22:50 Şu gapynyň aňyrsynda... | |
ŞU GAPYNYÑ AÑYRSYNDA...
Goşgular
Şu gapynyň aňyrsynda dünýä bar, Bärsinde men durun süýji-kökeli. Men atam öýüme gezmäge geldim. Oba howasyndan dolduryp kemsiz Oba howasyna teşne öýkeni. Ol ýerde daş ýere durmuşa çykan uly gyzlaryna bolup aşa zar, Maňa juda eziz, juda mähriban, Maňa juda tanyş ýüzler ýaşaýar. Häzir men gapyny açaryn weli, Owaldan tanyş ys urar burnuma. Ol ys çagalygmyň, ejemiň ysy, Ol dahylly durmuşdaky ornuma. Soň ýerinden galar bir topar adam Ylgaşarlar, bary birden begener. Kakam öňküsinden ýylgyr üýtgeşik Buýsanjyny gizläp bilmän beýgeler. Ejem geler, çala gujaklaşarys. Onuň ýumşak ýaňagyndan öperin. Çyn türkmen-dä, ol şoňa-da utanar. Soň çygjaran gözlerini süpürer. Üç aý görmän, küýsäp-küýsäp ýetemsoň Bokurdagym dolar, ýuwdaryn özüm. Ol zeýrenen bolar hassa halyndan Men oň diriligne begenip ýörün. Habarly bolansoň geljegimden meň Agşamlygy öz boýnuna alandyr. Uýajygmyň ýürekdendir söýgüsi Gazanyna et baryny salandyr. Heniz çagalykdan goragçymdylar Ejizlämde atlaryny ulandym. Arkamda dagym bar hasap ederdim, Iki agama arka diräp ulaldym. Islegiňe görä tagam bişirler Ol ýerde kän duz-tagamyň görnüşi. Biri derrew çaýyň ugruna çykar Ýürekdendir ýeňňelermiň ýüwrüşi. Gapy açyldygy ylgap geljekler Ol ýerde bigünä kalplar ýaýnaýar. Eşdilip dur olaň sesjagazlary Bugdaýreňk jigijiklem oýnaýar. Soň ýene gelmäge myhmançylyga Meni çagyryp dur päkligi bilen, Meni çagyryp dur täkligi bilen, Şu gapynyň aňyrsynda dünýä bar, Şu gapynyň aňyrsynda ejem bar. Güljan DURDYÝEWA. 22.09.2017 ý. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |