12:20 Güljan Durdyýewadan goşgular | |
GÜLJAN DURDYÝEWADAN GOŞGULAR
Goşgular
![]() MAŇA MEŇZEŞ OGLANA Bir-birne meňzärmiş durmuş gurýanlar, Şol-a maňa meňzemänem duranok. Men sada söýgini halaýan, olam, "Söýýän" diýip ölüp-öçüp baranok. Selçeň bolmasa-da gara saçy bar, Gaşlaram çalaja birleşikliräk. Meňki deý kiçijek, meňki deý ýiti, Gözlerem çukurda ýerleşipdir-ä?! Gülende meň ýaly gülýär begenip, Gürlände-de men dek batly gürleýär. Gowy-da, müňlerçe adama her gün, Salam hem-de hoş gal diýip irmeýär. Oň niýeti gowy, gowy kalby bar, Hiç bir zady erbetlige ýoranok. Söýýän bolsa söýäýmeli bolar-da, Şol-a maňa meňzemänem duranok. • SEN GELINÇÄŇ Sen gelinçäň seýilgähden Gün gider, Sen gelinçäň Günüň eli sowaşdy. Ýalňyz özüm galyp synlap otyryn, Niçe aşyk magşugyna gowuşdy. Sen gelinçäň ýasar guşlar höwürtge, Sen gelinçäň döker baglar miwesin. Nädeýin, gelseň bor lak atmankalar, Durmuş sürtüp başlamanka igesin. Sen gelinçäň maňlaýymdan der akar, Ýüregim suw bolup boşar gursagym. Men bilýän, eý görýäň, şoňçün eglenýäň, Wagt geçenok, ýyla döndi bir salym. Sen gelinçäň çiňňerlişip ýüzüme, Niçe ynsan geçip gitdi deňimden. Ýüregim biynjalyk etmänkä ýetiş, Gorkym az däl alýan ýyly demimden. Sen gelinçäň tomus sowlup, güýz geler, Sen gelinçäňgüýjin ýiti:r öwgülem. Gel ahyr, doňdurma almaga giden, Eý, meň haýal hereketli söýgilim! | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||