20:03 Burkazlar hakynda | |
BURKAZLAR HAKYNDA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Burkaz türkmenleri hakynda size gürrüň bermekçi bolýan bu ýazgylarym rowaýat diýsem-ä rowaýat däl, başy rowaýat bilen başlap soňy taryh bilen gutarýar. Rowaýatlardan taryha öwrülen bir tiräniň, ýagny Türkmenistandaky Burkazlar hakynda gidýän bu ýazgylary men dört-bäş ýyl mundan ozal Line akkauntyndan göçürip alypdym. Şol döwürlerde taryh, edebiýat hakynda kän maglumatlar paýlaşylýardy. Menem şol täze maglumatlary ýygnap almagy özüme pişe edinerdim. Ine onsoň bu maglumatlary siz bilenem paýlaşaýyn, belki taryhçylar we rowaýatçylar öň şulary bilýärlermi, ýa ýalana berimsiz gürrüňmi, şuny bileýin diýdim-de okyjylara ýetirmegi makul bildim. * * * Burkaz türkmenleri, bular Oguz hanyň birinji ogly Gün hanyň Gaýa atly oglundan aýrylyp gaýdýan naýbaşy şaha. Oguz han Merwde ýaşap geçen şahsyýet bolup ol bu ülkäni uly ogly Gün hana mülk edip berdi. Gün hanyň dört ogly Gaýa, Baýat, Agöýli, Garaöýli Türkmen halky hiç hili Altaý ülkesinden ýa Baýkal kölüniň kenaryndan gelenok. Oguz han Türkmen Altaý ülkesini we Baýkal kölüniň kenaryny basyp alan Deňiz han ogluna mülk edip berdi. Deňiz hanyň ogullary Igdir, Bükdüz, Ýywa, Kynyk. Emma Oguz han Merwde öz dolandyryşyny dowam etdi. Dolandyryşy Gün han ogluna geçirdi. Ondan hem Gaýa agtygyna geçdi. Ähli Oguz türkmenleriniň dolandyrylyşy Merwden amala aşyryldy. Dolandyryş Oguz hanyň neslinden onuň agtygynyň kowumy Gaýalara geçýär. Dolandyryş Merkezi Merw bolany üçin merkeze gadymy türkmen dilinde ''Burg'' diýlip aýdylypdyr. Burg sözi ''Burgöz'' sözi bolup ''Dolandyryjy özi'' diýmekdir. Haçanda araplar VI asyryň birinji ýarymynda Merwe gelenlerinde Merwde dolandyryjylar Gaýalardy. Olara Burgözler diýipdirler, ýagny dolandyryjy özleri. Gaýalar Gazna döwletini emele getirip şol döwleti dolandyrýarlar. Gazna türkmenleriniň döwletini dolandyryjylara Burg - öz diýlip aýdylýardy. Bu sözden wagtyň geçmegi bilen Burkaz sözi gelip çykýar. Arap halyfy Hezreti Alynyň üçünji ogly Ymam Muhammet Hanapyýa özüniň goşuny bilen gelen wagtynda Merwde Gaýa türkmenleri bolan Burkazlar Merwiň derwezesini açdylar. Şol döwürde Merwiň merzebany (patyşasy) Oraz Mahaýady, akyldary Gorkut atady. Bular yslam dinini meýletin kabul etdiler. Ilkinji Yslam dinini Kabul eden türkmen bu Gorkut atadyr. Soňra Merwiň merzebany Oraz Mahaýa we soň tutuş Merw halky (şol döwürde Merwde Oguz türkmenleriniň ählisiniň şahalary diýen ýaly ýaşaýardy) diňe Deňiz hanyň Kynyk oglunyň neberesi Altaýdan Ata Watana Amyderýanyň boýuna gelip ornaşýarlar. Şol wagtlar Amy derýa häzirki hanasyndan akmaýardy onuň ady Oguz derýa bolup Merwiň içinden geçip gidýärdi we Hazar deňzine guýýardy. Kynyk türkmenleri Seljuk begiň ady bilen ýörgünli bolup özlerine Seljuklar hem diýýärdiler. Soň Seljuklar 1040-njy ýylyň maýyň 23-25-i aralygynda Merwiň golaýynda häzirki Kaka etrap çäklerinde, Daňdanakanda Gaýa türkmenleri bolan Burkazlar bilen, ýagny Gaznawidler bilen uruş edip ýeňiş gazanýarlar we Seljuk türkmenleriniň döwletini gurýarlar. BELLIK: Men bu ýerde türkmenleriň Altaý ülkesinden Baýkal kölüniň kenaryndan gelmändigini aýtmak isledim. Ol ýerden Oguz hanyň körpe oglunyň Deňiz hanyň, onuň ogly Kynygyň nebereleriniň gelendiklerini düşündirmek isledim. Onsoňam Burkazlar türkmenleriň Salyr kowmundan däl, olar türkmeniň Gaýa kowmundan. Bu taýpa elmydama Merwde ýaşady. Burkazlar soň Anadola Alp Arslanyň döwründe Anadolyýa we Koniýa beýleki türkmenler bilen kowçum-kowçum bolup gelýärler. Soň Ärtogrulyň döwründe hem beýleki ýerlerine ornaşýarlar. Oguz türkmenleri kyrk sany şaha bolup olaryň bary hem häzirki Türkiýede ýaşaýarlar. Sebäbi mongollardan gaçyp Wizantiýany basyp alyp şol ýerde beýleki ildeşleri bilen Döwlet gurýarlar. Döwlet hem ýene-de Gaýa türkmen taýpasynyň ady bilen adygmaga başlapdyr... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||