15:22 Ýol | |
ÝOL
Goşgular
Äkitdiler bagtly ömür sürmäge, Diýdiler: - Il-ýurt Siz deñli-deñli. Haýdadyk biz ynsan günün görmäge, Ýol welin, çakyñdan gowgaly-jeñli. Gan-derimi dökdüm ynanyp-uýup, Ne özüm baý boldum, Ne menden alan. Şonda-da jenneti gulagma guýup, Men diýen serdarlar sözledi ýalan. Asla menzil aşyrmaýan bu ýoly, Nätjegimi bilmän ulaşýan derde. Men ilişip galýam bir übtük ýaly, Duran gedaýlara Geçelgelerde. * * * Söz aýtmankañ turýan añyp-gyssanyp, Ogluñ bolsa - Bagt guşy depäñde. Gyz gerekdir teşnelikden suslanyp, Mähre suwsan dodaklaryñ kepände. Aýal gerek öz derdinden sowrulyp, Señ azaryñ emläp, Akyl-huşuñdan - Iki goly telim ele öwrülip, Habar alyp bilýän dumly-duşundan. * * * Adam ogly senem öwren agaçdan, Ýere sanjyp suw berdigiñ köküne! Geregini tapyp şertden-alaçdan, Boýun-inin alar otyr erkine. Agaçlaryñ ösmegi öz-özünden, Daglarda köküne döredip esas. Sypmaly däl Paýhasyndan, gözünden, Ýagşy günler üçin edýärkäñ yhlas. Kakabaý YLÝASOW. "Garagum" žurnaly, 1992 ý. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |