21:50 Ýylyň parlak ýyldyzy Leýli Ökdirowa | |
ÝYLYŇ PARLAK ÝYLDYZY LEÝLI ÖKDİROWA
Aýdym-saz sungaty
2020-nji ýylyň ''Parlak ýyldyz'' sylagyna mynasyp bolan operaçy, aýdymçymyz Leýli Ökdirowanyň mahmal owazyny eşidip görmedikleriňiz az-azdyr. Türkmen Owazynda şekilli aýdymlary bilen adygan Leýli 26.02.1990-njy ýylda Aşgabat şäherinde asylly sungatçyl maşgalada eneden dogulypdyr. Ol Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep internadynda okapdyr. Onuň döreden ilkinji şekilli aýdymy: ''Türkmen halysy'', ýylyň soňky çäriýeginde bolsa iň soňky aýdymy ''Sag bol Arkadag'' bolupdy. Täze döreden aýdymy bolsa ''Bilbil'' ady bilen ýazga geçirildi. Leýli Ökdirowa 2008-nji ýyldan soň mekdebini tamamlap Ukrainadaky P.I.Çaýkowskiý adyndaky milli sazçylyk Akademiýasynyň opera-wokal aýdymçysy hünärini öwrenip bilim alýar. Bu ýerde 4 ýyllap tälim alýar. Akademiýada Ukrainanyň halk artisti professor D.I.Petrinenkodan aýdym aýtmak hünärinden tälim alýar. Bu ýerde ikinji ýyllyk talyplyga gidende Lwowyň Solomiýa Kruşelinskaýa adyndaky milli akademik opera we balet teatrynda opera aýdymçylarynyň arasynda geçirilen ''Solomiýa Kruşelniskaýa'' adyndaky halkara bäsleşige gatnaşýar we Altun medala mynasyp bolýar. Akademiýany tapawutlanan Diplomy bilen tamamlan Leýli Moskwanyň K.S.Stanislawskiý we balet, sazly teatrynyň solistyndan bir ýyllyk goşmaça tejribe sapak alýar. 2013-nji ýylda okuwyny tamamlan Leýli Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne işe girýär. Şu wagt hem ol şol ýerde zähmet çekýär. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ''Türkmeniň Altyn Asyry'' atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. 2017-nji ýylda Aşgabatdaky Olympiada şäherçesinde geçirilen Aziada-2017 ýapylyş dabarasynda suw perisiniň keşbinde çykyş etdi. 2020-nji ýylyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen çäriýekde hem ''Ýylyň parlak ýyldyzy'' bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Operada aýdan ''Türkmen halysy'', '' Nirede sen'', ''Söýgi'',''Nusaý perisi'', ''Arkadag'',''Bilbil'' we ş.m. aýdymlary diňleýjileriň söýgüsini gazandyrdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |