19:20 Häli... | |
HÄLI...
Goşgular
Bu haýsy öç üçin aýdyp bolmaýar, Gyýkmaç-gyýkmaç boldy duýgulañ beýgi. Şaha ilen kagyz kimin galgaýar, Ýyrtylan synamda Ýyrtylan söýgi. Güneş saralypdyr göwşüläp-dargap, Süzülipdir, Ýollañ umyt bardasy. Tüweleý turuzýar yklyma gargap, Agzymda ýyrtylan sözleñ ordasy. Tijen paýhas, böwrüñ diñläp köp durma, Bu söz giden söz däl, ýöne bir diýlip. Sakla durmuş, sakla, meni sypdyrma, Häli galgap durkam, Şahañda ilip. Kakabaý YLÝASOW. | |
|
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |