14:48 Başlyk hakynda ballada | |
BAŞLYK HAKYNDA BALLADA
Goşgular
![]() Başlygymyz ähli zatdan eý gördi, Agyz diýen ýyrtyk gädijegini. Ak sadap dişlerne altyn geýdirdi, Bil baglap ynamy ödejegine. Beýan edip, söýgüsini, yşgyny, Gurdurdy ol Şasenemiň köşgüni. "Gyzyl çaýyp" berdi gülüň keşbini, Kyrk ýaşan aýalnyň dodajygyna. Öten ýyl kurorta baryp geldi ol, "Dynç alyp", köp ýeri görüp geldi ol. Täzeje "Žiguli" sürüp geldi ol, Hiňlenip ozalky kadajygyna. Indi göz gyzaryp heserlenýärmiş, Düýşünde gyz alyp, basyrganýarmyş. Ýöne kanun oňa hödürleýärmiş, Günäliň "dynç alýan" adajygyny. Baýram AMANGYLYJOW. "Tokmak" žurnaly, 1992 ý. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |