00:18 "Endigan ýagyp dur hünji deý ýagyş..." | |
Akjemal Omarowa Endigan ýagyp dur hünji deý ýagyş... Nagraly goşgyñy okadym men düýn. Delmuryp oturma sen ahy-zarda, Tutma özüñ bulda giren Aý kimin. Jahany terk etme, saçlaryñ ýaýyp, Dökme gözleriñden merjen ýaşyny. Söýeniñ çyn bolsa uçan gumryñy, Sypa onuñ palappanyñ başyny. Anteýe güýç beren ene toprak deý Şuñkaryñ güýç berer saña her daýym. Göwnüñde öwç alyp hyjuw, şatlygyñ, Ylhamyñ ýañadan saýrar mylaýym. Şol halatda öwsüp bir täsin şemal, Syrar gider göwnüñdäki dumany. Ganarsyñ oñ ýeke berlen deminden Hem taryp edersiñ ajap şemaly. Kakabaý YLÝASOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |