05:57 Durdy şahyr | |
DURDY ŞAHYR
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Türkmen edebiýatynyñ taryhynda Durdy atly birnäçe şahyr bolandygy mälim.* Şolaryñ biri hem XIX asyrda Günorta-Günbatar Türkmenistanda ýaşap geçen Durdy şahyrdyr. Bu şahyr takmynan, 1814-nji ýylda Garrygalanyñ Çendir obasynda eneden bolup, 1915-nji ýylda hem şol ýerde dünýäden ötýär. Şahyr özi barada şeýle maglumat beripdir: Durdy şahyr diýrler meniñ adyma, Garrygala, Çendir diýrler ýurduma.** TYA-nyñ golýazmalar instututynda 3,81,136,146,160,436,349,471,502,683,697,708,922,1206,1251,"B",1852,1864,2185,2194-nji bukjalarda Durdy şahyryñ ady bilen gelýän birtopar şygyr bar. Emma Durdy atly dört şahyryñ bolmagy şol eserleriñ her biriniñ awtorynyñ haýsy Durdydygyny kynlaşdyrýar. Şeýle-de bolsa, bu barada käbir zatlary aýtmak mümkin. 3,1632,"B" (diñe "Akja ýarym" şygyrdan özgesi), 708-nji bukjalardaky eserler balkanly Durdy şahyryñkydyr. Sebäbi bu şygyrlar, esasan dini äheñde ýazylypdyr. Balkanly Durdy şahyr bolsa özüni öwlat diýip saýýar, hatda Hoja Ahmet Ýasawa öýkünip hem eserler döredipdir. Balkanly şahyr öz eserlerinde Durdy, Gedaýy atlary getiripdir. Durdy atly beýleki şahyrlaryñ döredijiliginde munuñ ýaly dini äheñ ýok diýerlikdir. 81,136,436,1852,1206,471,1251,683,922-nji bukjalardaky şygyrlar bolsa änewli Durdy şahyra degişlidir. Çünki ol ýerdäki eserleriñ içinde Durdy şahyryñ aýaly bolan Senemiñ ady häli-şindi duş gelse, özüniñ körlüginden zeýrenip ýazan "Iki didäm - kör bolandyr gözlerim", "Gözüm öñün tutdy perde" ýaly setirler hem sataşýar. Onsoñam änewli şahyr öz eserlerini, köplenç, Durdy bagşy ady bilen ýazypdyr. 160-njy golýazmadaky eserler bolsa ahally Durdy şahyryñkydyr. Ol şygyrlary akademik A.N.Samoýlowiç 1906-njy ýylda Leningrada alyp gidipdir. Alym şol şygyrlaryñ ahally Durdy şahyryñkydygyny belläpdir we onuñ ömri hakda gysgajyk maglumat beripdir. Çendirli Durdy şahyrdan galan miras kuda ujypsyzdyr. Ondan bary-ýogy sekiz şygyr saklanyp galypdyr. Ol şygyrlar, esasan, TYA-nyñ golýazmalar fondundaky 146, 697,1864,2185,2194-nji ("Maralym" şygryndan özgesi) golýazmalarda saklanylýar. Şahyryń bize gelip ýeten edebi mirasynyñ tematikasy hem giñ däl. Durdy şahyrvöz eserlerinu durmuşda bolan predmete, waka bagyşlapdyr. Şahyryñ söýgi lirikasynda ýazylan köplenç eserleriniñ gahrymany hakykatdan-da onuñ obadaş gelin-gyzlary bolupdyr. Ol "Akjagül" şygrynda obrazly sözleri eserdeñ saýlap almagyñ, täze meñzetmeleri örän ýerlikli ulanmagyñ, ritmi, bogun ölçegini pugta saklamagyñ, sözleri bir-birlerine jebis baglanyşdyrmagyñ hötdesinden ussatlyk bilen gelipdir. Şonuñ üçin bu şygyr meşhur halk aýdymyna öwrülipdir. Bu eserde şahyr öz gahrymanyny iñ gözel zatlara deñeýär, ony hyjuw bilen söýýändigini, şu ugurda jebir çekýändigini beýan edýär. Şygryñ çeperçiliginiñ esasy şahyryñ öz gahrymanynyñ gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, özüniñ liriki gahryman höknünde hereket edýänligindedir. Emme eseriñ kemçiligi hökmünde bir zady bellemek gerek, görnüşi ýaly, liriki gahryman söýgülisi bilen duşuşmak üçin aktiw hereket edýär, güýçli hyjuwynyñ bardygyny duýdurýar, emma magşugyñ liriki gahrymana bolan garaýşy eserden görünmeýär. Durdy şahyr Nohur obasyna gezmäge barypdyr, şol ýeriñ özünde galdyran täsiri esasynda hem "Nohuryñ" atly eser döredipdir. Şahyr Nohuryñ gözel tebigatyny, myhmansöýer adamlaryny real görkezip bilipdir. Zähmetkeş halkyñ durmuşynyñ agyr, göwnüniñ çökgün wagtynda öñdebaryjy progressiw şahyrlar durmuşdaky we tebigatdaky iñ gözel zatlary saýlap alypdyrlar hem-de olary ýokary çeperçilikde wasp edipdirler. Bu ýagdaý halk köpçüliginiñ çökgün göwnüni götermäge, belli derejede, ýardam edip gelipdir. Ine, şu nukdaýnazardan seredeniñde, şahyryñ bu goşgusyna hem oñat diýip baha bermek bolar. Durdy şahyr Nohuryñ gözel tebigatyny teswirlemek bilen birlikde, ol ýerdäki aýry-aýry adamlary hem wasp edýär. Emma şahyryñ ol ýerdäki položitel adamlar hökmünde görkezýän şahslary zähmetkeş köpçüliginiñ wekili-de däl, olara ýardam berýänler-de däl. Munuñ sebäbi şahyryñ durmuşyñ içki kanunlaryna düşünip bilmänligindedir (hamala, rewolýusiýadan öñki döwür halkymyzyñ ýokary gatlakly wekilleriniñ hemmesi zannyýaman we synpy duşman bolmaly ýaly, päk ýürekli we halal adamlar baýlaryñ, ruhanylaryñ arasynda bolmaly däl ýaly. makalanyñ awtorynyñ şu ýerde döwrüniñ sowet ideologiýasyndan ugur alyp, jemgyýetimizi synpylaşdyrýandygyny we käbir öte geçmelere ýol berýändigini bellemän geçmek bolmaz,- t.b). Durdy şahyr öz agasy Nyýazmuhammediñ dosty, sekiz doganyñ biri bolan gyzylarbatly Gylyjyñ ölümine bagyşlap birnäçe elegiýa döredipdir. Ol elegiýalar umumy sözler bilen beýan edilipdir. Şeýle bolansoñ, olaryñ çeperçiligi güýçli däl. ____________________________________ * a). Durdy şahyr türkmenleriñ ata taýpasyndan bolup, XVIII asyrda ýaşap geçipdir. Ol Balkanda dünýä inip, Gyzylarbat sebitlerinde ýaşaýar. Ömrüniñ ahyrynda ýene Balkana gaýdyp barýar, şol ýerde hem aradan çykýar. Durdy şahyr Magtymguly bilen edebi gatnaşyk saklapdyr, şonuñ üçin hem ol tanalyp gelýär. b). Ikinji Durdy şahyr änewlidir. Aslynda ol bagşy, sazanda bolupdyr, az-kem şahyrçylyk hem edipdir. Ol Durdy bagşy ady bilen meşhur. Şahyryñ gözi kör bolandygy üçin, oña Durdy kör hem diýipdirler. Onuñ gözi soñ kör bolupdyr. Durdy bagşy 1829-njy ýylda doglup, 1910-njy ýyllarda hem aradan çykypdyr. w). Üçünji Durdy şahyr Gökdepäniñ Gökje obasyndan. Bu Durdy 40-50 ýaşandan soñ, 1906-njy ýyllar töwereginde dünýäden ötýär. ** Inw. 1864, 56 sah. A.NURÝAGDYÝEW Çeşme: "Türkmen edebiýatynyñ taryhy", III tomluk, 2-nji tom, 338-339-njy sahypa, "Ylym" neşirýaty, Aşgabat-1978 ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |