22:56 Ejem jaň edýär... | |
EJEM JAÑ EDÝÄR
Mendenem bir şahyr bormy Şu wagt goşgy nämä gerek. Gurbannazar Ezizow Ejem jaň edýär, alamok, Nämemişim — işlimişim. Ylham gelenmiş birdenkä Goşgy ýazýarmyşym çişip. Nämemiş edil şu mahal Ýazmaga sebäp barmyşyn. Zol-zol ýagyp duranokmyş Daşary galyň garmyşyn. Döretmesem bolanokmyş, Joşupmyşym misli derýa. Ölüp barýarmyşym hakyt Urjakmyşym özüm her ýan. «Soň özüm aýlaryn» diýýän, Diýýän: «Şonda sözläp şirin Ýazyp bolamsoň goşgyny, Uzyn-uzyn gürleşerin. Gaýta ony begendirin Belki derdine em bolar. Täze goşgymyň ilkinji Diňleýjisi ejem bolar». Ýöne men pikir edemok Çaga deý päk zenan hakda. Telefonyň aňyrsynda Garaşýan mähriban hakda. Sähel zada gaýga batýan Altmyş bäşden geçen hakda. Aladaçyl, ynjyk pahyr Uzakdaky ejem hakda. Ol bolsa pikir edýändir «Gören däldir» — diýip — «jaňym». «Bu gün iş güni däl onuň, Aýyrýandyr öýüň çaňyn». Belki ol aýtmak isländir Şu gün örän möhüm bir zat. Näme göwni bar diýsene Sähel zada bolýar ol şat. Belki, gary synlaýarka Täsin hala düşendir ol. Gyşda doglanym üçinem Men ýadyna düşendirin. Göresi gelendir görgüliň Ýolugandyr şeýle derde. Belki aýlandyr, sesimi Eşidesi gelendir-de. Soň özüme sowal berýän «Aldanyp oýnuna gyşyň Ejeň sesine çalşar ýaly Ol nähili goşgumyşyn?! Bir goşgy däl, kataba-da Çalyşmaly däl halyňa. Çalşyp bilýäň tebigatyň Her ýyl ýagjak ak garyna. Ýogsa sen ataň öýüňden Şondan başga kim jaň etse. Jaňy alýarkaň diýýärsiň: «Eýgilik bolsun-da hernä». Adamsyndan ynjamadyk Hudaýyň saýlap-seçeni. Garaşdyrça, gynandyrça, Sen kim, beýderçe ejeňi?». Ýok, meniň hakym ýok muňa Iş etjek däl şondan daşgyn. Goý, ýazylman geçsin yzy Tamamlanman geçsin goşgym. Besdir, ýetik çagasyrap Owal gidenim kejine. Ýürekden ötünç sorajak Jaň etjek häzir ejeme. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |