23:08 Garaňkylykdaky dessan | |
GARAŇKYLYKDAKY DESSAN
Goşgular
Öňden gelen şeýle bir, Gürrüň bardy dessanda... Wagşylyk heňňamynda Duşmanlar çar tarapda Dişlerin çalýardylar Gadym-gadym eýýamda, Gunlaryň zamanynda, Aşyk-magşuk ýaşamyş, Ýigit Gun taýpasyndan, Gyz bolsa dişin çalýan, Duşmanlar taýpasyndan, Önüp-ösüp kemala, Gelenmişler ýaşytdaş, Gun baýdagy aždarha, Pasyrdap dur meýdanda, Duşman goşun sürýärdi, Gunlara tapgyr tapgyr, Şol zalym söweşleriň, Soňy ýokdy gümana, Söweşler ýatan wagty, Iki aşyk magşuklar, Duşuşýardy ogrynça, Bular nädip, nähili? Halaşypdyr bilemok, Şu dessany aýdyp duran, Bilenokdy dessançam, Parhy näme olar haçan, Nirelerde duşuşdylar? Haçan göwün berişdiler? Haçan sähra aňňydynda Duşuşdylar halaşdylar? Bilýän ýokdy bularyň, Yşk hasratyn çekýänin... Şeýde-şeýde duşuşyk, Söweşler ýatan wagty, Dowam edýärdi günde? Gije Aý ýagtysyna, Duşuşdy halaşýanlar, Ine birden ençe wagtlap, Ýaraşan soň iki taýpa, Ýatyşan soň gahar-gazap, Şertnamalar baglaşdy, Iki garry serdarlar... Oglan diýenmiş bir gün, Her näçe kyn bolsa-da, Dil ýarmaga aý-günler, Böwet bolsa-da äşgär... Ulug başly atasyna, Ulug başly enesine, Halaýanyn aýdanmyş, Goňşy duşman taýpanyň, Serdaryň bir gyzyny, Ulug ene ýaka tutup, Için çekenmiş şonda, Ulug ata başyn tutup, Gaharlanypdyr oda. Balasyna käýýäpmiş, Ulug ata gaş-sakalyn, Sypalap diýenmişin: ''Olar biziň ganymyz däl, Olar biziň ganymymyz, Halaşmaga tapmadyňmy? Şu jelegaýlarda gyz, Taňry şaýat bolsun balam, Saňa duşman gyzy bolmaz, Bagtyň baglanar solar, Duşman elinde meger, Gara baş pida bolar'' Diýip ene-atalar, Balasyn diňlemändir, Ony öýde tussaglap, Çykmazlygy buýranmyş, Gyz bolsa her gün agşam, Duşuşyga gelende, Öz ýaryny görmezmiş... Parlak Aýyň astynda, Taýpalar ýygyn gurnap, Ýene söweş edýärdi, Şertnamalar bozulyp, Alaň-alaň sähralyk, Ala-tupan zeňzele, Gylyçlar döwülýärdi, Garşydaşyň gyljyna, Kimseleriň kellesi, Togalanýar asmanda, Aşyk magşuk aýralyga, Döz gelmän ötüpdirler, Gerdişi keç Dünýäden, Ine şeýdip gyz alyşyp, Gyz berişmek bolmandyr, Gunlaryň öz içinde, Gaýry taýpalar bilen, Söz alyşmak bolmandyr, Garyndaş Gunlar şeýdip, Öz-özüne berenmiş, Garyndaşlyk şeýdibem, Agzybirlikde berkäp Bir supranyň başynda, Jemlenmegi buýrupdyr, Tä Gunlaryň arasyna, Gutly Serdar gelýänçä, Bu düzgün-däpler şeýdip, Nesilleri yzarlap, Ençeme aşyklary, Aýra salandygy hak, Bu dessany dessança, Uýgur taýpasyndan bolan, Aksakal gürrüň beripdir, Bu Aksakal ýaşuly hem, Illerden öwrenenmiş. Bu garaňky dessany, Ýagtylyga çykaryp Arassa gan saklaýan, Maşgala gürrüň berip, Gaýtarypdyr birnäçe, Ene-atany raýyndan, Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan, Gije duşuşýan aşyklar, Gün ýüzüni görüpdirler, Gündiz Günüň şuglasy, Parladypdyr olaryň, Gün ýüzlije jemalyn... Ine bir gün şu dessany, Ene-atama gürrüň berip, Alsam bolarmyka Taňrym, Goňşy taýpaň bir gyzyny? 29.01.2022. Çarymuhammet SUGTYÝEW | |
|
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Gam goşulan goşgy / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 30.09.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |