Taryhyñ syrly sahypalarynda orun alyp ýiteñkirlän şahsyýetlerimiz hakynda birnäçe makalalar, kitaplar döräp dur diýsek ýalñyşdygymyz bolmaz.
Şolar ýaly Türkmen şejerenamalarynda we Oguznamalarynda ýatlanylyp biziñ döwrümizde taryhy eserler, rowaýatlar arkaly hatyrasy ýitmedik ata-babalarymyzyñ biri hem Düýp Beýgidir.
Düýp Beýgi ähli oguznamalarda we türkmenleriñ gelip çykyş şejerenamalarynda düýpki ata-babalarynyñ biri hasaplanypdyr.
Ýazyjy oglunyñ ''Seljuknamasynda'', Reşideddiniñ ''Oguznamasynda'' we Abu Bekr Tähranynyñ ''Kitaby Diýarbekriýe'' atly eserlerinde Nuh ogly Ýafesiñ, onuñ ogly Abuljanyñ, onuñ ogly ''Düýp Beýgi'' diýlip habar berilýär.
Emma Abulgazynyñ ''Şejereýi teräkimesinde'' bolsa Ýafesiñ Türk atly ogly, onuñam Tütek atly, ondanam Emelje han, Emeljedenem Düýp Beýgi dünýä inipdir diýilýär. Oguznamalaryñ düşündirişlerinde ''Düýp'' - sözüniñ manysy ''täji-tagtyñ ýerleşen ýeri'' ''Beýgi''- sözi bolsa ''Illeriñ ýaşulysy'' diýmegi añladypdyr.
Abu Bekr Tährany ''Kitaby Diýarbekriýe'' eserinde Düýp Beýgi hakynda şulary habar berýär: ''Düýp Bakuý Ad hem Semud kowumlarynyñ döwürdeşi bolupdyr...''. Hut pygamber hem bu kowumlaryñ döwründe ýaşap geçipdir. Bilşimiz ýaly Hut pygamber, azgyn Ad hem-de Semud taýpalaryny dogry ýola salmak üçin Alla tarapyn ilçi hökmünde iberilendir.
Hut pygamberiñ dogulan ýylyny bolsa b. e. öñki 2300-nji ýyl diýip habar berýän ýylýazgylara ser salanymyzda onda Düýp Beýgi diýilýän il ýaşulysy b.e.öñki 2300-nji ýyllaryñ sepgitlerinde ýaşap geçen diýip çaklamak bolar.
Emma Osmanly türkmenleriniñ halypasy hasaplanan Kätip Çelebiniñ gadymy kitaplara salgylanyp ýazan ''Takwim ut Tawaryh'' (''Taryhy senenamalar'') atly eserinde ''3044-nji ýylda Ad kowumy Ahkaf diýilýän ýerde ýok boldular'' diýýär we 3112-nji ýylda bolsa Hut pygamberiñ 460 ýaşynda dünýeden ötendigini tekrarlaýar. Semud kowmy bolsa 3122-nji ýylda Mekgäniñ golaýynda Allatarapyn heläk edilendigi habar berilýär. Eger Abu Bekr Tähranynyñ getiren rowaýaty hakykat bolsa, ýagny Düýp-Beýgi Ad-Semud kowmynyñ heläk bolan taryhlaryndaky döwürlerde ýaşap geçen bolsa Kätip Çelebiniñ getiren taryhyndaky senäni baglanyşdyrsak, onda Düýp Beýgi Adam atanyñ Ýer şaryna inen wagtyndan soñ ýöredilen senenama görä 3040-3130-njy ýyllaryñ sepgidinde ýaşap geçen şahsyýet bolýar.
Has takyky bolsa takmynan b.e.öñki 2300- b.e.öñ 2200-nji ýyllarda ýaşap geçipdir.