19:48 Dowzaha öwrülen şäherler | |
DOWZAHA ÖWRÜLEN ŞÄHERLER
Publisistika
Şäher durmuşynyñ soñy görünmeýän hysyrdylarynda gitdigiçe özümize we daş-töweregimize kesekileşip barýarys. Tebigatdan üzñeleşdigimizçe tebigylygymyzy ýitirip, ýasamalaşýarys. Dowamly sarp edijilikden ýaña, hem tebigatdan daşlaşýarys, hem-de tebigata has köp zyýan ýetirýätis. Şäher durmuşynyñ hysyrdylarynda ýakynlarymyza diñe aragatnaşyk serişderleri arkaly habarlaşýarys, hakyky gyzgyn we mähirli görme-görüşlerimizi welin soña goýýarys. Şäher durmuşy hemmämizi gitdigiçe öz girdabyna çekýär, biz bolsa daş-töweregimizde bolup geçýän zatlara barha sowuklaşýarys. Bizi tükeniksiz hysyrdylaryñ içine atarýan şäher durmuşynyñ çakgan akymynyñ içinde özümize wagt aýryp bilemzok. Dowamly önümçilik we sarp edijilik werzişligi bizi bize garşy ruhsuzlaşdyrýar. Gitdigiçe has monoton durmuşa çümýäris. Dowamly şol bir işleriñ boýunturygynyñ astynda psihologiýamyzyñ eññeresi çykýar. Üsti basyrylan duýgularyñ içinde ýaşaýarys. Duýgularymyzyñ üstüni basdygymyzça içimizdäki ýaralar barha çuñlaşýar. Özümizi bolşundan has tapawutly görkezmegiñ gerekdigini duýýarys. Döwrebap ýaşaýşymyzda wezipä kowalaşma meýli, at-derejäniñ yşkynda haltyldap geçirilen ömürler, jübiñi galñatmak islegi bizi çäksiz bir oluşa sokarak robotlaşdyrýar. Ähli zat metalaşdygysaýyn duýgularymyz ýasamalaşýar. Duýgylar eksplutatirlenip, hatda şondanam pul gazanmak göz öñünde tutulýar. Gyzgynlygymyzyñ, tebigylygymyzyñ ýerine ýasamalygymyz pula durýar. Bu tükeniksiz hysyrdylarda ýasamalaşdygymyzça mehaniki robota öwrülýäris. Tehnologik determinizme sezewar edilýäris. Duýgularymyz tebigylygyny ýitirdigiçe özümizi subut etmek üçin ýasamalaşmaga mejbur bolýarys. Dowamly diýen ýaly öz isleýşimizden başgaça durmuşda ýaşaýarys. Işlerimizi şu ýasamalygyñ içinde özümize zor salyp edýäris. Mundan keýp alara wagr tapmansoñ hasam agressiwleşýäris. Agressiwleşdigimizçe-de ýa-ha içimizi hümledip gezýäris, ýa-da daş-töwerege awumyzy pürkýäris. Ýetip bolmajak zatlaryñ kül-külüne düşýäris. Ýetip bilmänimizsoñam depressiýa girýäris. Adamy robota öwürmek islän düzgün çäksiz sepgitler goýup, önümçiligi hasam artdyrmagy göz öñüne tutsa, adam pahyr şol sepgtlere ýetjek bolup işledigiçe wagşylaşýar. Dowamly diýen ýaly öz-özümizi kösäp, boşluklarda gaýyp ýörüs. Bu hysyrdylaryñ içinde gitdigiçe tükenýäris, tükendigimizçe has wagşy keşbe bürenýäris. Ýabanylaşdygymyzça ownaýarys. Dem alma göreşini berýäris. Umytlar bilen ýaşajak bolýarys. Umytlarymyz tükenýärem welin öz janymyza kast etmäge ýönelýäris. Azatlygy sarp edijilik jennetinde tapmansoñ, öz janyña kast etmek azatlyga gowuşma umydyny berýär. Öz janyña kast etmek duýgusy pessimizmiñ deregine ýalkym saçýar. Bu dowzahda oñaran zadymyz bolmansoñ, öz janymyza kast edip hemme zatdan bir demde dynaýjak bolýarys. Umydymyz çäksiz sepgitlere, keýplere ýetip bilmänsoñ, çykalgany hiçlikden gözleýär. Hiç bir gam-gussanyñ, dert-aladanyñ bolmadyk hiçlik umydy iñ soñky çykalga bolup görünýär. 19.01.2021 ý. Ahmet ÖZKAÝA. ▪︎Ahmet Özkaýa 1993-nji ýylda Türkiýäniñ Stambul şäheriniñ Kadyköý raýonynda doguldy. Başlangyç mekdebi we liseýi Stambulda okap gutardy. Magistraturany Stambul uniwersitetiniñ geografiýa bölüminde okandan soñ Marmara uniwersitetiniñ pedagogik formasiýa bölüminde okady. Häzir Ýeditepe uniwersitetuniñ Atatürküñ taglymlary we ynkylaplary insititutynda alymlyk işini dowam etdirýär. "Post-geografiýa" kitabynyñ awtory Ahmet Özkaýa dürli žurnallarda we ylmy-populýar platformalarda makalalar bilen çykyş edýär. mondenebil@gmail.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |