05:58 Bilýäñmi?! | |
BILÝÄÑMI?!
Goşgular
![]() Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi? Daşyň gurşasa-da onlarça gyzlar, Dünýäň bir künjünde, kalbynda seni Ezizläp oturan duýguçyl gyz bar. Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi? Günde seň adyňy müň goşga salyp, Dünýäň bir künjünde galyp ukudan, Bir gyz otyr, ele galamyn alyp. Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi? "Ezizim" sözüni aýdýarlar müňläp. Bir gyz bar, belki-de syryn açmadyk, Dillenmedik, yşgyn kalbynda gizlän. Sen şeýle bir bagty çüwen, belki-de, Bilýän dälsiň, bir gülüň bar solmaýan. Umydyndan ýola bakyp gündizler, Gijelerne seniň üçin aglaýan. Dünýäň bir künjünde seni görmezden, Duýýar bir gyz aglaýanňy, gülýänňi. Dileg edýär saňa yzyn üzmezden, Sen şeýle bir bagtly ýigit, bilýäňmi? Güljan KAKAÝEWA. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||