00:02

Amazonkalylar hakynda

Zenan şahsyýetler
Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 596 | Добавил: Jeksparro | Теги: Çarymuhammet Sugtyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Zenan şahsyýetler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 201 2 »
0
1 Jeksparro  
405
Walkiriýalylar şol Amazonkalylaryň galyndysy diýjek bolýaňmy @Ýelena!?

0
2 Jeksparro  
405
Ýa operasiýa gurnaýan toparlar diýjek bolduňmy?

0
6 Jeksparro  
405
Ýo Walkiriýalar diýip ýazanyňa düşünmedim men...

0
3 Jumjume  
571
Saýtdaşlar, Nazar Gullaýew baradaky maglumatlary paýlaşyp bilermisiñiz?!

(Jeksparro,siziñ açan mowzugyñyzda ýazmaly bolanym un ötünç soraýan)

0
4 Jeksparro  
405
Nazar Gullaýew hakda paýlaşmak tapsam şu wagt agrar düňder edýärin gazet žurnallary... :)

0
5 Jumjume  
571
Köp sagboluñ Jeksparro,men-ä tapyp bilmedim. Tapsañyz,paýlaşsañyz köp minnetdar bordum. Gyssagly gerekdi...

0
7 Jumjume  
571
Bolya,Jeck zyýany yok. Iñ bolmanda rusça gysgajyk maglumat tapmak başartdy. Goşgularyny weli tapyp bilmedik. Kim-de kim Nazar Gullaýewiñ ömri-döredijiliginden, esasanam goşgularyndan tapyp paýlaşsa,hoşal bolardyk.

0
8 Atayew  
493
Amazonkalylaryň türkmenlerdigine nähili delil bar? Rowaýatlar subutnama däl! Rowaýaty her kim döredip biler. Taryh anyk faktlara salgylansa, ygtybarly bolýar. Faktsyz taryh bolmaýar.
Gerodotyň döwründe türkmenler-ä däl, hatda oguzlar hem formirlenmändi. Makalada agzalýan eýýam hunlaryň döwrüne degişli. Hunlara şindiki türkmenleriň hut özi däldir, belki, ata-babalary diýseň dogry bolar. Ýöne şonda-da amazonkalylaryň hunlara degişlidigine delil göremok.
Şöhratly taryha dahylly bolmak islegi oňat ýagdaý. Tirkiş Jumageldiniň bir eserinde aýdyşy ýaly, "bu dünýäde her kimiň gadymdan-gadym bolasy gelýär." Ýöne biziň islegimiz taryhy faktlar bilen gabatlaşmasa, ile gülki bolarys.

0
9 Haweran  
411
Öñem biri Ýaponiýa (Ýap+10) türkmen sözi, ýagny, "On ýabyñ añyrsyndaky ýurt" diymek diyip uly zaly dolduryp duran adamlaryñ gülküsine sezewar bolupdy... Kakamyrat aga dogry aydyar, señkem şoña baryar...

0
11 myhman  
732
şoňýaly "açyşlar" bir döwür ýoň boldy. meň eşidenlerimiň käbirleri.

Kanada - kän ada (Kanadadan öň Indoneziýany tapan däldirler-dä)

Koreýa - körleň oýy (hytaý koreýadan bärde bolsa-da, olara kör diýmän aňyrkylara diýipdirler)

Italiýa - it alýa (it-pit iýmekde ýakasy gaýyşly uzak gündogarlylar. iýmek üçin däl-de başga zat üçin alandyrlar-da)

ýeser alymlarymyz bardyr biziň :-).

0
10 eatayew33  
761
Kakamyrat aga, Tirkiş agaň özüniňem: "Ýusup pygamberiň ejesi türkmen bolupdyr" diýýän çaklamasama bolmaly. Şuňa nähili garaýarsyňyz? Meňem türkmenleriň hemmesiniň edil Altaý tarapdan gelendigine ynanasym gelmese-de, siziň aýdyşyňyz ýaly"wagtyny" dogry getirip bilemok. Tirkiş aga-da boş-a gürlänok, bir nemes alymyna salgylanyp:"Ýusubyň ejesi ogluna keteniden köýnek tikip geýdirýän eken, keteni bolsa diňe türkmenlerde bar" diýýär

0
14 Atayew  
493
Tirkiş aganyň "Bu nähili ketonet bolýar?" atly miniatýurasy bar. Şol makalada nemes ýazyjysy Tomas Mannyň "Ýusup we onuň doganlary" atly dört kitapdan ybarat epopeýasynda gabat gelýän ketonet sözüne, onuň türkmen ketenisi bilen meňzeşligine üns çekilýär. Ol romany menem okadym, dogrudanam ketonet Ýusup pygambere ejesi Rahilden miras galýar. Emma Tirkiş aga "Rahil türkmen bolaýmasyn" diýen çaklamany öňe sürenok, biziň ketenimiz bilen Rahiliň ketonetiniň arasynda bir baglanyşyk bolup bilermi diýen sowaly orta atýar. Rahil Mesopotamiýada önüp-ösen. Ketoneti onuň kakasy Lawan bir täjirden satyn alyp, gyzyna berýär. Ondan öň Mesopotamiýa şumerleriň watany bolupdyr. Käbir çaklamalara görä, şumerler hem ol ýere häzirki Türkmenistanyň çäginden göçüp barypdyrlar. Netije şeýle: biziň ketenimize meňzeş şol ketonet şumerleriň üsti bilen Mesopotamiýa aralaşan bolmagy mümkin. Ýöne bu gadymy döwürden türkmen gözlemek, ýa-da ol wakalara türkmeni şärikli etjek bolmak gülkünç ýagdaý.

0
12 eatayew33  
761
Gerodotly gürrüňe gelsek welin, onuň aýtmyşyna görä häzirki Türkmenistanyň Hazar etrap ýakalrynda ölülerini jaýlamaýan, olaryň jesetlerini ýörite saklanýan itlre berýän ýabany, urşujy bir halk ýaşapdyr.Kannibalçylygam bar eken diýjek bolýar.
Amazonkalar barada aýdylanda welin, olaryňam Hazar ýakalarynda ýaşap, biziň gelin-gyzlarymyzyň şaý-seplerini şolardan galan uruş gorag geýimleri diýjek bolýanlaram bar. Onda "Altyn baganany" ("Золотое руно" ) almaga gaýdanlar Hazar deňzi bilen gaýdan bolmaly bolýarlar, Iliadanyň bolsa Hazar bilen-ä däl, Gara deňiz bilenem baglanyşygynyň bolandygyna ikirjeňlenýän. Gomer şahyrymyz kör bolsa-da, "Iliada" bilen "Odisseýany" hazire çenli jikme-jikläp gelýän alymlaram-a bir zatlar diýerdi.

0
13 eatayew33  
761
Makedonskiý barada aýtsak welin, onuň kakasyny Kurandaky Iskender Zülkarnaýyn bilen çalyşýanlaram bar.
Makedonskiniň ýöriş ýoluny ýazan adamlaryň (Plutarha salgylansaň) içinde-de meňä amazonkalar barada amazonkalar barada okanym ýadyma düşenok, ýöne "Nusaýyň ak çakyry" (awtory Rybynmyka diýýän) atly eserde Spartagy jezalandyran Mark Kaasyň Husaýyň eteginde kellesi alynyp, halta salynyp paýtagta ugradylýandygyny okapdym.
Dogrudanam, taryhda "Ilkinji Tridat" diýip bir zat bar, şonda Mark Kaasyň köp goşuny bilen Nusaýlylaryň az goşunyndan ýeňlişe sezewar bolandygy barada ýazgylar bar.

0
15 Revo  
484
Amazonkalylaryň asyl bolanlagyna güwä geçýän delil ýokka, Amazonkalylaryň haýsy milletden bolandygyny jedel etmekligiň özem bir absurtlyk...
Taryhy ýoýmaklyk ýada geçmişiňi şöhratlandyrmak näme gerekkä diýen soraga ýenede Tirkiş aganyň arada saýtda goýulan gowy makalasy bilen jogap bermeklik bolýar (arman makalanyň özüni pozdular). Şonda taryhy ýoýmaklyk ýada haýsam bolsa bir milleti geçmişde näme maksat bilen beýik görkezmäne synanyşylýandygynyň sebäbi şeýle düşündirilýär. Makaladan bir parça:
"Bizi gadymyýetlere äkidibermek, şonda şeýle bir beýik bolupdyrys, çensiz bolupdyrys, näçe imperiýa gurupdyrys, pylança gezek dünýäni aňk edipdiris, haýran galdyrypdyrys diýmegem-ä gowy zatdyr, ýöne ondan maňa ne peýda, eger şu gün özüm aňkaryp duran adama öwrülen bolsam?!

T.J. Muňa şu günden gaçmak diýse bolar.

K.M. Hawa, seň aýdyşyň ýaly şu günden gaçmak bolýar. Taryhda despot, diktator ýolbaşçylar bolupdyr, kän bolupdyr, olaram başarsalar, şu günden gaçyp, taryhyň örän gadymy döwürlerine arka diräp, beýik halk ýasamaga çalşypdyrlar. Ony anyklajak gümanyňam ýok, ýaňky aýdyşyň ýaly, legenda meňzeş bir zat. Onsoň, ”şol taryhdaky beýik halkyň şu günki şasy men!” diýmeli. Men nähili beýik diýmek üçin gerek. Has bäri gaýdyberseň, jogap talap edýän sowallar köpelýär."
Adam garrasa ýaşlygyny ýatlagan bolýar: "Men ýaşkam şeýledim ýada ýaşkam şular ýaly işleri edipdim" diýen ýaly sözler bilen, özüni taryplagan bolýar. Belki bizem garrandyrys kim bilýär...

0
16 Jeksparro  
405
@Rewo, @eataýew, @Ataýew, türkmenleri Amazonkalylara degişli etmegim bu meniň çaklama esaslarym. Edil saklary, skifleri, hunlary häzirki türkmenleriň ata-babalary bolupdyr diýen ýazgy, subutnamanyň bolmaýşy ýaly, olaram çaklamalardan ybarat. Diňe esas edip alyp bolýar. Hakyky subutnama bolsa ýok... Mahmyt Kaşgarlynyň ''Oguzlar türkmenlerdir'' diýip haýsy salgydan salgylanandygyny derňäp bolmaýşy ýaly bu ýitgili subutnamalar diňe esasly çaklamalardan düzülen.
Plutarhyň haýsy eserlerini okandygyň hakynda bilemok welin bu hakda Öwez Gündogdyýewiň ''Aziýanyň gerçekleri'' atly taryhy kitabynda: ...Ýagny Falestridanyň (Thalestrida) Aleksandryň huzurynda 30 gün bolandygy hakyndaky maglumatda şeýle maglumat bar: ''Baryp-ha Plutarh (b.e. I asyry) muňa toslanma (ýagny, Aleksandr Makedonskiý bilen Falestridanyň aralygyndaky bolup geçen zatlar) diýip aýdyp gidipdir...'' diýen maglumatyndan peýdalandym...

Indi ýene bir meseläň üstünde durup geçmek isleýärin: ''Aleksandr Makedonskiniň terjimehalyny ýazan awtorlaryň hemmesi onuň Amazonkalylaryň zenan şasy bilen duşuşan ýerini Orta Aziýa bilen baglanyşdyrýarlar. Aleksandr Makedonskiý bilen ylalaşyga gelen Horezm şasy öz ýurdunyň Amazonkalylaryň ýurdy bilen goňşuçylykdadygy hakynda ýöne ýere aýtmandyr'' [Ö. Gündogdyýew, ''Aziýanyň gerçekleri''

Edil Saklaryň, Skifleriň, Amazonkalylaryň, Sarmatlaryň, Massagetleriň, Hunlaryň gen ganlarynyň hut diňe türkmenleriň däl, eýsem häzirki, megerem dünýäniň halklarynyň ganyna gatyşandygyny bilýän bolsak, onda näme üçin Sarmatlary, ýa Saklary, Massagetleri, Hunlary ''Türkmenleriň ata-babasy bolupdyr'' diýip çaklama döredip ony bolsa subutnama däl-de çaklama hökmünde esas edip alyp bolmaz!?

0
17 Jeksparro  
405
@Rewo, Öwez Gündogdyýew ''Amazonkalar hyýalmy ýa hakykat'' makalasyny okanyňda welin bolupmy ýa bolup geçmändirmi, göz ýetirýärsiň: [http://kitapcy.com/news/2020-05-01-11421]
Bulardan başga-da Öwez Gündogdyýewiň ''Aziýanyň Gerçekleri'' atly eserindäki 62-92 sahypa aralygynda Amazonkalylara bagyşlap ýazan ''Zenanlaryň harby Hereketlere gatnaşyşlary'' atly bölümini okamaklygy hem maslahat berýärin.

0
18 Jeksparro  
405
Gep bu ýerde Tirkiş ýa Kakamyrat we ş.m.-leri diňlemek däl, taryha bolan ynamyňy berkitmekden ybarat. Fakt hakda aýdylanda bolsa, geçmişimize nähili garaýan bolsak, geljegimize-de şeýle garamaly bolarys...

1-15 16-17
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]