20:01 Türkmen köşkleri | |
TÜRKMEN KÖŞKLERI
Goşgular
Ýer ýüzüne ýaýran türkmen köşkleri, Türkmen bilen, asyrlaryñ gatynda. Juda çuña giden halkyñ kökleri, Syrly ýaşaýşyñ gadymýetinde. Sallançagy ~ üzeññisi atlaryñ, Türkmen gojalypdyr münen atynda. Ykbalyny çözüp memleketleriñ, Şöhradyny ýazan olañ hatynda. Tylla saraýlarda gyşyn gyşlapdyr, Ýaşyl ýaýlalarda ýazlap ýazyny. Çynma-Çynda, Rumustanda düşläpdir, Baky hemra edip hindi gyzyny. At üstünde seýran eden köp ýeri, Ülkelere mertligini jar edip. Ýaplar çekip, gurup tylla köşkleri, Döwran süren permanyny ýöredip. Toýlar tutan, bedew atlar çapdyryp, Reýde, Maşat-Missirýanyñ deştinde. Merwde, Nusaýda serpaý ýapdyryp, Türkmen myhman garşylapdyr köşgünde. Ynha, menem, şol türkmeniñ neslinden, Damarymda gaýnap duran ganym bar. Beýikligi öwrenmeli aslyñdan, Dünýä ýaýran şöhradym bar, şanym bar. Gerdenimde çekip, agyr keşkleri, Taplandym men, gerdişinde pelegiñ. Ýene bina boldy Türkmen köşkleri, Hak ýalkady, wysal boldy dilegim. Howalansyn barha Türkmen köşkleri, Ýaşyl Tugum, çür başynda pasyrda! Erkinlikden öwşün atyp keşpleri, Türkmen rowaç tapsyn Altyn asyrda! ▶ BEDEWLERIM Gyz kamatly bedewlerim, Münsem çeýe billeriñiz. Ýeñişlidir giden ýerim, Şöhratlydyr ýollaryñyz. Owgan, Yrak, Hindi, Eýran, Jemalñyza boldy haýran. Siziñ bilen dünýä ýaýran, At galdyryp illerimiz. Jelaleddin, Baýram hany... Meşhur eden atlar, şany! Ganyñyzda türkmen gany, Halymyzdyr hallaryñyz. Mertler bilen bir deñ gopup, Söweşdiñi gapyp, depip, Il azaryn är deý çekip, Toýda geçdi ýyllaryñyz. Taryp etdi şahyr bary, Çyn bedewleñ bolup zary. Goradyñyz namys-ary, Tug edinip ýallaryñyz. Ýazjuma AGAGELDIÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |