22:57 Käte oglum... | |
KÄTE OGLUM...
Goşgular
Käte oglum hiç bir kynçylyk çekmän Sorag berýär jogap tapmasy çetin. Ony dokundyryp biljek jogaby Tapjak bolup ejir çekýän görnetin. — Eje, şu wagt möjek gelse, näme etjek? — Bu ýerlerde möjek ýok ahyr, balam. — Bilýän, ýöne birden gelse diýýän-dä. — Gelse, ýagdyraryn bir bedre baran. — Eje, şu wagt aýy gelse näme etjek, Kinodaky ýaly ullakan aýy? — Şäherde oň ýaly aýy ýok, oglum, Geläýse-de ýarylmazmy maňlaýy. — Özümem gorkamok Döw agadan-a, Salam bersem, maňa hiç zat etmezem. Ýöne aždarhany näme ederkäň, Ol güýçli, oňa seň güýjüň ýetmezem. — O zat diňe ertekide bar, oglum, Ol gelmez, ot saçmaz, iýjegem bolmaz. Ýöne aýdyşyň dek, «geläýse» weli Gaharly gözlermi görüp eýmener. Ol-a iýmek eken, Gaty-gaýrym bir zat diýjegem bolman Uçar gider ganatlarny kakar-da, Bir seretseň, nokat görner ýokarda. — A Böwenjik gelse, näme etjek, eje? Sen nädip saklajak iýdirmän meni? — Böwenjik ýok oglum, garryja mama Oň garnyny ýaryp goýbermändimi?! Geläýse-de, nusga alyp mamadan Haly-palas, ýassyk oklar-da sekä: «Ýadansyň, azajyk dynjyň al» diýip, Güýmärin-de, jaň ederin nol ikä. — Eje, birden robot gelse näme etjek, Ol güýçli, sen ony nädip eýgerjek? — Ol aňsad-a, oglum, bokurdakdaky Dakyk simjagazyn ýolup goýberjek... Soraglaň yzy kän, oňa parhy ýok Seniň işli, işsiz, argyn bolýanyň. Her gezegem tapan çykalgam bilen Örän kynlyk bilen halas bolýaryn. Kiçijegem bolsa bilmek isleýär Özüne söýgimiň derejesini. Köpbilmişlik eden bolup özüçe Şeýdip barlap görýär, gör, ejesini. Eýsem, ol şundan soň çäkli däldigni, Ejesiniň söýgüsiniň kändigni Bilermikä?! Güljan DURDYÝEWA. 2021 ý. | |
|
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |