22:52 Mamam gözýaş döküp aglaýar eken | |
MAMAM GÖZÝAŞ DÖKÜP AGLAÝAR EKEN
Goşgular
Jeňden söz açylsa telewizorda, Ýa-da kino görkezilse söweşli. Mamam gözýaş döküp aglaýar eken: «Meniň agalamam şeýdip söweşdi. Bilýän, olar şeýdip söweşendirler, Mertdiler, ýüzlerni çytman gitdiler. Yzlaryndan garap galdyk, hoşlaşdyk, Olar yzlarna-da bakman gitdiler». Iki agasy-da gelmändir gaýdyp, Pahyr urşuň agyr labyryn çeken. Iller ýeňiş günün baýram etseler, Mamam gözýaş döküp aglaýar eken. Indi ondan bäri ençe ýyl geçdi, Bu dünýeden ötdi hatda mamamam. Köneje jaýyndan nyşan galmady, Ulaltdylar onuň bolan tamynam. Käte babamlarda mazam bolanok, Oturjak ýerimde bar ýaly tiken. Göwnüme bolmasa, sesi gelip dur, Mamam gözýaş döküp aglaýar eken. Güljan DURDYÝEWA. | |
|
√ Toý güni ýazylan goşgy / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |