10:55 Edebiýat dünýäsine | |
Kakabaý Gurbanmyradow
Goşgular
Edebiýat dünýäsi, seniň goýnuňda Janyny janyňa gatanlaryň bar. Taplanyp her hili ýowuz oýnuňda, Başdan belent maksat tutanlaryň bar. Başy dik mahaly göreni görgi Bolup, çekip urgy üstüne urgy, Gidensoň bilinip gadyry, orny, Ady giň äleme ýetenleriň bar. Küt-küt kagyzlaryň çykyp kastyna, Hars uruşyp, galan ýaly basgyda, Ähli eklenjini seniň üstüňe Hut algydar ýaly atanlaryň bar. Seň durkuňy belent daga meňzedýän: Kä ýeňil ýöredýäň, käte entedýäň, Kä gaýa çykarýaň, kä gorpa itýäň, Geçmesi kyn set müň kötelleriň bar. Harama ganym sen, zehinlä dogan, Gaty kän beýikleň yhlasy siňen, Kim sende ýaşap ýör müň ýyldan soňam, Ýa özi dirikä ötenleriň bar. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |