22:48 Eje, maňa erteki aýdyp bersene! | |
EJE, MAŇA ERTEKI AÝDYP BERSENE!
Goşgular
Öňkimiz deýin, şol öňkimiz deýin Men dyzlaryň ýassyk edip ýataýyn. Şol ýatyşyma-da uka gideýin, Senem eziz ogluň basyp gursaga, Eje, maňa erteki aýdyp bersene! Heňňam geçip, könelse-de döwürler, Asla garramaýan eken göwünler. Gör, nähili ezizdi-le o günler, Dolanaly oşol eziz pursada, Eje, maňa erteki aýdyp bersene! Diňläýin uzyn gün çykman içerden, Aýdanlaryň gaýtalaýyn içimden. Duýgy gözläp setirleriň içinden, Halys ýadatdy-la agyr pelsepe, Eje, maňa erteki aýdyp bersene! Il-güne mynasyp bolmagmy isläp, Gursagyňda gözel hyýallar besläp, Her agşam bir ajap erteki toslap, Ezber şahyr sen ekeniň, görsene, Eje, maňa erteki aýdyp bersene! Senden dömen ylham öwrülip guşa, Ýüregimden özüne ýol açmyş-a. Gel, ikimiz dolanaly geçmişe, Goja heňňam akmasa-da tersine, Eje, maňa erteki aýdyp bersene! 23. 02. 2011 ýyl | |
|
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |