17:48 Parodiýalar: | |
ÝYLGYRSAŇ
Goşgular
Atadurdy Garaýew Sen ýylgyrsaň, paýrap gökden döküler Kümüş apbasylar, altyn şaýylar. Gül açylyp Garagumuň golunda, Süýji suwdan dolar gurruk guýular. Sen ýylgyrsaň, suw sepen deý ýatyryp Düwläp gelen tüweleýleň gylawyn, Kör bolan çeşmeleň gözi açylar, Süýt iner ýelnine gysyr sygyryň. A.Gurbanow Eger ýylgyrmasaň, şo günden şeýläk Goýar guzlamasyn biziň towuklar. Suwy takrap galar tereň derýanyň, Öňküsinden has ir düşer sowuklar. Ýylgyrmasaň, burunlarny gyzardyp, Aglar hork-hork edip öňki gülenler. Ýylgyrmasaň, girdi “Gyzyl kitaba” Ýylgyraňda üçem dogan gulanlar. Ýylgyrmasaň, dat gününe obanyň, Guýusyndan suw deregne laý çykar. Ýylgyrmasaň, gaty kyn bor, ezizim, Uçup barýan durnalary möý çakar. Ýylgyrmasaň, wah, nädeýin, nädeýin, Her ýyl gysyr galýar sary sygrymyz. …Yzyny ýazmakçy bolýanam weli, Ýylgyrmaňsoň, soňlanaýýar şygrymyz. * * * HOWLUKMAÇ A.Akmämmedow Häzirki bagtly minutlar indi, Belli däl – gelermi, gelmezmi gaýdyp. Ýagşymy, ýamanmy – bir zat diý indi, Sen, gyz, haçana çen oturjak şeýdip?! Baýran Amangylyjow Ýagşymy, ýamanmy – bir zat diý indi, Sög weli, bir sözüň eşdip galaýyn. Soň duşarmyň ýa duşmazmyň, kim bilýä, Men-ä gelmen duş etmese täleýim. Sen, gyz, haçana çen oturjak şeýdip, Wagtam geçip gitdi ýatar pillämden. Sözlemeseň, hereket bir et, janym, Ökjeli köwşüňi inder kellämden. * * * GYBAT-GÜRRÜŇLERE GULAK GABARTSAŇ Bazar Guzybaýew Bu sözler ýürekde harasat gopdy:r, Goňşyňyz duranmyş tüpeňli-okly. Öýüňden bir ädim daş çykmak howply, Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň. Dädebaý Amanow Dogrudyr, bu sözler harasat gopdy:r, Goňşusynyň öýi tankdyr, topdur. Diýmeli däl: "Olar bir ýalan gepdir" Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň. Daş çyksaň, goňşyňyz hyrlydan atar, Eý-waý, pyçaklasa, ondanam beter, Goňşusyndan gorkan daş çykman ýatar, Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň. Ýedi gulp astynda iýip nahary, Gelmez ýaly ol goňşulaň gahary, Daş çykýamyş goňşyň pýan mahaly, Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň. Goňşusyndan gorkup ýüzi solupdyr, Dostlarynyň ýürek-bagryn dilipdir, Bazar Guzybaýew şahyr bolupdyr, Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň. * * * GUDRATLY DÖWÜR Ö.Tejenow Päkligi asmandan alan damjalar, Bu ne gudrat, duýman durkam diňdiler. Pöwhe peşmek deýin asmana galman, Aşak syrykdylar, ýere siňdiler. Hojadurdy Haşaýew Bu ne gudrat, duýman durkam töwerek Gün ýaşdy-da, basyrnaýdy tümlüge. Birdenem asmany ýyldyzlar aldy, Aklym haýran meň-ä şeýle geňlige. Tüýs bir geň galmaly döwür gelipdir, Balyklaram diňe suwda ýüzüp ýör. Gör ahyry, ellerinde ýöremän, Adamlaram iki aýakda gezip ýör. Öňler pöwhe peşmek deýin göterlip, Damjalaram galýady-da asmana. Tersined-ä indi, şolaram ýere Siňip durlar. Üýtgäp ýörmi zamana... * * * “GÖZELLIK ŞAHYRY” B.Gökleňow Obaň ýeňsesinde, bir el tersine Edilen iş, gara işe nusgalyk. Ýatyr bezeg berip ýeriň üstüne Bir owadan köpek, daňylgy maslyk. Nädip öldüreňde bolmaýar iti?! Aryň alyp öldür, öldür keýpine... Gazanýaz Hümmedow Obaň ýeňsesinde bir maslyk ýatyr, Ýatyr bezeg berip ýeriň üstüne. Owadan köpegiň maslygy özem, Ysy dagy beýnä urýar dessine. Nädip öldüreňde bolmaýar iti?! Artjak bolup durka ýeriň bezegi. Aryň alyp öldür, öldür keýpine, Asyp öldür ýa-da gurup duzagy. Öldüreňsoň, gömjek bolup ýörme-de, Obaň ýeňsesine okla-da gaýdaý. Ýüzugra maslyklaň artandygyny “Gözellik şahyry” Bapba-da aýdaý. * * * OSMAN ÖDÄÝEWE DOSTLUK DEGIŞMESI Kakajan Rejebow Men birneme uzyn, sen bolsa kelte, Men birneme ynjyk, sen bolsa gödek. Men içýän keýpine, sen içseň dawa, Araçy bolmasa, işimiz çatak. Men tebigy sada, sen bolsa mekir, Men birneme garyp, sen bolsa has baý. Men birneme jomart, sen bolsa gysganç, Men şonda-da bagtly, sen bolsa gedaý. Men görmegeý ýigit, sen bolsa bedroý, Men edep-ekramly, sen bolsa tentek. Aýalyňy taşlap, çagaňy döküp, Jelep gözlemäňi goýaňok entek. Men erkek ýörişli, aýaklam göni, Sen garga ýörişli, aýaklaň gowky. Taksa pul bermeli her geleniňde, Sen meniň başyma düşen bir towky. Aý, ýeri bolýa-da, bes edäýeýin, Barybir sen dostum, gitjek ýerim ýok. Ýogsa, ýene köp zat aýdardym weli, Dostuňa agyr zat aýtmak bolanok. * * * D.Gurbanow "Gabaklaryň – bulgur, Gözleriň – şerap..." Gurban Atajanow Gabaklaryň – bulgur, gözleriň – şerap, Ýaňaklaryň alma – zakuska, eý gyz. Saňa etjek bir sargydym bar meniň: Arakhora görünmejek bol hergiz! * * * A.Atajanow Bu dünýäň baýlygy erkimde bolsa, Men saňa bererdim baryny, Gunçam. Meňki deý söýgini hiç gören däldir, Eşidenem däldir aşyky-ynsan. * * * Görmeklik hakda-ha gürrüňem ýokdur, Eşdilenem däldir meňki deý söýgi. Howenäň Adama uçraly bäri Bolan söýgülerden meňki iň beýgi. Şeýle bir söýdüm men undup bar zady, Galaryn öýtmedim adam sanynda. “Zöhräşke-Tahirçik”, bulaň söýgüsi Oýunjak ýalydy meňkiň ýanynda. Togalanyp, çabalanyp söýdüm men, Söýdüm aşyr atyp, çiň arkan gaýdyp. Käte bolsa, öňümdäki çorbany Ýakamdan guýýardym agzymdyr öýdüp. Bu dünýäň baýlygy erkimde bolsa, Wah, bilýän söýgimiň böküp geljegin. Ýöne beýle summa tapdyraýýarmy?! Ýogsa satdymam-la köwşüm, penjegim. * * * Magtymguly Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz, Aşa matäç däldir, söze myhmandyr. MYHMAN (degişme) Ýazjuma Agageldiýew Ol öýden öý bolmaz myhman gelmese, Myhmana hemişe gapymyz açyk. Begenýäň ýörite myhman gelinse, Saçagňy däl, goýýaň kalbyňy açyp… Ýöne, dostlar, şeýle myhmanlar eňýä: Başyňy ýaýkaýaň, dişleýäň hyrçyň. Hut bazar gezmäge gelendir seňkä, Bir elinde ganar, egninde – horjun. Aýalyň aýalyn gezdirmelidir, Özüňem ýükçüsiň ýanynda onuň. O dükandan o dükana hars urup, Ýolda ötürersiň uzynly günüň. Bilet üçin durup ýakarsyň jany, Şol hümerdir kassadaky nobatam. Bu gün sowandyryn öýtseň myhmany, Ertir ýene ýetip geler obadan. Şeýdip eliň sowa:r iş-aladadan, Öňünde myhman dek duýarsyň özüň. Eý, Pyragy! Nirde diýýän myhmanyň? Ýa indi gymmaty gaçdymy sözüň... | |
|
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |