13:15 Wasiliý Ýan we Türkmenistan | |
WASILIÝ ÝAN HEM TÜRKMENISTAN
Edebi makalalar
Ynsan ömründe her hili wakalar bolýar. Olaryň käsi sähel salymdan unudylsa, käbiri bütin ömrüň dowamynda ýadyňdan çykanok. Meniň kakam W.Ýanyň (Wasiliý Grigorewiç Ýançeweskiý – 1875-1954) durmuşynda şeýle unudylmajak wakalaryň biri biziň asyrymyzyň başynda bolup geçipdi. Türkmenistanda ýaşamagy hem işlemegi, Orta Aziýanyň beýleki birnäçe ýerlerine syýahat etmegi geljekki ýazyjynyň bütin ömründe, döredijiliginde öçmez yz goýdy. W.Ýanyň dekabr aýynyň açyk säherinde Kaspi deňzini böwsüp gelýän gäminiň bortundan kem-kemden ýakynlaşýan türkmen kenaryny uly tolgunma bilen synlap duran pursatyndan bäri 76 ýyl geçdi. «Bir-birine sepleşip gidýän gum depeleriniň endigan çylgymlary, gülgün reňke boýalan deňiz hem ýapgyt kenar meniň aklymy haýran etdi. Bir çeträkde deňziň üstüne abanyp duran gaýanyň golaýynda balykçylar uzyn, gara, ujy çiş ýelkenli gaýyklary bilen ýüzüşip ýördi... Gämimiz şol wagtlar kiçiräk oba çalym edýän Krasnowodskiniň duralgasyna baryp togtady. Dükanlaryň ýanynda uzyn boýly, gyrmyzy donly, buýralary zire-zire bolup seçelenip duran silkme telpekli türkmenler atlarynyň jylawundan tutup durdular. Otly o diýen belent bolmadyk daglaryň duşundan geçip barýardy. Men kä dag gerişleriniň melewşe öwüsýän görnüşinden, käte bolsa otlynyň beýle tarapynda ýaýylyp ýatan Garagum çölüniň aňňat-aňňat depelerinden gözümi aýryp bilmän, jadylanan ýaly bolup durdum...» Bu sözler W.Ýanyň Türkmenistan bilen ilkinji duşuşygy hakyndaky ýatlamasyndan alyndy. Türkmenistana gelende geljekki görnükli ýazyjynyň men diýen wagtydy. Bedeninde güýç, kalbynda sansyz arzuw-hyýallar joş urýardy. Ýöne bu zatlara garamazdan, onuň eýýäm ep-esli durmuş tejribesi bardy. W.Ýan 1875-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Kiýewde dogulýar. Onuň kakasy Grigoriý Andreýewiç Ýançeweskiý gimnaziýada gadymy grek hem latyn dillerinden sapak berýän mugallym bolup, diýseň özboluşly, başarjaň, bilime teşne adam hökmünde tanalypdyr. Ol bütin ömrüni mugallymçylyga hem antik döwrüň ýazyjylarynyň döredijiliklerini derňemeklige bagyşlaýar. Gomeriň, Ksenofontyň, Pawsaniniň hem beýleki birnäçe gadymy grek şahyrlarydyr filosoflarynyň ençeme eserleri onuň terjimesinde neşir edilýär. Şu hili intelligent maşgalada dünýä inmegi we terbiýelenmegi W.Ýanyň garaýyşlarynyň taplanmagyna, ýaşlyk ýyllaryndan edebiýata sarpa goýmagyna uly itergi berýär. 1892-nji ýylda ol Reweldäki (Tallin) gimnaziýany gutaryp, Peterburg uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetiniň dil bölümine okuwa girýär. Ony 1897-nji ýylda tamamlap, ýene Rewele dolanyp gelýär. Ýaşlykdan göwün beren duýgulary – syýahata hem edebiýata söýgüsi W.Ýana uniwersitet kafedrasynda galyp, kem-kemden professorlyga alyp barýan adaty ýoly terk etdirýär. Ýaş, başarjaň dilçi kabinet alymynyň asuda durmuşyny unamaýar. Onuň adamlaryň arasyna gidesi, olaryň durmuşyny has içgin öwrenesi gelýär. Şeýdip hem, ol özüni gurşap alan durmuş şertlerindäki, alan terbiýesindäki adam üçin örän seýrek hem geň ädimi ädýär – Russiýa boýunça pyýada syýahata ugraýar. W.Ýan egni goşhaltaly iki ýyllap Russiýanyň Demirgazyk, Merkezi, Günorta gubernýalaryny hem Ukrainanyň ençeme ýerlerini aýlanyp çykýar. Ýoldan iberýän oçerklerine Peterburg gazetleriniň ýollaýan ujypsyzja haky bilen geçilen şol uzak menziller ýazyjynyň ilkinji kitabynyň – «Pyýadanyň ýazgylarynyň» peýda bolmagyna getirýär. Ýaş ýazyjynyň şol kitapçasy hem köp sanly oçerkleri gazetleriň ünsüni özüne çekýär. Oňa Angliýany aýlanyp görmäge mümkinçilik döreýär. Ýarym ýyllap şol ýerde bolmak bilen, W.Ýan köp zatlara göz ýetirýär. Londonda ol agasy, gündogary öwreniji žurnalist D.G.Ýançeweskiden hat alýar. Ol inisine Aziýany öwrenmäge başlamagy, bu meselede öz kömeginden peýdalanmagy maslahat berýär. Şeýdibem, W.Ýan Aşgabatda Zakaspi oblastynyň naçalniginiň kanselýariýasynda terjimeçi bolup işe başlaýar. Ol Türkmenistany hem Orta Aziýanyň beýleki ýerlerini aýlanyp, dürli tabşyryklary ýerine ýetirýär. Kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşýän guýulara gözegçilik edijiniň wezipesini ýerine ýetirýärkä ol özüne ýolbelet edilip berkidilen Şanazar bilen Garagum çölüni iki gezek kesip geçýär. Hywa hanlygyna baranda ol orta asyrdaky ýagdaýyndan känbir üýtgemedik feodal düzgünleri, eden-etdiligi, zähmetkeş halkyň hor-homsy ýagdaýyny gözi bilen görýär. Zyndanlarda ömürlik bendilikde saklanýan biçärelere nebsi agyryp, olara rehim etmek barada han bilen gürrüňdeş bolýar. Içigüjükli han olaryň özüni zyndana taşlamagy ýüregine düwýär. Emma olar bu ýagdaýy öňünden aňyp, hiç kime bildirmän, gijäniň birwagty Hywadan gaçyp, çöle siňmek bilen janlaryny gutarýarlar. Aşgabada gelip, gören-eşidenlerini habar berende, ol «öz borjuna girmeýän meselelere burnuny sokany» üçin naçalniginden berk käýinç alýar. «Nobel doganlarynyň» nebit alýan ýerlerindäki işçileriň ýagdaýyny derňeýji komissiýa bilen birlikde ol Kaspiniň kenar ýakalaryny, Çeleken hem Ogurjaly adalaryny aýlanýar, Persiýa (Eýran) bilen serhetde oturan türkmen obalaryna baranda ol ilkinji gezek heýwere kesellilere duşýar. Soňra rus wraçlarynyň kömegi bilen olaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek üçin ýörite keselhanalary guramaga, däri-dermanlar, gerekli gök önümlerdir egin-eşikler bilen üpjün etmäge işeňňir gatnaşýar. W.Ýan «Çekirtge Komitetiniň» çleni hökmünde bu aýylganç belany ýok etmäge hem goşandyny goşýar. Çekirtgeleriň uly zyýan ýetiren ýerlerine aýlanyp, olardan goranmak, üýşürip otlamak, olaryň geljek ýolunda garymlar gazmak çärelerini guraýar. Baran ýerini syryp-süpürip barýan bu görülmedik beladan zyýan çeken ilaty azyk hem eker ýaly tohum bilen üpjün etmek onuň gös-göni borjudy. Gurakçylyk, ekinleriň ýaramaz ýagdaýy ekerançylyk bilen meşgullanýan oturymly ilaty kyn güne goýupdy. W.Ýan «Azyk Komitetiniň» çleni bolany üçin Etrek, Köpetdag, Aşgabat hem beýleki uýezdleri aýlanyp, ilatyň hal-ýagdaýy bilen tanyşýar, olary azyk bilen üpjün etmäge elden geldik kömegini berýär. Ol türkmen obalaryna aýlanyp, ilatyň arza şikaýatlaryny diňleýär hem oblastyň kanselýariýa naçalnigine ýetirýär. W.Ýany has beter tolgundyrýan meseleleriň biri hem ýerli ilatyň uçdantutma diýen ýaly sowatsyzlygydy. 1903-nji ýylda ol çarwa türkmenleriň adyndan şeýle raport ýazýar: «Büzmeýin obasy: «Biz çagalarymyz her dürli hünär öwrener ýaly, mekdep açyp bermegini hökümetden örän towakga edýäris...». «Gökje obasy: «Biz öz çagalarymyzyň haýsam bolsa bir mekdepde rus ýa-da musulman elipbiýini öwrenmegini isleýäris...». «Gypjak obasy: «Gypjaklylar öz çagalarynyň dürli hünärleri öwrenmeklerini isleýärler... Häzir 100 oglandan diňe 5-10 sanysy türkmençe ýazyp bilýär...». «Ýaňgala obasy: «Ýönekeýje-de bolsa, obamyzda mekdep açyp bermegiňizi haýyş edýäris. Çagalarymyz hiç zat öwrenmän ýabany ýaly bolşup ýörler...» Türkmenistanda işlän şol ýyllarynda W.Ýan Buhara emirliginiň şäherdir obalaryna, Fergana hanlygyna, Çärjewe, Daşkende, Samarkanda, Maňgyşlak ýarym adasyna baryp görýär. Rus-pars serhedi bilen Guşgydan Zülpikara çenli barýar. Demirgazyk Parsystanyň oba-şäherlerini-de aýlanýar. Iňlis dilini gowy bilýäni üçin W.Ýany terjimeçi hökmünde amerikan alymy E.Hentingtonyň baştutanlygyndaky geologo-geografik ekspedisiýa berkidýärler. Ol ekspedisiýanyň kerweni bilen pars-owgan serhedini ýakalap, Bulujystana hem Hindistanyň araçägine çenli barýar. Birwagtky Aziýany beýik basybalyjylaryň – Aleksandr Makedonskiniň, Çingiz hanyň, Timuryň san-sajaksyz leşgerleriniň depgiläp geçen ýolunyň bütin dowamynda ol gadym eýýamlarda weýran edilen patyşalyklaryň harabalyklaryny çuňňur pikire batyp synlaýar. Türkmenistan hem Orta Aziýa boýunça eden bu syýahatlary geljekki ýazyjynyň aňynda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Türkmenistana diňe ulurak wezipe hem bähbit hantamaçylygy bilen gelen ofiserleriň köpüsi W.Ýanyň bu gyzyklanmalaryna duşmançylykly garaýyşda bolupdyr. Köpçüligiň bu garaýşy kähalatlarda ony agyr ýagdaýa salýar. Şol günler barada W.Ýanyň özi şeýle ýazýar: «Men bu ülkäni, türkmen halkyny ýürekden söýdüm, onuň dilini, taryhyny, medeniýetini öwrenip, birnäçe makaladyr hekaýalar ýazdym, Ýene-de birentek gyzykly syýahatlaryň pikiri bilen ýaşaýaryn. Men özüme duşmançylykly garaýanlara üns bermän, garaşsyz hereket etdim. Öz ýolumdan sowulman, täze-täze täsirleriň gözlegine çykdym, indiki syýahatlarymyň arzuwy bilen ýaşadym.» Ol wagtlar türkmenleriň tas hemmesi diýen ýaly obalarda ýaşapdyr. Az-owlagy bolsa Aşgabadyň hem beýleki şäherleriň golaý-goltumynda mesgen tutupdyr. Halk iki tarapdan – ýerli han-begleriň hem patyşa hökümdarlarynyň zulumy astynda horluk çekipdir. Ýöne şol wagtlar hem türkmen halkyny tüýs ýürekden söýen, oňa peýda etmek niýeti bilen ýaşan rus adamlary-da az bolmandyr. Olar «Arheologiýany söýýänleriň Zakaspi kružogyny», «Zakaspini derňeýjileriň jemgyýetini», «Gündogary öwreniş jemgyýetini» döredipdirler. Şol jemgyýetleriň çlenleri ilata medisina kömegini beripdir, mugallymçylyk edipdir, türkmen halkynyň dilini, taryhyny, sungatyny, edebiýatyny öwrenipdir. Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň döredijiliklerine bagyşlanan çykyşlar hem gurapdyrlar. Türkmenler üçin ilkinji mekdepleri açanam, Zakaspide ýaňy döräp gelýen rewolýusion herekete ýolbaşçylyk edenem şolar. W.Ýan hem şu toparyň adamy. Alys-ýakyn syýahatlar, adamlar bilen içgin tanyşmak, gürründeş bolmak, halkyň däp-dessurlaryna, ruhy dünýäsine beletlik onuň şol ýyllarda döreden hekaýalarynyň ählisinde aýdyň duýulýar. «Çöldäki jaň sesleri», «Jan», «Garagumda», «Daglaryň ruhy» ýaly ençeme hekaýalarynda ol türkmenleriň asylly sypatlary, gowy däpleri, erkinlige ymtylyşlary hakynda beletlik bilen söhbet açýar. W.Ýan «At, ýarag hem çöl» atly powestini ýazmaga-da şol ýyllarda başlaýar. Ýöne ol eser soňky syýahatlaryň birinde ýitirilipdir. Şol syýahatlarynyň netijesi barada W.Ýan şeýle ýazýar: «Men uç-gyraksyz Aziýanyň çägeli düzlüklerini, mawy alyslyklaryny, garly gerişlerini ýürekden söýdüm. Bu ýerlerden ýeňiş bilen geçip, öz yzlarynda halkyň gargyşyndan, sansyz harabalykdan başga zat galdyrmadyk aziýaly ganojak basybalyjylar hakynda taryhy eserler döretmek pikiri mende ilki şu ýerde döredi». Ýazyjy başga bir ýazgysynda: «Ýigriminji asyryň sepgidinde meniň Orta Aziýa halklarynyň ýarym feodal durmuşyny synlamagym ençeme ýyl geçenden soň – «Çingiz hany» ýazyp ýörkäm gadymy Horezmiň durmuşyna degişli sahnalary janlandyrmaga kömek etdi. Buharanyň soňky emiriniň keşbi Horezm şasynyň obrazyny döretmäge itergi berse, Hywa hanlygyna barmagym, Garaguma syýahatym we gaýry zatlardan Horezm döwletiniň durmuşyny hem heläk bolşuny suratlandyranymda peýdalandym» – diýip ýazýar. «Näme üçin başga hiç bir basybalyjyny däl-de, diňe Çingiz hany saýlap aldyňyz? Gahrymanyňyzyň şeýle janly obrazyny döretmäge itergi beren zat näme?» diýen soraglar ýazyja kän gezek berlipdir. W.Ýan bu sowallara şeýle jogap berýär: «1904-nji ýylyň täze ýyl gijesini Hentingtonyň kerweni bilen çölde garşylamaly bolduk. Bir düşelgede tüpeň atyp, «barymyz bilen bazar eýläp», bu senäni belledik. Şol gün asuda, çigrekli çöl gijesinde daňa ýakyn geň düýş gördüm. Men owadan çadyryň ýakynynda otyrmyşym. Çadyryň içindäki äpet göwreli, gyýyk gözleri içiňden geçip gelýän, inçejik edilip örülen iki örüm saçy gulaklarynyň arkasynda halkalanyp duran adamyň Çingiz handygyny bilýärin. Ol maňa göreş tutmagy teklip etdi. Mongollaryň däbine görä, ol meniň biloňurgamy ýazdyrmak isleýärdi. Bu oraşan düýşden hopugyp oýandym. Töwerek imisalalykdy. Depämde san-sajaksyz nurly ýyldyzlar ýaldyraşýardy. Atlarymyz kellelerine geýdirilen torbadaky arpany endigan gütürdedýärdi. Töweregi.me garansam, ne çadyr bar, ne-de Çingiz han... Ana, şonda ýüregimde bu ýowuz basybalyjynyň ömrüni beýan etmek arzuwy döredi...» Çaksyz, köp edebiýatlarda «Älemi sarsdyran» adam hökmünde suratlandyrylýan Çingiz han hakynda onuň birtopar döwürdeşleridir soňrakky buržuaz alymlaryň ençemesiniň işlerinde maglumatlar bar. Ýöne olarda bu gazaply hökümdaryň döwleti edara edişine, serkerdelik ukybyna hem gaýry zatlaryna uly orun berilýär. Dogrudanam, göçüp-gonup ýören garyp çarwanyň külbesinde dünýä inen mongol urşujysy Temuçiniň –soňra ýowuz Çingiz hana öwrülip, ägirt uly territoriýany öz elinde saklan adamyň ömri gaty köp taryhçylaryň ünsüni özüne çekipdir. Esasan, onuň şahsy taraplaryna köp üns beren taryhçylaryň Çingiz han barada galdyran ýazgylary gapma-garşy pikirlerden, nätakyklyklardan doly. W.Ýan bolsa Çingiz hanyň ýeten derejesini her bir hökümdar üçin häsiýetli zat hasaplaýar. Öz aýdyşy ýaly: «Ähli ýeri öwlüýä ümsümligine öwrüp, älem-jahandaky oba-şäherleriň baryny tep-tekiz etmegi, ýaýylyp ýatan uç-gyraksyz sähralarda mongol atlarynyň bakylyşyny, şol ýerde göwsi gaba mongol aýallarynyň öz ýognas, şadyýan çagalaryny emdirişlerini görmek islän» Çingiz hanyň döwleti dolandyryş ýa-da serkerdelik başarnygyny däl-de, onuň ýykgynçylykly ýörişlerini, görlüp-eşidilmedik zalymlygyny, adamlara bolan ýigrenjini – W.Ýan ine, şu zatlary açyp görkezmegi, hudožnigiň nazaryýeti bilen ýazgarmagy maksat edinýär. Ýöne bu arzuwyň dörän wagty bilen hasyl bolan döwrüniň aralygynda tutuş otuz ýyl ýatyr! Ähli zady öz gözleri bilen görmek isleýän W.Ýan rus-ýapon urşy başlanan badyna Manžuriýa barýar. Soň bolsa ykbal ony dünýäniň dürli künjeklerinden çykarýar. Bu döwürde ençeme ýurtlarda syýahatda bolup, kän zatlara akyl ýetiren ýazyja Türkmenistana dolanmak pikiri ýatsa-tursa ynjalyk bermeýär. 1912-nji ýyldan başlap W.Ýan Russiýa Telegraf Agentliginiň Balkan daglaryndaky daşary ýurt habarçysy bolup esli wagt işleýär. Ol ilki Türkiýede ýaşaýar, birinji jahan urşy başlanansoň bolsa Rumyniýa geçýär. Ol ýerden bolsa Oktýabr rewolýusiýasy ýeňip üstün çykandan soň – 1918-nji ýylda Russiýa dolanyp gelýär. W.Ýan eýýäm ýaşy kyrkdan geçen, maşgalaly adam. Ýöne şonda-da syýahata teşnelik ony erkine goýmaýar. Soňky on ýylyň içinde ol Ukrainada, Sibirde, Tuwada, Özbegistanda bolup görýär. 1928-nji ýylda bolsa Moskwada ymykly ornaşýar. Indi näçe diýseň durmuş tejribesini toplan, köp zatlara akyl ýetirýän ýazyjy birwagtlar ýüregine düwen pikirlerini durmuşa geçirmäge girişýär. 20-nji ýyllaryň ahyrynda, 30-njy ýyllaryň başlarynda ol ilkinji kämil taryhy hekaýalaryny, powestlerini döredýär. Kompasyň diliniň hemişe Demirgazygy görkezişi ýaly, W.Ýanyň döredijiliginiň ugry hem esasan Gündogara – Aziýa, Türkmenistana gönügendi... Şol ýyllarda birnäçe hekaýalaryndan başga-da, ýazyjynyň uly göwrümli eserleri – Aleksandr Makedonskiniň ýörişleri hakynda gürrüň berýän «Alaňlardaky alawlar». «Spartak» hem «Finikiý gämisi» powestleri peýda bolýar. «Çingiz hany» ýazmak isleýänimi men 1934-nji ýylda «Molodaýa gwardiýa» neşirýatyna duýdurdym. Pikirimi oňlansoňlar, «Aziýany sarsdyryjy» beýik basybylyjy bilen belli-külli gyzyklanyp ugradym. Ýöne nähili ýazmaly? Onuň bütin ömrüni beýan etmelimi ýa-da has gerekli epizodlar bilen çäklenmelimi? Ilki bilen onuň ömrüne, ýaşan döwrüne, şertlerine dahylly ähli zatlary öwrenip ugradym. Häzirki zamanyň talaplaryndan ugur alyp, tema degişli elime düşen zatlaryň ählisini öwrendim. Olaryň baryny sanap çykjagam bolsaň, az-küş zat däl. Ýöne esasyraklary şular: Uzak asyrlaryň ýyl ýazgylarynyň beýany bolan mongolça, hytaýça, parsça, arapça ýazylan eserler (W.Ýan ýewropa hem gündogar dilleriniň birnäçesini gowy bilýärdi. – M. Ýa.), häzirki zaman rus hem ýewropa alymlarynyň işleriniňem mümkin bolanlary bilen tanyşdym. Çeşmeleri öwrenmek mana Çingiz hanyň ömrüne hem işine degişli anyk ugur alyş nokady tapmaga, şol döwri hakykata laýyk suratlandyrmaga uly kömek etdi.» Bu sözleriň aňyrsynda ýazyjynyň hysyrdyly zähmeti, eseriň şowly çykmagy üçin çeken azaplary ýatyr. Romany ýazylyp başlanan wagty Ýewropada Çingiz han ýaly täze bir ganojak basybalyjynyň – Gitleriň peýda bolan döwrüne gabat gelýär. W.Ýan bu eserini ýazanda Türkmenistanda ýaşan, işlän döwürlerinde gören-eşiden zatlaryna, syýahatlaryndan galan ýitmejek täsirlere uly orun berýär. Horezm – Çingiz hanyň ýykgynçylykly ýörişlerine çenli diýseň baý, hemme taraplaýyn ösen kuwwatly döwlet bolupdyr. Bu ýerde söwda, hünärmentçilik, ekerançylyk, jaý gurluşygy ýaly zerur pudaklar bilen birlikde, magaryfdyr edebiýat hem gülläp ösüpdir. Munuň şeýledigini görnükli gündogarşynas L.I.Klimowiçiň bir makalasyndan alnan şu setirlerem tassyklaýar: «Maryda hem Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde köp sanly ajaýyp edebiýatçylar ýaşaýarlar hem döredýärler. Mongol çozuşlaryna çenli ýaşan horezmşalaryň döwletinde uly medeni merkez hökmünde Marynyň ähmiýeti XII asyrda hem XIII asyryň başlaryna çenli saklanýar. Mongollaryň çozuşyndan iki ýyl öň Marydan giden we «Ýurtlaryň sözlügi» atly belli eseriň awtory Ýakut şeýle ýazýar: «Men Maryny (616-njy) häzirki ýyl hasaby boýunça 1219-njy ýylda gülläp ösýän döwründe taşlap gitdim... Eger-de bu ýurtlara tatarlaryň (mongollaryň) çozuşlary hem ýykgynçylyklary bolmadyk bolsady, onda men (Maryny) adamlarynyň sypaýylygy, mylaýymlygy hem alçaklygy, galyberse-de, ondaky esasy ylymlara degişli kitaplaryň köplügi üçin ömrüm ötýänçä taşlamazdym... Men gaýdan wagtymda ol ýerde on sany kitap saklanýan (haýyr-yhsançylyk maksady bilen gurlan) jaýlar-wakflar bardy. Munuň ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalara men dünýäniň hiç ýerinde duşmadym. Şol kitaphanalaryň ikisi ybadathanada ýerleşýärdi. Olaryň biriniň ady Aziziýe... Bu kitaphanada 12000 ýa-da şol töweregi kitap bardy. Dumaýriýe kitaphanasy hem şol ýerde ýerleşýärdi...» Ferganadan Eýrana we Aral deňzinden Hind derýasynyň ýokarlaryna çenli bolan ägirt uly territoriýany tutup duran Horezm döwletiniň soňky şasy Allaeýeddin Muhammet II obrazy romanda hem dürli çeşmelerdir rowaýatlarda beýan edilişi ýaly suratlandyrylýar. Onuň garşydaşy Çingiz han welin düýpgöter başga hili adam. Ol adamlaryň başyny jemlemegi, olary bir maksada ugrukdyryp, ýeňşe bolan berk ynamy oýandyrmagy başarýan serkerde. Çingiz hanyň (1155-1227) serkerdelik ukybynyň näderejede ýokary bolandygy Jawaharlal Neruwyň «Otkrytiýe Indii» kitabyndan alnan şu sözlerdenem aýdyň görünýär: «Çingiz han, şübhesiz, dünýäniň iň beýik serkerdeleriniň biri, belki-de, iň beýigidir. Ýewropaly hem aziýaly rysarlar Çingiz han hem-de onuň ýoluny dowam etdirijiler bilen deňeşdireniňde hiç zadyň alnyndan däldi. Merkezi hem Günbatar Ýewropa serkerdeleriniň gazanýan söweş üstünlikleri köplenç halatda tötänlikler bilen baglydy. Ýewropa urşy alyp barmagyň hem harby sungatyň sapagyny berenler-de mongollardy». 1215-nji ýylda Demirgazyk Hytaýy haraba öwren Çingiz han 1219-njy ýylda 150-200 müň atlydan ybarat oňat ýaraglanan, şol döwrüň öňde baryjy harby tehnikasy bilen üpjün edilen ägirt goşunyny Horezm döwletiniň üstüne sürýär. Horezm döwletiniň şasy Muhammediň gowşak ýolbaşçylygy, ummasyz köp goşunynyň başyny jemläp, duşmanyň garşysyna gönükdirmegi başarmanlygy mongollaryň üstünlik gazanmaklaryny ýeňilleşdiripdir. Berk galalary, uly goşuny bolan baý şäherler yzly-yzyna synýar. 1220-nji ýylda Buhara basylyp alynýar. Şäher elhenç talanýar we ýakylýar. Samarkandyň ilaty mongollara berk garşylyk görkezýär. Emma ruhanylardyr beýleki baý adamlaryň Çingiz hanyň tarapyna geçmekleri netijesinde Samarkant hem Buharanyň gününe düşýär. Muhammet şa bolsa aljyrap, Eýrana gaçýar. Mongol goşunlary Horezmi eýeläp, soň Günorta Türkmenistana aralaşýarlar. Ýazyr (Şähryslam), Nusaý, Abiwert, Saragt ýaly uly şäherleri boýun egdirip, mongollar 1221-nji ýylda Maryny gabaýarlar. Sekiz gün dowam eden gabawdan soňra, ýerli ilatyň gaýduwsyz garşylyk görkezýändigine garamazdan, Marynyň ruhanylary duşmanlara boýun egipdirler. Şeýlelikde, Mary aýylganç talanypdyr, onuň medeniýeti, sungaty aýak astyna salnypdyr, ýakylyp ýok edilipdir. Diňe bir Mary şäheriniň özünden öldürilen adamlaryň sany 1 million 300 müň adama ýetipdir. Ýörite otrýad kyrk bir günläp bu boýun egmezek şäheriň ilatyny gözlemek we gyrmak bilen meşgul bolupdyr. Soňra mongollar Günbatar Horasanyň içinden geçip gidipdirler we Jürjanda özleriniň Horasandaky iň soňky howply duşmany bolan Ynanç hany çym-pytrak edipdirler. Şundan soň Çingiz han öz leşgerlerini tozdurylan Orta Aziýadan Mongoliýa tarap yzyna äkidipdir. Altynjy oktýabrda ol Amyderýanyň üstünden geçmekligi tamamlapdyr we ýuwaş-ýuwaşdan demirgazyk-gündogara ugrap, talanyp alnan hazynalary özi bilen alyp gidipdir, birgiden gullary sürüpdir. Indi ençeme ýyllardan bäri mongollara hyzmat edip ýören horezmli täjir Mahmyt Ýalwajy Çingiz han Orta Aziýanyň hökümdary edip goýupdyr. Öz goşunlary bilen rus döwletiniň serhedine çenli ýetip, 1227-nji ýylda 72 ýaşynyň içinde aradan çykan Çingiz hanyň basybalyjylykly çozuşlaryny onuň ogullary dowam etdirýärler. Rus ýerlerini hem Ýewropa ýurtlarynyň ençemesini boýun egdirmekligi olar amala aşyrýarlar. Mongollar tarapyndan basylyp alnan hemme ýurtlar üçin bolşy ýaly, Çingiz hanyň çozuşlary Orta Aziýa üçinem aýylganç betbagtçylyk bolupdyr. Ylmy kommunizmiň düýbüni tutujy Karl Marks özüniň «Hronologik göçürmelerinde» bu barada şeýle ýazýar: «...ordalar Horasanda, Samarkantda, Balhda we başga rowaç şäherlerde wagşylyk edýärler. Sungat, baý kitaphanalar, ajaýyp oba hojalygy, köşkler we metjitler – hemme zat owarra edilýär». Mongol goşunlarynyň öz basyp alan ýerlerini elhenç talamaklary-da, ilaty gyrgyna bermekleri-de halkyň ruhuny syndyryp bilmändir, basylyp alnan ýerlerdäki ilat häli-şindi gozgalaň turzupdyr. Halkyň edermen ogullary sähelçe maý bolan pursaty daşyna goşun toplap, mongollar bilen garpyşypdyrlar, olara ýazylganlyk bermändirler. Ata Watana bolan çäksiz söýgi, azatlyga, garaşsyzlyga ymtylyş olaryň goltugyndan gop berip, ellerine gylyç tutdurypdyr. Orta Aziýa halklarynyň arasynda rowaýaty gahrymana öwrülen Jelaleddin ýazyjynyň iň eý görýän obrazlarynyň biridir. Bu gahryman hakda ol «Çingiz han» romanynda ýazanlary bilen çäklenmän, aýratyn eser döretmegi ýüregine düwýär. Ýazyjy Jelaleddin hakynda gürrüň berýän «Edermenligiň ganatlarynda» powestini ýazýar. Onuň kyn döwürde – Beýik Watançylyk urşunyň haýhatly ýyllarynda edermen Horezm şazadasynyň obrazyna ýüzlenmegi ýöne ýere däldi. 1943, 1944, 1945-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň sahypalarynda «Jelaleddin» diýen at bilen dolulygyna çap edilen powest bize halkyň bu söýgüli gahrymanynyň set müň kynçylyklardan, sansyz söweşlerden doly ömri hakynda birgiden gymmatly maglumatlar berýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, powestiň «Agzybirlik yzyndaky sergezdançylyklar» babynyň bir bölegine ser salyp göreliň: «Jelaleddin öz goşuny bilen birnäçe ýyllap Aziýanyň dürli döwletlerine aýlandy we bütin Hindistanyň içinden söweş bilen geçip, günbatara baka gitdi. Ol mongollara diňe bir garşy durmagy däl, hatda olary Horezmden we beýleki musulman ýerlerinden hemişelik kowmagy hem başarjak ullakan goşun güýjüni döretmek üçin dostluk soýuzyny baglaşmaga, goşunlary birikdirmäge hemme hökümdarlary yrjak boldy. Emma onuň şol döwletleri birleşdirjek bolup eden hemme synanyşyklary puja çykdy. Onuň öz dogany Kyýaseddinden başlap, türk taýpalarynyň we döwletleriniň hemme serdarlary ownuk serhet dawalary bilen meşguldylar. Biri-birleri bilen gyr ýagydylar we hemme türk taýpalaryny birleşdirmek baradaky beýik maksady öz öňlerinde goýmak islemeýärdiler. Şonuň üçin Jelaleddin has hem günbatara – Bagdat halypasy Mustansiriň ýerlerine baka ugrady. Mongollara garşy göreşmek üçin musulmanlara baş bolmaga ony yryp bilmänden soň, onuň goşunyny derbi-dagyn etdi we ýüzüniň ugruna ýerli goşunlary çym-pytrak edip, Azerbaýjana hem Arrana gitdi... Şeýle-de bolsa esasy maksat – musulman goşunlaryny birleşdirmek maksady berjaý bolmady. Jelaleddiniň ömri we ýörişleri hakynda kitap ýazyp ýören Muhammet Nesewi oňa: – Men seniň edermenlikleriňi köp gördüm... Seniň esgerlere ýüz tutup aýdan sözlerini, uruş buýruklaryňy eşitdim. Eger göwnüňe zat getirmeseň we çyn ýürekden jogap berseň, meniň ýene käbir zatlary bilesim gelýär – diýdi. – Aýt, dostum, aýt. Saňa tüýs ýürekden jogap bererin. – Soltan, sen özüň görüp dursuň. Ölümiň gara ganaty hemmämiziň üstümize gerilip dur. Biz ýene köp ýaşajakmy ýa şu gün biziň soňky günümizmi – bilmeýäris. Wagt bolsa geçip gidip barýar, çagalar ulalýarlar, garrylar hem mongollara garşy bolan göreşiň soňky ýyllary hakyndaky hemme zatlary bilmäge howlugýarlar... Indi sen meniň gönümelligimi bagyşla. Öz wesetiňi ýazan ýaly edip, meniň bilen açyk gepleşmegiňi haýyş edýärin. Seniň kalbyňda besläp ýören arzyly pikirleriň we özümiziň ösüp barýan neslimize etjek sargytlaryň ýerine ýetirilermikä diýen umyt bilen, şolary öz kitabyma ýazasym gelýär. Seniň şol sözleriň ebedi bolup galar, mongollaryň her hili wagşylyklary we zorluklary seniň ol sözleriňi halkyň ýadyndan çykardyp bilmez. Jelaleddin bir salym pikirlendi-de, şeýle jogap berdi: – Men gaty köp zatlary aýdyp biljek. Emma gürrüň näçe uzak bolsa, ol şonça-da tiz ýatdan çykýar... Şeýle bir zat meniň ýadyma düşýär: Ençeme ýyl mundan öň güýçli ýel turanda çölüň içindäki obada garaja çatmaly bir çopan meni myhman aldy. Ol şonuň öňinçäsi ýerden gaty agyr köne küýze tapan eken. Ol maňa «Küýzäniň agzyny açyp ber» diýdi. Men hem açyp berdim. Onuň içinde ady halk ertekilerinde meşhur bolan Baýander hanyn öz agtyk-çowluklaryna ýazyp goýan wesýetnamasy bar eken... Men şol haty göçürip aldym, şondan bärem ony hiç wagt ýanymdan aýyramok. Onda ine, şeýle ýazylypdyr. Ol kümüş gutujyga towlanyp salnan haty guşagynyň arasyndan çykardy. «Öz agtyklaryma we çowluklaryma wesýet galdyrýaryn. Men olara tylla we baýlyk galdyramok. Men abadanlyk we şatlyk öýüni olaryň öz elleri, öz zähmetleri bilen salynmaklaryny isleýärin. Beýik türk taýpasyndan bolan nesillerim, men size ýüz tutýaryn. Size ebedilik şöhrat, howpsuzlyk we abadanlyk berjek hem-de sizi ýeňilmez etjek bäş sany gymmatly zady ýatda pugta saklaň. Şol gymmatly zatlar: Mertlik, zähmetsöýerlik beren sözüňden dänmezlik, aýaly hormatlamak we merhemetli Allany şöhratlandyrmakdyr. «Baýander han.» Bolşy ýaly mysal alnan bu bölekden Jelaleddiniň öz öňünde goýan asylly maksatlary, adamkärçilik sypatlary belli bir derejede aýdyň görünýär. Baş gahrymanyň bütin ömür ýoluny, işlerini beýan edýän bu powestiň gymmatly taraplary diňe bir munuň bilen çäklenmeýär. Ondaky «Beýik Horezmiň ýoga çykyşy hakyndaky hasratly poweste iň bir adatdan daşary sahypalaryň birini ýazan Ürgenjiň goralyşyny» suratlandyrýan sahnalar has-da ünsi çekijidir, Taryhy çeşmelerde juda az maglumat berilýän ol söweşler powestde aýratyn uly ussatlyk bilen janlandyrylýar. W.Ýan öz ýazgylarynyň birinde «Çingiz hany» ýazyp ýörkä Jelaleddiniň obrazy bilen juda içgin gyzyklanandygyny, gündogar awtorlarynyň golýazmalaryny öwrenip, mongollaryň öz batyrlyklary ýa güýji bilen däl-de, eýsem sany, berk düzgün-nyzamy, galyberse-de, wagşylyklary bilen ýeňendiklerine göz ýetirendigini ýazýar. Ol gorkaklyk, öz ýurduňa hyýanat etmeklik, para-peşgeşdir boýun synmak arkaly mongol gyljyndan aman sypmak islän köp sanly adamlaryň arasyndan duşman bilen mert söweşe çykyp biljek batyr, ruhy taýdan güýçli ýigitleri gözländigini, edil şol wagt hem edermen, gaýduwsyz Jelaleddinde nazarynyň eglenendigini belläp geçýär. «Beýik Isgenderiň ýörişleriniň kitabyny» hemişe ürç edip okaýan Jelaleddiniň gazanýan ululy-kiçili ýeňişleri mongollaryň ýeňilmezekdigi baradaky howaýy rowaýaty puja çykarýar, halkyň ruhuny göterip, olaryň aňynda öz güýçlerine bolan ynamy oýarýar. Ol her neneň kyn ýagdaýlarda-da özüni ýitirmän, ähli zady sowukganlylyk bilen ölçerip-dökýän serkerde. Öz urşujylarynyň ruhuny göterip, olaryň kalbynda ýeňşe bolan ynanç döredip bilýän Jelaleddiniň şahsy edermenlikleri-de goşun üçin ullakan goltgy bolýar. Çingiz hanyň ondan eýmenmeginiň düýp sebäbi hem şunda. Jelaleddiniň «Özüniň gahrymançylykly işlerini söweş meýdanynda gylyç ujy bilen ýazýan» söwer dosty Gara Hanjar hem batyrlyk, dogumlylyk babatda hiç kimden pes oturanok. Muhammet şanyň zulumyna çydaman, ata çykan ol ýigidiň içi höküm sürýän eden-etdilikden, adalatsyzlykdan ýaňa ot bilen ýalyn. Muhammet şa onuň kakasynyň hem, erkeg-u-aýal – ähli doganlarynyň hem başyna ýetipdir. Bularyň hem üstesine, şa onuň gije-gündiz arzuwlap ýören söýgülisi Güljemaly üç ýüz birinji aýaly edip, köşge zorluk bilen äkidipdir. Bu zatlary içine sygdyryp bilmän, çöle çykyp, garakçylyk edip ýören Gara Hanjaryň bar maksady duşmanlaryndan öç alyp, içini sowatmak. Gorkut çopanyň öýündäki ilkinji duşuşykda Jelaleddiniň bu batyr, garadan gaýtmaz ýigide göwni ýetýär. Kem-kemden Gara Hanjaryň gazaby bir adamyň üstünde durman, ähli ezijilere, ýurdy gyrgyna salyp ýören ýowuz ýaga gönügýär. Ol öz eziz Watanynyň geljegi, azatlygy üçin aladalanyp ugraýar. Ine, şu isleg hem ony öz ganym duşmany Muhammet şanyň ogly Jelaleddin bilen birleşdirýär. Gara Hanjaryň edermen ýigitdigi, söýgülisine çäksiz wepalydygy haçan-da köşkde bendi ýaly saklanylýan Güljemaly parçalatmak üçin, onuň otagyna goýberilen aýylganç barsy öldürýän pursatynda has-da äşgär görünýär. Bu namysjaň ýigit şol wagt tapsa, şany kerçemekden hem gaýtjak däl. Namysy ähli zatdan ileri goýýan sada, edermen ýigidiň ýary Güljemal hem romandaky iň özüne çekiji obrazlaryň biridir. Çöl içindäki garyp obalaryň birinde dünýä inip, bütin ömrüni çekene bakyp geçiren Gorkut çopana gyzlyk berlen Güljemal kiçijikliginden agyr işe werziş bolan gyz. Salgyt ýygnalýan wagtda şanyň ýalhorlarynyň gözüne ilip, zor bilen köşge äkidilen Güljemal diýseň özerkli, dogumly, salyhatly maşgala. Öz başyna nä günleriň düşjegini bilse-de, ol namysyny depeletmezlik üçin Muhammet şany öldürmäge synanyşmakdanam çekinenok. Köşgüň bezegli jaýlaryna, dürli nazy-nygmatlara, pula-mala onuň göwni imrinenok. Şonuň üçinem «Haremiň täze dürdänesi» Güljemala süňňüne tüsse ysy ornan ýönekeý türkmen öýüni dikip berýärler. Özüni öldürmäge synanyşany üçin Muhammet şanyň Güljemala görkezýän ezýetlerini it görse, gözi agarjak. Çekip-çydardan çökder horluga, jebir-süteme sezewar bolsa-da, Güljemal öz pikirinden dänip, duşmana boýun buranok. Onuň durnuklylygy, Gara Hanjara bolan çäksiz söýgüsi ähli zatdan üstün çykýar. Güljemalyň daýysy Gorkut çopan bilen biz romanyň bütin dowamynda iki-üç gezek duşuşýarys. Obanyň çekenesini bakýan bu ýarlykly garybyň tüneginde o ýyldan bu ýyla gazanyň gulagy gyzanok. Öz gün-güzerany bilen gümra bolup ýören bu adamyň kalby päk, eli açyk. Onuň üçin şa-geda deň. Gapysyndan kim gelse, açyk ýüz bilen garşylaýar, «Bary bilen bazar eýläp», tapdygyndan hezzet-hormat edýär. Garadan gaýtmaz iki batyr – Jelaleddin bilen Gara Hanjar ilkinji gezek Gorkut çopanyň garyp tüneginde duşuşýarlar. Jelaleddin özüniň belent mertebeli şazadalygy üçin birjik-de ulumsylyk etmän, myhman ýeriniň sarpasyny saklap, ondan-mundan mesaýy gürrüň edip otyr. Emma onuň üstüne gelen Gara Hanjar welin bilgeşleýin garşydaşynyň ganyny gyzdyraýjak içi güjükli sözler aýdyp, şer gözleýär. Gorkut çopanyň şeýle dartgynly ýagdaýda edýän hereketleri, aýdýan sözleri tüýs parasatly türkmen ýaşulusyny ýadyňa salýar. Ol Jelaleddin bilen Gara Hanjaryň hem, beýleki myhmanlary – derwüş Hajy Rahymdyr täjir Mahmyt Ýalwajyň hem deň derejede göwnüni tapyp, olaryň arasynda hiç hili dawa-jenjeliň turmagyna ýol berenok. Tutuş halkyň obrazyny, ýagdaýyny, oý-pikirini bir adamda jemläp bilmek ýazyjydan uly ussatlyk talap edýär. «Çingiz han» romanynda zähmetkeş halkyň wekili hökmünde hereket edýän gahrymanlar o diýen köp däl. Ýöne ýazyjy bütin Horezm döwletindäki ähli milletlerden bolan garyp gatlagyň ýagdaýyny türkmen Gurban gyzygyň obrazynda jemläpdir. Ertirden agşama çenli der döküp, maşgalasyna zordan ölmez-ödi tapýan Gurban agyr zähmetden bili bükülen adam. Emma uruş onuň bujagaz ýykma-ýykylma gününi hem bulaşdyrýar. «Bäş ýüz müň esgerli Horezm goşunyny ýaraglandyrmak hem iýmek-içmek bilen üpjün etmek üçin köp pul, köp galla gerek...» Bu ýylyň salgytlaryny zordan üzen daýhanlara indiki ýylyň salgydynam häziriň özünde tölemeli diýen höküm gelýär. Gurbanyň welin çömmeltme degen arryk towgundan başga berere zady ýok. Bili bükülen ejesi, agyr zähmetden ýaňa wagtyndan ir solup barýan aýaly, dört çagasydyr özi aç ýagdaýynda Gurban salgyt ýygnaýanlara bir çuwal bugdaýy nireden tapyp bersin?! Bermeseňem, elli taýak hakyň bar. Salgydam, taýagam owarram diýseň, onuň özüni-de nökerlige çagyrýarlar. Urşa gitmezinden öňürti hojalygyň odun-çöp ýagdaýyny düzeden Gurban çagalaryna göwünlik berýär. Gara gün üçin niýetläp, gömüp goýan azajyk jöwenidir tohumlyk bugdaýyny görkezip, hiç kime aýtmazlygy olara pent edýär. Gepe çeper, göwnaçyk Gurban Ynanç hanyň serkerdelik edýän toparyna düşýär. At, ýarag alyp, söweş tärlerine türgenleşen Gurban gyzyk ençeme gezek duşman bilen ýüzbe-ýüz durýar, Buharany goramaklyga-da gatnaşýar. Emma öňde-ahyrda ýeke gezegem ýeňşe ýüzi düşenok... Ýazyjynyň uly söýgi, halkyň gylyk-häsiýetine, däp-dessuryna, içki dünýäsine beletlik bilen döreden bu türkmen obrazlaryndan öwrenere, görelde alara zat kän. W.Ýanyň bütin döredijiliginiň naýbaşy eseri hasaplanýan mongol-tatar ýörişleri baradaky trilogiýasynyň birinji kitaby bolan «Çingiz han» romany biziň gözümiziň önünde alys geçmişi janlandyrýar. Biz romanyň sahypalaryndan şol döwürde ýaşan halklaryň durmuşlaryny, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny, beýleki milletleriň wekilleri bilen birlikde özleriniň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda ýowuz duşmana garşy egin-egne berip, gaýduwsyz göreşen ata-babalarymyzyň obrazlaryny görüp bilýäris. Ol obrazlar bizde Watany söýmek, onuň azatlygy ugrunda göreşmek, halkyň iň gowy däp-dessurlaryny hormatlamak, ikiýüzlüleri ýigrenmek duýgularyny terbiýeleýär. «Çingiz handa» Jelaleddin horezmli goşunbaşylaryň arasynda mongollaryň güýjünden heder etmän, halky göreşe çagyran ýeke täk adam hökmünde suratlandyrylýar. Mongollar bilen deň bolmadyk aldym-berdimli söweşde göreş baýdagyna öwrülen Jelaleddin soňra halk gahrymanyna, şöhratly serkerdelige çenli ösýär. Öz bütin galagoply ömrüni Çingiz han bilen göreşe bagyşlan Jelaleddin batyr hem azatlyk söýüji gahrymanyň idealy hökmünde halk köpçüliginiň aňynda müdimilik ornaýar. «Çingiz hanyň» neşir edileninden birnäçe aý geçensoň ikinji jahan urşy başlandy. Roman şol wagtyň okyjylarynyň aňyndan çykmaýan, olary tolgundyrýan sowallara jogap berýärdi, göreşe çagyrýardy. Beýik Watançylyk urşunyň ilkinji dartgynly wagtynda W.Ýanyň ýedi ýarym asyr mundan ozalky döwrüň wakalaryny suratlandyrýan romany millionlarça adamyň aňyny gozgalaňa salyp, diýseň täzeçe ýaňlanypdy. Ýazyja birinji derejeli Döwlet baýragynyň berilmegini okyjylar köpçüligi romanyň taryhy hem edebi gymmatyna berlen mynasyp baha hökmünde goldapdylar. Ol wagtlar Daşkentde ýaşap, uruş zerarly ewakuasiýa edilen moskwalynyň ýeňil bolmadyk durmuşyny başdan geçirýän W.Ýanyň «Çingiz hany» diňe 1942-nji ýylyň özünde iki gezek neşir edilýär. Soňra bolsa roman köp dillere terjime edilip, şol sanda Angliýa, ABŞ, Fransiýa, Finlýandiýa, Argentina ýaly döwletlerde hem çykýar. Bu ilkinji uly üstünlik, ykrar edilmek altmyş ýedi ýaşly ýazyjyny her näçe begendiren-de bolsa, onuň bar pikiri ýazsam diýip arzuw edip ýören trilogiýasyny tamamlamak bilen baglydy. Ýazyjy Çingiz hanyň agtygy Batynyň rus topragyna eden talaňçylykly ýörişlerini mongol-tatar basybalyşlary baradaky trilogiýasynyň esasy bölümi etmegi niýet edinipdir. Roman esasan Beýik Watançylyk urşunyň ön ýanynda ýazylyp, 1941-nji ýylda «Detskaýa literatura» neşirýaty ony «Awtor çagalar üçin täzeden işledi» diýen görkezme bilen powest görnüşinde neşir edýär. Emma awtor Daşkentde ýaşan döwründe romany gaýtadan işläp bilmeýär. Şeýlelikde, «Baty» ilkinji tezek dolulygyna 1942-nji ýylda çykýar. Ýazyjynyň Baty hanyň basybalyşlarynyň dowamyny yzarlaýan «Soňky deňze tarap» romany rus topragyna hem günbatar Ýewropa edilen talaňçylykly ýörişleriň jemini jemleýär. Roman ýazyjy aradan çykanyndan bir ýyl soň – 1955-nji ýylda neşir edildi. Ýazyjynyň özi «Çingiz han» romanyny ömrüniň esasy işi hasap edýärdi. Munuň hakykatdanam şeýledigini romanyň barha artýan gadyr-gymmatam, dürli döwürlerde berlen ýokary bahalaram tassyklaýar. Ine, şol bahalaryň käbiri: «W.G.Ýançeweskiniň (W.Ýanyň) «Çingiz han» romany – uzak döwrüň taryhy. Biziň şöhratly ata-babalarymyzyň göreşişi ýaly, öz Watanyň garaşsyzlygy, namysy hem azatlygy ugrunda göreşmegi taryhy mysallar arkaly öwredýän şeýle eserleriň peýda bolmagyny diňe gutlamak gerek... («Prawda» gazetiniň baş makalasyndan). «W.G.Ýançeweskiniň (W.Ýanyň) birinji derejeli baýrak alan «Çingiz han» romany öz içine alýan wakalarynyň giňligi, materiallarynyň köplügi, ýazylyş ussatlygynyň kämilligi boýunça sowet edebiýatynda soňky ýyllarda dörän ajaýyp hem özboluşly hadysalaryň biridir...» (A.A.Fadeýew – «Prawda» gazeti) «Taryhçynyň bilimini hem ýazyjynyň ussatlygyny bir ýere jemlemegi W.Ýana ýokary çeperçilikli, taryhy taýdan dogry eser döretmäge mümkinçilik beripdir. W.Ýanyň kitaby Çingiz hanyň aýylganç ýörişleri hakynda bolsa-da, onda daşary ýurt gul edijilerine garşy gaýduwsyz göreşmäge çagyrýan azatlyk ugrunda batyr urşujylaryň aýdyň obrazlary döredilipdir... Sowet ýazyjylarynyň taryhy temalara ýüzlenmekleri ýöne ýere däl. Maksim Gorkiý öz wagtynda bu gyzyklanmany öňden görüpdi, «Taryhy romanlar seriýasyny» neşir etmegiň planyny düzüpdi. W.Ýanyň kitaplary Gorkiniň şol tagallalarynyň ýerine ýetirilmegidir...» (Akademik I.I.Mins – «Prawda» gazeti). «Urşuň öň ýanynda ýazylan «Çingiz han» hem «Baty» sowet adamlarynda öz Watanyňy goramaga hemişe taýýar bolmak duýgularyny, milli guwanjy terbiýeledi. W.Ýanyň «Çingiz hany» – sowet taryhy romanlarynyň klassyky eseridir...» (Ý.Andreýew – «Sowet taryhy romanlary» kitabyndan). «Kynçylykly döwürde öz halkyň derdine ýaramak – bu her bir edebiýatçy, hudožnik üçin hiç zat bilen deňäp bolmajak beýik hormatdyr. Garry ýazyjynyň romanlary öz halkynyň ruhy ýaragynyň bir bölegine öwrüldi. Hut şonuň üçinem, W.Ýanyň eserleri häzirem ýaşaýar, geljekde-de uzak wagtlap ýaşar.» (Ý.Semanow – «Moskwa» žurnaly) «W.Ýanyň ýyldyzy edebiýatyň eýlesine-beýlesine göz ýetmeýän asmanyndaky ýüzlerçe, müňlerçe parlak ýyldyzlaryň arasynda ýitip gitmedi. Onuň ýyldyzy taryhy temadan eser ýazan soňky nesillerden dörän ýazyjylaryň hem ýoluna şugla saçýar...» (A.I.Nemirowskiý – «Podýom» žurnaly). «Hormatly ýoldaş Ýan! Siziň «Çingiz han» romanyňyzy men söweşleriň arasyndaky dynç alýan wagtmyzda okadym. Eser maňa örän uly täsir etdi. Şonuň üçinem men Watançylyk urşunyň ýowuz günlerinde sowet halkyna sowgat beren ajaýyp romanyňyzy okan ähli söweşdeş ýoldaşlarymyň adyndan Size minnetdarlyk bildirmegi ýüregime düwdüm. Urşujylar söweşe gidenlerinde Kalka derýasynyň boýunda bolan jeniň gahrymanlaryny, Ürgenjiň batyr senetçilerini, gaýduwsyz Jelaleddini, gorky-ürkini bilmeýän Gara Hanjary ýatlaýarlar...» (Starşiý seržant M.G.Baldenkowyň frontdan iberen hatyndan) Beýik Watançylyk urşy başlanan uçurlarynda W.Ýan özüni fronta ibermeklerini haýyş edip, degişli gurama arza berýär. Ýöne oňa «Front üçin galam hem edil ýarag ýaly gerek» diýip, jogap berýärler. Şondan soň ýazyjy ýazyp ýören taryhy eserlerini tamamlap, döwrüň wajyp meselelerine ýüzlenýär. Onuň şol döwürde döreden «Gitler we Bismark», «Gitler we Çingiz han», «Drang nah Osten» («Gündogara okgunly zarba»), «Täze Russiýanyň adamlary», «Halkyň kömeginiň kuwwatly akymy», «Watana söýgi – ölümden güýçlüdir» hem beýleki birnäçe oçerk, hekaýalary söweşýän esgerleriň, tylda zähmet çekýänleriň arasynda uly terbiýeçilik roluny oýnady. Onuň şol döwürde ýazyp başlan «Taryhyň hereketini üýtgeden ýalňyş» agly pesasy hem uruş temasyndandy. Beýik Watançylyk urşy tamamlanyp, Moskwa dolanyp baransoň hem W.Ýanyň Türkmenistan bilen aragatnaşygy kesilmeýär. Onuň öýi Orta Aziýadan baran myhmanlar üçin hemişe açykdy. Garry ýazyjy türkmen topragyndan salam getiren her bir myhmany güler ýüz bilen garşylap, uzak wagtlap gürrüň ederdi, öz syýahatlaryny hezil edip ýatlardy. Ol ömrüniň soňky ýyllarynda-da Türkmenistan bilen baglanyşykly temalardan täze eserler döretmegiň arzuwyndady, entek Daşkentdekä başlan «Köne zakaspilinyň hekaýalary» atly ýazgylaryny tamamlamagyň aladasy bilen ýaşaýardy. Jelaleddin hakyndaky powestiniň täze baplaryny ýazýardy. Emma garrylyk halys basmarlany üçin, ýazmak barha kyn düşýärdi. Ölmeziniň sähel öňinçäsi ol Berdi Kerbabaýewe şeýle hat ýollaýar: «Meniň ýaşlyk döwrümiň iň ýakymly ýatlamalary Türkmenistana hem Orta Aziýanyň beýleki ýerlerine eden syýahatlarym bilen bagly. Şol zatlar hakynda mende häzirlikçe diňe üzlem-saplam ýatlamalardyr birnäçe hekaýalar bar. ýöne çarwa türkmenleriň öňki ykballaryny, şol döwrüň durmuşyny hem gaýry ýagdaýlaryny jikme-jik beýan edýän bir eser ýazasym gelýär. Bu diňe bir türkmenler däl, eýsem sowet okyjylarynyň giň köpçüligi üçinem gyzykly bolarmyka diýip, pikir edýärin... «Goja türkmeniň» iň gowy arzuw-niýetlerini hem mähirli salamyny kabul ediň!» * * * W.Ýanyň aradan çykaly bäri geçen çärek asyr wagtyň içinde biziň ummasyz giň Watanymyzda ençeme uly özgerişlikler ýüze çykdy. Beýleki ähli ugurlarda bolşy ýaly, edebiýata hem täze güýçler geldi, ençeme ajaýyp eserler döredildi. Ýöne watançy ýazyjynyň eserleri wagtyň synagyndan üstünlikli geçip, henize bu güne çenli okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolup gelýär. Onuň romanlarydyr powestleriniň ýylyň-ýylyna dürli dillerde neşir edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýazyjynyň 100 ýyllyk ýubileýi bellenen 1975-nji ýylyň maglumatlaryna görä, «Çingiz han», «Baty» romanlary SSSR-iň hem daşary ýurtlaryň 30-synyň dillerinde 250-den-de kän ýola neşir edilipdir. Olaryň has meşhury «Çingiz han» (70-den gowrak), «Baty» (40-dan gowrak). Neşirleriň umumy tiražy bolsa 10 million ekzemplýardan-da geçýär. Okan adamlaryň aňynda asylly duýgulary oýaryp, üstünden her näçe wagt geçse-de, öz ähmiýetini ýitirmän, hemişe täzeçe ýaňlanýan eserleri döretmek ähli döredijilik işgärleriniň baş arzuwydyr. Şol arzuwyna ýetip bilenleriň ikinji ömrüniň neneňsi uzak, ajaýyp bolýandygy hemmä belli hakykat. W.Ýan hem şol mertebä aýak basan ajaýyp söz ussatlarynyň biri. Munuň hakykatdan hem şeýledigine ýazyjynyň bize miras galdyryp giden eserlerine barha artýan isleg aýdyň güwä geçýär. Kakabaý GURBANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |