08:57 Edebiýat baradaky käbir belliklerim | |
EDEBIÝAT BARADAKY KÄBIR BELLIKLERIM
Oýlanmalar
• Paradoks “Asly-Kerem” ýordumy esasynda “Mahmyt we Merýem” atly taryhy-pelsepewi roman ýazmakçy bolýaryn. Ertirden agşama çenli diňe şol hakynda oýlanýaryn hem-de Dünýä taryhynyň aýry-aýry wakalaryny, birnäçe taryhy romanlary ýatlaýaryn. Fransuz taryhy (örän baý hem millilige ýugrulan taryh) barada ýazylan saldamly we özüne mahsus aýratynlygy bolan iri göwrümli eserleriň fransuz däl, eýsem, nemes ýazyjylary tarapyndan ýazylmagy örän täsin. • Bäş ägirt rus romany Meniň pikirimçe, “Uruş we parahatçylyk” rus edebiýatynda iň beýik romandyr. Şu jümläni ýazansoň, rus edebiýatynyň iň ägirt bäş romany hyýalymda janlandy: “Uruş we parahatçylyk” (Lew Nikolaýewiç Tolstoý), “Oblomow” (Iwan Aleksandrowiç Gonçarow), “Ýuwaş Don” (Mihail Aleksandrowiç Şolohow), “Ussat we Margarita” (Dimitriý Afanesiýewiç Bulgakow), “Sankt-Peterburg” Andreý Belyý) Sanawa Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň eserleriniň goşulmazlygy örän täsin. (Belki, bu täsinem däldir). • Edebiýatdaky sazlaşyk Rabindranat Tagoryň eserlerini rus dilindäki terjimelerinden okaýaryn. Göýä, kimdir biri öz başdan geçirenlerini ýazyja gürrüň beräge-de, olam bu wakalary ýazga geçiren ýaly duýulýar. Has dogrusy, eseriň wakalary awtoryň öz gören, duýan wakalaryna meňzemeýär. Munuň sebäbi olary asyl nusgasyndan okamazlygym däl, eýsem, Tagoryň öz eserlerini ene dilinde ýazman, iňlis dilinde ýazmagydyr. Dil bilen halkyň arasynda genetik baglanyşyk bozulanda, edebiýatdaky sazlaşyk hem bozulýar. • Hemingueý we Puşkin Ernest Hemingueýiň “Ret bol, ýarag” atly romanyny ilkinji gezek okanymda, bu eser mende üýtgeşik pikir döretdi. Näme üçindir (şu wagta çenli munuň sebäbini doly düşündirip bilemok) Puşkiniň “Kapitanyň gyzy” eseri ýadyma düşdi. Kitaby okadygym saýy “Kapitanyň gyzy” ýadyma düşdi durdy. “Goja we deňzi” okan wagtym hem şol duýgyny başdan geçiripdim, ýagny goja Santýagonyň akulalar bilen göreşýän pursaty maňa Pugaçewiň hereketlerini ýatlatdy. Wagt geçip, “Ret bol, ýarag” hem-de “Goja we deňziň” “Kapitanyň gyzy” bilen nähili arabaglanyşygy bolup biler?” diýip öz-özüme sowal berdim. Hemingueýiň 100 ýyllygy bellenilýän döwürde ýazyjynyň ogly Patrik bilen geçirilen söhbetdeşligi okanymda bir hakykata göz ýetirmegim meni öňkülerden has haýran galdyrdy. Görlüp oturylsa, Hemingueý Puşkiniň eserlerini gaty halapdyr, hatda Hemingueýiň Kubadaky öýünde, ýazuw stolunyň üstünde beýik rus ýazyjysynyň kiçijik heýkeljigi (býusty) hem bar eken. Şol söhbetdeşligi okamankam, Hemingueýiň Puşkini halaýandygyny däl, hatda tanaýandygynam bilemokdym. • “Ak gämini” okap… Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi” powestini okadym. Ol “Jemiläni” ýazan döwürlerinde Azerbaýjanda onuň edebi neslinden bolan, Çingiz Aýtmatowa görä has kämil, many taýdan çuňňur eserleri ýazan ençeme ýazyjylar bardy. Çingiz Aýtmatow gitdigiçe has kämilleşdi, edebiýatyň jümmüşine aralaşmagy başardy. Azerbaýjan ýazyjylary bolsa, onuň tersine, eserleriniň sany artdygyça ýüzleýlige ýykgyn etdiler. Men munuň sebäbini bilemok. * * * Söýgi hakda şygyr ýazan beýik şahyrlar sanardan köp. Bu mukaddes duýgyny wasp edip ýazylan şygyrlaryň sany-sajagam ýok. Ýöne näbelli awtoryň (halk döredijiligi): Köçelere suw sepmişem, Ýar gelende toz bolmasyn – diýen setirleri başga kim aýdyp biler? * * * Meniň pikirimçe, Anton Pawlowiç Çehow adatdan daşary ýiti zehin, aşa ýatkeşlik, gören hem eşiden wakalaryna düşünip hem baha berip, dogry netije çykaryp bilýän dramaturg. Diňe şulardan soň ol hekaýa ýazmagyň ussadydyr. * * * Wagty gelende “Näme üçin Tolstoýy söýýärin?” atly kitap ýazmak baş arzuwlarymyň biridir. Lew Tolstoý barada ençeme eserler ýazylypdyr. Men olaryň köpüsini okadym. Ýöne aňlaýşyma görä, meniň aýtjak pikirlerimi şu wagta çenli hiç kim aýtmandyr, aýdybam bilmez. Çünki meniň Tolstoýda görenlerimi hiç kimem görmändir. Tolstoýyň ägirtligi, oňa az-owlak düşünýän okyjylaryň hem onuň beýik ýazyjydygyny ykrar etmegindedir. Okyjylar mamla! * * * Kimiň aýdany anyk ýadyma düşenok, ýöne “Wagt ähli zady garradýar” diýen parasatly söz ýadymda galypdyr. Bu pikiriň dogry bolmagam ahmal, emma, meniň pikirimçe, wagt edebiýatdan başga ähli zatlary: heýkeli, suraty, sazy … garradyp biler, ýöne söze güýji ýetmez. Wagt edebiýatyň öňünde ejizdir. Häzirki wagtda iň döwrebap eserler “Don Kihotdyr”, “Anna Kareninadyr”, Wilýam Şekspiriň we Žan Batist Molýeriň eserleridir. * * * Nobel baýragyna dalaşgär hödürlenip, oňa mynasyp bolup bilmedik ýazyjylara Tolstoýy mysal getirmek teselli berip biler. Meniň pikirimçe, bu edil beýle hem däl. Çünki ol ýazyjylaryň hiç biri Tolstoý däldir. * * * Şu wagta çenli iki kitaby ýaşlyk ýyllarymda okanyma ökünýärin. Çünki bu kitaplary ýaşlygyň ýelgini bilen ýöne bir çeper eser—güýmenje hökmünde okapdyryn. Ençeme ýyllaryň geçendigine garamazdan, hernäçe islesem-de, olary ýaňadan okamak miýesser etmedi. Mundan beýläk hem okaryn öýdüp pikir edemok. Gaty gynanýan! Kitaplaryň ikisinem orta mekdebiň dokuzynjy synp okuwçysykam—on alty ýaşymda okapdym. Bular Dante Aligýeriniň “Ylahy komediýasy” we Iogann Wolfgang Gýotäniň “Faust” eserleridir. * * * Ýazyjy döreden eseri arkaly özüni tanadýar. Talantly ýazyjylar özi bilen bilelikde halkyny hem tanadýar. Beýik ýazyjylar bolsa eserlerinde umumyadamzat meselesini gozgaýar. Meniň pikirimçe, dünýäniň iň beýik ýazyjylary şu aşakdakylardyr: 1. Goja Lew Tolstoý; 2. Wilýam Şekspir; 3. Migel de Serwantes Saawedra. * * * Käte kitap okyjyny, käte-de okyjy kitaby köseýär. * * * Eger Wilýam Şekspir bolmadyk bolsa, iňlis edebiýaty buzluklar bilen örtülerdi. * * * 1871-nji ýylda Lew Tolstoý Fýodor Iwanowiç Týutçew bilen otluda küpedeş bolýar. Birnäçe wagt geçensoň onuň Afanasiý Fete ýazan hatynda şeýle setirlere duş gelmek bolýar: “Çýernyý demir ýol menzilinde Týutçewe duşdum. Otly dört menzil ýol geçýänçä onuň bilen söhbet etdik. Häzir bolsa diňe şol peşeneli, sada, guýmagursak zehinli goja hakda oýlanýaryn”. Hatyň şu ýerini okan wagtym, göýä, Tolstoý şol wakadan soň 30-35 ýyl soňky peşeneli, sada goja—özi hakda gürrüň beren ýaly duýuldy. * * * Käwagt Pýotr Pawlowiç Ýerşowyň “Küýki taýçanak” atly ertekisini heniz mekdep okuwçysy döwründe ýazandygy hakda oýlanýaryn. Ýazyjy ömrüniň dowamynda ençeme ençeme şygyrlary, hekaýadyr pýesalary ýazsa-da, diňe ertekileri bilen meşhurlyk gazandy. Belki, diňe men şeýle pikir edýändirin. * * * Lew Tolstoýyň aýaly Sofiýa Andreýewna Bers adamsyndan on alty ýaş kiçi eken. Ýöne her gezek onuň gündeligindäki ýazgylary okanymda, bu aýal ýanýoldaşyndan iň azyndan on alty ýaş uly ýaly duýulýar. • Awtor barada Häzirki zaman azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili, ýazyjy, dramaturg, edebiýatşynas alym, şeýle hem edebiýat tankytçysy Elçin Ilýas ogly Efendiýew 1943-nji ýylyň 13-nji maýynda Baku şäherinde Azerbaýjanyň halk ýazyjysy Ilýas Efendiýewiň maşgalasynda dünýä inýär. Kakasynyň ýazyjy bolmagy onuň ýaşlykdan edebiýat bilen gyzyklanmagyna sebäp bolýar. Elçin Efendiýew 1960-njy ýylda orta mekdebi tamamlap, şol ýyl Baku döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. 1965-nji ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlaýar. 1965-1968-nji ýyllar aralygynda Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynda okaýar. “Azerbaýjan edebiýaty edebiýat tankydynda” diýen tema boýunça kandidatlyk, “Edebiýatda geçmiş we häzirki zaman meseleleri” diýen temada doktorlyk dissertasiýalaryny goraýar. Elçin Efendiýew döredijilik işine ýaşlyk ýyllaryndan başlaýar. Ilkinji hekaýasy 1959-njy ýylda “Azerbaýjan ýaşlary” gazetinde neşir edilýär. Onuň ilkinji hekaýalar ýygyndysy bolan “Müň gijäniň biri” atly kitaby 1965-nji ýylda çap edilýär. Şondan soň ýazyjy dürli ýokary döwlet wezipelerinde zähmet çekse-de, döredijilik bilen arasyny üzmeýär. Onuň dürli ýyllarda “Garda”, “Bäş köpüge durýan motosikl”, “Gadymy metjidiň garşysynda”, “Baladadaşyň ilkinji söýgüsi” ýaly hekaýalary, “Mahmyt we Merýem”, “Ak düýe”, “Men gaýdyp gelerin” ýaly romanlary şeýle hem ençeme pýesalary, ylmy monografiýalaryň birnäçesini ýazýar. Onuň eserleri dünýä dilleriniň ençemesine, şol sanda türkmen diline hem terjime edilýär. Elçin Efendiýew 2003-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli Azerbaýjanyň premýer ministriniň orunbasary wezipesinde işleýär. Ýazyjynyň edebiýat hakyndaky belliklerinden parçalar onuň 2003-nji ýylda Türkiýäniň DA neşirýaty tarapyndan çap edilen “Edebi oýlanmalar” atly kitabyndan alyndy. Taýýarlan Maýa GAPUROWA, Çärjew etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň informatika mugallymy. Çeşmesi: https://zamanturkmenistan.com.tm/?p=50605.06.04.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||