöne bu gaýduwsyz zenany hiç hili howp-hatar tutan ýolundan dänderip bilmändi.
Zakaspi oblastynyñ naçalnigine Kiýew gubernatorynyñ ýollan gizlin haýyşnamasynda Orta Aziýa demir ýolunyñ Artyk stansiýasynda ýaşan Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýanyñ ahlak sypatlary we syýasy ygtybarlylygy barada maglunat soranda şeýle jogap berlipdi:
"Size merhemet bilen mälim edýärin. Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa ohrana bölüminiñ ýazgysynda durýan han Ýomutskiý we mugallymlar Hasan Efendiýew hem-de Muhammetguly Atabaýew dagy bilen dostluk aragatnaşyklaryny saklaýardy... Senatçy graf Pileniñ Zakaspi oblastynda derñew geçiren döwründe ol türkmenleriñ arasynda adminstrasiýa garşy ündew alyp bardy..."
Hawa, aýry-aýry adamlaryñ ömri we durmuşy dünýä inenden tä iñ soñky demine deñiç göreşden doly bolýar. Artykgülem şolaryñ hilinden. Elbetde, hakykat üçin, öz iliniñ bagty üçin göreşmegi diñe ruhy taýdan güýçli, ejizligij öñünde ýan bermeýän kişiler başarýar.
Ilkinji magaryfçylaryñ biri Tekinskaýanyñ Watan öñündäki bitiren hyzmatlary kändir. Ýöne häzirki döwürde onuñ öñünde entek-entekler bergidardyrys. Henize bu güne çenli onuñ nirede jaýlanandygyny anyklap bilmezligimiz hem diñe geleñsizligiñ netijesi.
Belki-de, Artykgül Tekinskaýanyñ mazarynyñ nirräkdedigini bilýän bardyr? Aşgabatda uzak wagtdan bäri ýaşaýanlaryñ şuny biläýmegi gaty ähtimal. Anyklanylsa-ha Hudaýyñ berdigi. Ýöne her hili bolanda-da şäheriñ iñ gözel künjekleriniñ birinde bu gaýduwsyz zenana ýadygärlik dikmäge wagt ýetdi öýdýän.
Aman GELDI ogly.
"Watan" gazeti, 30.01.1996 ý.
Edebi makalalar