19:46 Setirlem | |
SETIRLEM
Goşgular
Kapiýa-sapiýa Bu näm boldugy, Erkana ýazjak men setirlerimi... Diýselerem ''Atyň ýeke çapýarsyň'' Hawa çapjak, gitjek öňe, duwlanjak, Öwrenmedim sizden ýörän ýolumy! (Käbirlerden öwrensemem goşgyny) Ýazmany-pozmany özüm öwrendim... Hawa diýjek ''Men'' kiçijek türkmenjik. Atalarym ''Sen'' diýmändir entegem... ''Men'' diýip döşüne kakan türkmenjik... Ýitip barýan kä wagtlar görünýän, Garagumda seýrek galan serçejik. Söýülmedik düňderilen kalbym bar... Apy-tupan, penjelenen ýüregim. Çynar ýaly ýaşlygynda silkinip, Eýranlara oýun salan Turanly Ýerzemin içinde garaňky köşkde, Garran çagy dargan goşuny onuň. Çykalgasyz galan Afrasyýap deýin... Ýaraly setirler dişlerin çalýar... 20.06.24. *** Men ölemsoň, Dikiň ýiti galamym. Tümmek duran Mazarymyň üstüne... Ol gögerer pyntyk salyp başyma, Maňa zyýarata gelenlere-de, Çynar bolup saýa salsyn üstüne. Şonda şol dürtülen, agaç galama, Bir serçejik uçup gelip gonaýsa... Aýtsyn maňa zyýarata gelene... Doga-dileg aýat, töwür gerek däl... Maňa onuň başy dik bolsa bolýar. Käte derdiň bolsa derdinişmäge, Tümmek mazaryma gelip sowul-da. Ýeňle dök içiňi, haçandan bäri, Garaňky hasraty göterip ýörsüň. Gaýtar gözýaşlaryň, dökgün saklanma. Derdiniş bagdaky serçejik bile... Çarymuhammet SUGTYÝEW | |
|
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |