21:07 Sen geldiñ... | |
SEN GELDIÑ...
Goşgular
Sen geldiň. Ilkinji sesiň eşidip, Ýap-ýaňyja beren sözümden dändim. Ýogsa sen geleňde, dünýä ineňde Menem edil seniň ýaly äm-sämdim. Soňra seni maňa berenlerinde Sen ýatyrdyň Gökden Ýere düşen dek. Saňa gözüm düşüp, men bu durmuşyň Barha süýjäp barýandygna düşündim. Saňa näçe diň salsamam düşünmän Ençe gezek seniň bilen agladym. Ah, sen, öz bellänje wagtynda turýan Gurmasyzdan jyňňyrdaýan sagadym. Seň elläp göresiň, oýnasyň gelýär Bileňok durmuşyň gyzgan ýerini, Saňa nädip düşündirkäm ezizim Pejiň hem çäýnegiň gyzgyndygyny. Telefonyň aýdymyny açmadym Aglan wagtyň sesim bilen diňdirdim. Seniň bilen bagly arzuwlarymy Saňa düzen hüwdülerme siňdirdim. Sen olarda ösüp, tiz ulalýaň-da, Ähli jäjeklerňi gyra süýşürýäň. Kagyz, galam, kitap alyp eliňe Deň-duşlarňy töweregňe üýşürýäň. Soň sen bolup, hem okuwçy hem türgen Türkmen baýdagyny Göge göterýäň. Abraýyna abraý goşup Watanyň Dünýä ýurtlaryndan ýeňiş getirýäň. Göz öňüme gelýär talyp lybasly Köp okaýşyň gözleriňi aýaman. Hem seň özüň ýaly ýigitler bilen Watanyňy gorap gelşiň sag-aman. Eý, täzeje ynsan, kiçijek adam, Islejek däl senden uly bir zadam: Durmuşyňda ejizlige ýol berme, Kemelmesin dogmuň! ... Meň dünýämi çalşyp başga bir dünýä Sen geldiň, oglum! Güljan DURDYÝEWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||