22:19 "Eger... Töhmetden ýykylsa bir däne dostum..." | |
"EGER... TÖHMETDEN ÝYKYLSA BIR DÄNE DOSTUM..."
Goşgular
Eger... Töhmetden ýykylsa bir däne dostum A men gizlin jaýda ýaşyrnyp ýatsam. Bu hem az deý näçe wagtlar ötensoň, Bir halal kişi deý dostum ýat etsem. Ýok, başarrman Başym sallap öterdim, Ölýänçäm ýörerdim ýurtlary aşyp. Garap bilmän bir ynsanyň ýüzüne, Gözlem aşak başym bolardy aşak. Ýok, ýok, ýok... Elbetde bile bolardym, Haýdanynda gulamlary dowzahyň. Dostumyň ýanynda ölerdim bile, Ähtimal ölerdim ondan biraz öň. • Arzuw sanawajy Ajaýyp günleriň birinde, Oýanyp galaryn ukudan. Kalbyň iň çuňňur ýerinde, Derde öwrülen duýgudan. Bir aýdym borun derýa deý, Kalbyň iň çuňňur ýerinde, Bakaryn dünýä dünýe deý, Ajaýyp günleriň birinde, • Ýolbars Mydam gaçar Gaçar daglardan. Derýa gyrasyndan orman-tokaýdan. Dünýede köp ýaşanam ýok, Ol tapýarka munça duşmany kaýdan?! Şormaňlaý şir nirä gaçsyn Nirä gaçsa awçy öňüni kesdi. Ol hiç haçan gaçmazdy weli, Özünede gerekdi derisi. Özbekçeden terjime eden Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |