14:13 Ençeme romanlyk ykballar | |
ENÇEME ROMANLYK YKBALLAR
Edebi makalalar
ýa-da ýazyjy Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» kitaby barada oýlanma Dünýe döräp, adam oglunyň görmedik güni ýok. Uruş-dawa, gyrgynçylyk, tebigy betbagtlyk, ot-suw belasy, töhmet belasy, garaz, sanasaň sanap oturmaly. Bularyň ählisiniň soňy adam ykbalyna diräp, ölüm bilenem tamamlanýar. Ýöne adam pahyr öz ýaradylşy, ynam-ygtykady boýunça ölümden güýçli. Aýdylşyna görä, Allatagala ölümi gara daşlara salanda olar muňa çydaman darka-darka ýarylyp, bagyryberenmişler. Adam başy bolsa şol daşdanam gaty çykypdyr, ine, saňa ajaýyp hem-de ýowuz nakyl – «Adam başy daşdan gaty!». TÜRKMENDE «Eliň bilen etdiňmi, egniň bilenem çekersiň» diýen nakyl bar. Bu nahylyň manysy düşnükli. Günäsini subut edip, boýnuna goýup bilseň, muňa şu döwrüň men diýen şerraý, namart jenaýatçylaram razy. Ýöne nähak töhmet atsaň olaram halanok. Belalaryň içinde iň erbegi megerem töhmet belasydyr. Ol subut edilmese şonça-da güýjeýär. Adam şol töhmet üçin «jezasyny» çekse-de, ýürekden onuň azary gitmeýär. Ol azardan adamy diňe «gelmänkä dag ýaly, gelenden soň ýag ýaly» ölüm halas edip bilýär. Kim bilýär, belki, töhmet belasy o dünýäde-de adamyň ruhuny gynaýandyr. Ýazyjy Allaýar Çüriýew «Ömür kyssasy» atly kitabynda töhmet belasyndan köýüp, bigünädiklerini subut edip bilmän giden adamlaryň ykballary barada ýazýar. Şeýdip, Watanyň, il-günüň öňünde ol adamlaryň hiç hili günäsiniň ýokdugyny ile ýaýýar, şonuň bilen birlikde-de olaryň ruhlaryny ynjaldyp, şol ynjyly ruhlaryň öňünde sogap gazanýar. Pikir edip otursaň XX asyr iň bir çylşyrymly asyrlaryň biri. Ynkylap graždanlyk uruşlary, tutha-tutluk, Watançylyk urşy, dikeldiş döwri, durgunlyk, üýtgedip gurmak, Soýuzyň dargamagy... Gör, şu döwürler içinde näçe adamyň ömür tanapy üzüldi, garalandy, aklandy garalandy, basyldy, atyldy. Gör, näçe müň çaga ýetim galdy, gör, kimleriň ojagy ömürlik öçdi, yzy ýitdi. 30-njy ýyllaryň tutha-tutlugyny, onuň netijelerini näme bilen deňeşdirjegimi bilemok. Aýdaly, Watançylyk urşy döwründe kän adam öldi, ýöne olar näme üçin, nämäniň hatyrasyna ölýändiklerine düşünýärdiler. Repressiýa bolsa düýbünden başga, o döwürde halkyň görnükli, sowatly ogul-gyzlary, işçileri, daýhandyr çarwalary, garaz, külli halk «halk duşmanlaryna» öwrülip öwrülmedikleri hem şübhe astynda galan ekeni. Nähak töhmet zerarly bir gijede ýüzläp, müňläp adam «halk duşmanyna» öwrülipdirler. Dogrudanam, repressiýa döwürleri gaty agyr döwür bolupdyr. Eşidişime görä, şol döwürlerde, mysal üçin, «Bäý, bu howaň yssydygyny» diýip bolmaýar eken. Diýdigiň «Sowet howasyna at dakdy» diýip basýar ekenler. Otuzynjy ýyllaryň ortalarynda partiýa hatarlaryny arassalaýyş işleri has giň gerim bilen geçirilipdir. Ol prosent, san bilen ölçelipdir. Näçe köp adamy garalap, basyp bolsa şonça-da oňat iş edildigi hasaplanypdyr. Şol döwürlerde «Oňat geçirilen arassalaýyş işleri, munuň özi döwlete 105–110 prosent pagta tabşyrmak bilen barabardyr!» diýen şygar bolupdyr. Şol şygary berjaý etmek üçinem gije-gündiz «işlenilipdir». Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasynda» ýigrimiden gowrak taryhy-publisistik makala bar. Olarda türkmen halkynyň, türkmen döwletiniň görnükli ogul-gyzlarynyň geçen durmuş ýollary, keç ykballary arhiw dokumentleri, öz ýazan hatlary, galyberse-de, gören-eşidenleriň, olaryň hossarlarynyň ýatlamalary arkaly dikeldilýär. Olaryň ene-atalary, garyndaşlary, ogul-gyzlary barada-da maglumat berilýär. Şol taryhy-publisistik makalalarda gahrymanlaryň durmuşyna degişli hroniki materiallar bilen birlikde döwrüň, syýasatyň ýowuzlygy hakda-da pikir ýöredilýär. Şol döwre we syýasata baha berilýär. Kitapda beýan edilýän adam ykballary guraksy sanlar, ýöntem setirler bilen ýazylmandyr. Olaryň her biriniň aňyrsynda dürli durmuş wakalary, geň-taňlyklar, ykbalyň ýowuz oýunlary, bagtygetirme, bagtyýatanlyk ýatyr. Garaz, ürç edilip öwrenilip ýazylan ol ykbal ýazgylarynyň hersinde bir romanlyk waka, durmuş bar. Olary okap çykanyňdan soň birnäçe roman okan ýaly bolýarsyň. «Bir sapar menden ýowuz sorag edildi. Oglum üç aýlykdy. Onuň täk özüni kamerada goýdular. Meni soraga çagyrdylar. Şol wagşynyň familiýasy ýadyma düşenok. Agzyndan gelenini porsaýardy. Göwsümden süýt akýardy. Birnäçe sagatlap burça dykylyp durdum. Çagamy emdirmelidim. «Ganjyk...» diýip, zalym üstüme dübleýärdi. Men oňa: «Siziň aýalyňyzam meň ýaly görgülidir-ä. Meň adamym bar. Ýöne ony siz elimden aldyňyz» diýdim. Şol wagt duşumdan gülle şuwlap geçdi. Çekgäp gyzyp gitdi». Bu Oraz Täçnazarowyň aýaly Ýelizaweta Ýefimownanyň ýatlamasyndan alyndy. «Halk duşmanynyň» aýaly bolan bu zenan hem köp horluklara sezewar edilipdir. Türmede onuň elinden ogluny gaňryp alypdyrlar. Ogly şol ýerde-de ýogalypdyr. «Ömür kyssasynda» görnükli döwlet işgärleri Nedirbaý Aýtakowyň, Anna Muhammedowyň, Batyr Ataýewiň, Öwezgeldi Atabaýewiň, onuň agasy ilkinji magaryfçy Muhammetguly Atabaýewiň, TSSR Ýer işleri halk komissary Akmämmet Saryýewiň, Suhan Babaýewiň we beýlekileriň ömrüne degişli, entek halka mälim bolmadyk sahypalar ýazylypdyr. Olar dokumental waka baýdygy, şol döwrüň durmuşyny aç-açan, batyrgaý görkezýändigi bilen ünsüňi özüne çekýär. Kitapda beýan edilýän ýaňy 19 ýaşly gelinkä gözüni Norilskde açmaly bolan Orazgül Aşyraly gyzynyň, kitap bilen ady bir «Ömür kyssasy» oçerkindäki Hojanepes Çaryýewiň, Oraz Täçnazarowyň, Monton Janmyradowyň, terjimeçi Anna Muhadowyň ykballary hem täsinden-täsin, şol bir wagtyň özünde-de örän pajygaly. Asyryň başynda 2-nji Orenburg kadet korpusynda okan, 1912-nji ýylda bolsa Aleksandrowsk harby pyýada uçilişesini tamamlap, 154-nji Derbent pyýada polkunda wzwod komandiri bolan Hajymyradyň ykbaly soňky döwre çenli mälim bolman geldi. Görlüp oturylsa, ol türkmen üçin, türkmen döwleti üçin köp işleri bitiren adam ekeni. Kitapda bu täsin ömür ýolly adam barada-da gyzykly gürrüň edilýär. Elbetde, men bu ýazgymda ýazyjynyň «Ömür kyssasy» atly kitabynyň mazmunyny gürrüň bermegi göz öňünde tutmadym. Bu bir gazet makalasynda mümkinem däl. Onsoňam olary gaýtalap oturmagyň geregem ýok, sebäbi ol eýýäm iliň söýüp okaýan, dükanlardan tapman ýören gyt kitaplarynyň birine öwrüldi. Meniň aýtjak bolýan zadym, bu kitabyň dünýägaraýşynyň giňdigi, döwür, durmuş, adam ykballary, dünýä barada oýlandyrýanlygy. Iň esasy-da il-günüň öňünde uly iş bitiren adamlaryň ýadygärlikleriniň dikeldilýändigi. «Ömür kyssasy» Allaýar Çüriýewiň bu ugurdan ýazan üçünji kitaby. Ol 37-nji ýyllaryň repressiýasy bilen 10 ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanyp gelýär. Ýazyjy şol döwrüň içinde öň garalanyp, ady-sory çykman ýören döwlet işgärleriniň we beýleki şahsyýetleriň ömür ýollaryny öwrenip, olaryň ruhy ýadygärligini dikdi. Zähmet rugsatlaryny arhiwlerde, il içinde geçirdi. Ukusyz gijelerini şol tutha-tutlukda ejir çeken, heläk bolan adamlara bagyşlady. Netijede olar barada üç kitap dünýä indi. Ýazyjy Allaýar Çüriýew köýen ömürleri dikeltmek işini şu günlerem dowam etdirýär. Metbugatda, radio, telewideniýede yzygiderli çykyş edýär. Günde-günaşa adamlardan haýyş ýa-da minnetdarlyk hatlaryny alýar. Men olaryň käbirini ondan haýyş edip aldym. «Hormatly Allaýar Çüriýewiç! Siziň iberen içi žurnally banderolyňyzy aldym. Kakam baradaky ýazgylaryňyzy tolgunyp, (ýaşlygymy ýatlap) okadym. Indi bir şol günleriň geçdigi bolsun-da hernä! Alada galyp «Syýasy söhbetdeşi» ibereniňiz üçinem men Sizden minnetdar. Ýagşylyk ýatdan çykmaz. Sag boluň, Arçmana gezmäge geliň! Babaýew Tuwakmyr. 30.07.91». Ine, bu haty bolsa aşgabatly Weli Babaýew ýazypdyr. «Inim Allaýar! Öz mähriban türkmen halkyňyň dereksiz ýiten ogullarynyň yzyny dikeltmek gör, nähili abraýly iş. Men saňa guwanýan hem-de goňşym Kerim (Gurbannepesow – D. A.) neresse bilen eden söhbetimi Size iberýärin. Eger ulanyp bolmasa, yzyna ibermegiňizi haýyş edýärin. Weli agaň. «Salam hormatly ýazyjy! Meniň şu haty ýazmagymyň esasy sebäbi Siziň türkmen telewideniýesiniň «Gözýetim» programmasynda çykyş etmegiňiz boldy. Siz öz çykyşyňyzda 1937-nji ýylda Staliniň pidalaryna bigünä duçar bolan ak ýürekli adamlaryň gözlegindedigiňizi aýtdyňyz. Şol elhenç tutha-tutlugyň pidalarynyň biri meniň atam Daňatar Gultyýew bolmaly. Onuň tutulan gününi, aýyny, hatda ýylyny hem anyk bilemok, ýöne şol döwürde halk magaryfy ugrundan çap edilýän bir gazetiň ýa-da žurnalyň redaktory bolup işleýän eken. Ol tutulyp, atylyp öldürilen bolmaly. Şol döwürdäki «Tokmak» žurnalynyň bir sanynda onuň tankyt edilip çekilen suraty hem çap edilipdir. Onuň bilen bile inisi Öwez Gultyýew hem tutulypdyr. Eşidişime görä, Daňatar öz inisiniň gözüniň öňünde urlup öldürdim edilipdir. Öwezi bolsa Uzak Gündogara, Sibire sürgün edipdirler. Ol soň 1955-nji ýylda wepat bolupdyr. Meniň atamdan derek bolmandyr, diňe 1954-nji ýyllarda aklandy hatyny alypdyrlar. Gepiň gysgasy, men öz atamdan şu günki güne çenli derek bilemok. Sizden etjek haýyşym, şol adam kim bolupdyr, halk üçin näme iş edipdir, näme üçin günälenipdir. Umuman, onuň ykbaly bilen gyzyklanyp berseňiz. Eger gerek bolsa, Sizi özüm gözläp hem tapyp biljek, ol barada ýaşululardan eşiden zatlarymy aýdyp, hatda onuň terjimehaly bilen az-kem tanyş bir ýaşuly bilen duşuşdyrybam biljek. Häzirlikçe hoş, sag boluň! Size işiňizde we durmuşyňyzda uly üstünlik arzuw edýärin, hormatly Allaýar Çüriýew! Meniň adresim: Aşgabat raýony,Gypjak oba Soweti, Lenin kolhozy, Lomonosow köçesiniň 27-nji jaýy, Sähetmyradow Meretdurdy». Adamlar saňa sag bol aýtsa, bir zady haýyş etse, ýazyjy üçin ondan uly zat ýok. Dogrudanam, A. Çüriýew 30-njy ýyllaryň repressiýasyny özüne mydamalyk tema edinip ýalňyşmandyr. Ol döredijilikde kyn, çylşyrymly, şonuň bilen birlikde-de abraýly ýoly saýlap alypdyr. Şonuň üçin il-günem onuň gadyryny bilýär. Birnäçe şygyrlar kitabynyň, iki ýüzden gowrak aýdymyň awtory, zehinli ýazyjy Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» atly taryhy-publisistik kitabynyň Magtymguly adyndaky halkara baýragyna hödürlenmegi gutlamaly zat. Garaşsyz döwletimiziň şu güne ýetmegine, onuň halkara meýdanyna çykmagyna uly goşant goşan türkmeniň beýik ogullarynyň ýadygärligini dikeldýän ýazyjy Allaýar Çüriýewiň zähmetini bu baýraga mynasyp hasaplaýaryn. Belki, munuň ýaly haýyr sogap işe baýragam gerek däldir. Sebäbi ol baýrak üçin ýazylan däl, ol şu günki gün biziň garaşsyz döwlet bolmagymyz üçin göreşen, hersi bir baýdak ýaly, baýrak ýaly adamlar hakda ýazylan. Magtymguly atamyzam şeýle ogullar barada ýazyp ötüpdir. Şol ýazmak bagtynam özüne baýrak hasap edipdir. Dädebaý AMANOW, «Syýasy söhbetdeş», 1992-nji ýylyň 8 apreli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |