21:33 Eneş / powest | |
ENEŞ
Powestler
Nemes faşistik basybalyjylaryny derbi-dagyn etmege bütin sowet halky gatnaşdy. Stanogyň başynda duran işçi-de, «ak altyn» öndürýän kolhozçy-da, «gara altyn» öndürýän nebitçi-de öz iş ýerlerini goýup, fronta gitdiler. Aýallar, ýetginjekler, hatda çagalar olarys işlerini togtatmadylar. Ýylgaý Durdyýewiň bu powestinde hem demir ýolda strelkaçy bolup işleýän Aşyryň ornuny aýaly Aksoltanyň, soňra bolsa mekdepde okap ýören gyzy Eneşiň tutuşy barada gürrüň berilýär. I. Gyzaryp dogan Gün özüniň ýiti şöhlesi bilen goňras toprakly baýyrlary ýagtylandyrdy. Uç-gyraksyz alyslar, kirşenli ýollar jana girdi. Ýerde durmuş oýandy, Eneş ukudan oňly açylmadyk gözlerini owkalaşdyryp daşaryk çykanda, ertiriň hoştap howasy bekeşmedik ýaş bedenini jümşüldetdi. Gyzyň ullakan, owadan gözleri töwerekdäki durmuşa nebsewürlik bilen bakýardy. Onuň gaýnap duran duýgusy, hiç zatdan ýeňilmejek ruhubelent keşbi geň görünýärdi. Ol heniz ýaşdy, ady hem özi ýaly ýürek gopduryjy ýakymly saz dek eşidilýärdi. Ol iki elini ýeňsesine ýetirip, açyk asmana, alyslara gözüni aýlady. Baýyrlygyň üstünden öwüsýän sergin şemaly işdämenlik bilen içine sordy. Dynç günüdi. Obanyň oglan-gyzlary topar-topar bolşup, dagyň etegindäki baýyrlykdan ýowşan ýygmaga gidipdiler. Eneşem gökje taýharyny münüp, ýowşana gidipdi. Doly çuwal ýaly dykyzja, aýaklary gysgajyk bu taýhar diýseň çusdy. Oglanlar bilgeşleýin gyzlaryň deňinden eşeklerini çapdyryp geçdiler. Oňa gahary gelen Eneş: – Hany, gyzlar, oglanlaryň yzyndan ýeteliň – diýip, iki aýagy bilen taýharynyň pökgerip duran böwrüne depdi. Awunan taýhar loňkuldap, öňe omzap başlady. – Haý, gaçalyň, gyzlar ýetdi! – Haý, gaç! Eşegiňi gatyrak çap! – Aýdyň, gaçsaňam ýeterin – diýip, Eneş ala tozanyň içinde bogazyna sygdygyndan gyrýardy. Öňde tozan turzup barýan oglanlaryň arasynda gykylyk al-asmana galýardy. Eşekleriň gaty toýnagynyň aşagyndan çykýan çal tozanyň arasynda hiç kimi saýgarar ýaly däldi. Kimleriň eşeginiň palany agsa, kimsiniň emelsiz külterlenen odun ýüpi ýere süýrenip barýardy. Taýharyň üstünde saçyny selkildedip barşyna, Eneşiň başyndaky iňňeden çykma täzeje tahýasy ýere gaçdy. Onuň taýharynyň başyny çekjek bolanam şoldy welin, yzky gyzlaryň biri: – Eneş, eglenme-de eňiber, tahýaňy özüm alaryn – diýip gygyrdy. – Berekella, Eneş, ýet yzlaryndan! – Oglanlar galdy, ýaşa! – Biz ýeňdik, biz ýeňdik, ýaşa, ýaşa! Çagalar baýyrlygyň ýapgydyna gelip saklandylar. Küpürsäp ýatan ýerde ýowşany el bilen ýygmak diýseň hezillikdi. Her kim ýetişibildiginden ýygýardy. Ýowşanlar köki bilen goparylansoň, sähel salymyň içinde giden baýyrlyk gyzyl dörjük boldy. Öl topragyň ýakymly ysy burnuňa urýardy. Onýança uzakda bir ýerde gök gürläp, yzly-yzyna ýyldyrym çakdy. Älemgoşar asmanyň deň ýarysyna dürli öwüşgin berdi. Birdenem baýyrlyga kölege salyp gelen topbajyk bulut iri-iri damjalaryny seçeläp başlady. Çagalar hezil etdi, ýowşan ýygmak dagy ýatdan çykdy. Oglanlaram, gyzlaram: «Ös, saçym, ös, Ösmeseň, kes, Atyma duşak, Bilime guşak» – diýşip, tahýalaryny ellerine alyp ylgaşýardylar. Diňe Eneş nämedir bir zat barada oýlanyp, asmana seredip durdy. Onuň ýüzünden ýaz ýagşynyň damjalary syrygýardy. II. Ýylmanak ak daşdan salnan jaýyň goňras gapysy açylanda, suwy ýeten daragt ýaly inçemik, sagdynja, goly kitaply gyzyň gözleri bahar gününiň ýiti şöhlesine gamaşyp gitdi. Ol gözlerini owkalaşdyryp: – Eje, aý eje! Men-ä okuwa gitjek, jigime özüň seredersiň – diýdi. – Bolýar, balam, bolýar, jigiň oýnar ýörer, arkaýyn bolaý. Her näme-de bolsa, okuwyňdan bir galma, guzym! Ýöne dädeň gelmezmikä? Stansadan bir habar tutaweri, gyzym – diýip, ejesi rehimdar gözlerini tegeläp, gapa ýöneldi, emma ertiriň açyk howasynda keýerjikläp giden gyz ejesiniň soňky sözlerini eşitmedi. Hyýalynda kakasy işleýän ýerine bireýýäm gelen ýalydy. Gyzyň çaga ýüregi kakasyny görmäge howlugýardy. Erksiz bökýärdi. Ol gözlerini balkyldadyp, iri çagyl düşelen demir ýoluň golaýjagynda agaryp oturan strelkaçylaryň çaklaňja jaýyna seretdi. Emma onuň gapysynda kakasy däl-de, başga bir adam durdy. Onýança-da günbatardan otly şaglap geldi. Iki relsiň arasyna dökülen ýylmanak çagyl daşjagazlar otlynyň ýelginiňe göze ilmeýän çaltlykda aýlanyp barýan polat tigirlere degip, owaz edýärdi. Otly suw içim sadymda ýeri sarsdyryp geçip gitdi. Ol demir ýoldan geçip, takyrlyk bilen iki aýagynyň burnuna seredip, daşy agardylan mekdep jaýyna tarap barýardy. Mekdebiň töweregi boşlaňdy. Asyl demir ýoluň gaýrasy tä gum etegine barýança şyr takyrlykdy. Edil ýumurtga togalabermeli. Hernäçe şemal öwüsse-de, çöp başy gymyldajak gümany ýokdy. Tomsuň jöwzasynda ol ýerlerde ýeke galan özüň bolma. Ýakyp-ýapdyryp barýandyr, Garrylaryň aýtmagyna görä, bu uly takyrlyk birmahallar toýlarda at çapylýan meýdan bolupdyr. Garrylaryň «Atyň toýnagy degen ýere çöp bitmezmiş» diýmekleri-de, belkem, şonuň üçindir. Aksoltan otlynyň sesini eşiden badyna, ýaňy ýygnaşdyryp eline alan kilimini ýerde goýup, daşaryk çykdy. Göwnüne bolmasa, her sapar otly geleninde, adamsy düşäýjek ýalydy. Ol gözüni süpürip, demir ýoluň ugruna garady. Emma gelýän-gidýän ýokdugyny aňansoň, küti dodaklaryny müňküldedip, başyny ýaýkady. – Heý, janlarym, dädesine-hä bir döw çaldy. Ýogsam, beýle eglenmel-ä däldir. Ýa woýenkomat arma dagy alaýdymyka, janym? Onda-da habar-hatyrsyz gidibermeli bormy? Neneňsi habar etjek diýsene. Eýýäm ugratsa-da ugradyberendir, kim bilýär? Aý, ýok, beýle bolsa, habar ederdi – diýip, öz-özüne göwünlik berdi. Ol gapyda çaşyp ýatan odun ownuklaryny ýygnaşdyryp: – Ällenäme günem-ä bar, düşekleri güne sersem öýdýän – diýip işikden ätlejek bolanda, uzyn gyňajy aýagyna çolaşyp tas ýykylypdy. Öňem jany ýanyp duransoň, muňa-da gahary geldi. – Heý, artyp galan, mydama aýak astyndadyr. Senem janyma dert bolduň. Şu artypdanam itden beter iripdirin – diýip, gyňajyny biline daňdy-da; epläp goýan kilimini gapydaky agaç sekiniň üstüne eltip ýazdy. Gijäniň ukusyzlygyndan gabaklary ýellenen, ýüzi az-kem sallanan bu dolmaç aýal özüne göwünlik berse-de, ýüreginde gopýan harasat ony erkine goýanokdy. Käte dam ýürekde dörän duýgularyň yza bermegi bilen öz durmuşynda haýsy-da bolsa bir howatyrly ýagdaýyň-golaýlaşyp gelýändigini duýar ekeni, Aksoltan ownujak işlere güýmenen bolsa-da, ýürege teselli berenokdy. Howsalaly hem-de bulaşyk pikirleriň girdabyna gark bolup ýören Aksoltanyň gapynyň agzynda ýatan sübsäni eline alany-da şoldy welin, aňyrdan haşlap gelen oglany göreninden, doňup galdy. Oglanjyk gele-gelmäne: – Aksoltan daýza, Aksoltan daýza, dädem iberdi. Aşyr daýymy goşunçylyga alypdyrlar. Dädem tiz gelsin diýdi. Aşyr daýym telefon edipdir – diýip, gözlerini gyrpyldatdy. – Wah, özümem-ä aňdym bir zadyň bardygyny, bar, döneýin, mekdebe git! Eneş jana bir aýdyp gel – diýip, kebelek ýaly pyrlanyberdi. «Aşyry goşunçylyga alypdyrlar. Otly bilen geçip gitjekmiş» diýen habar bu kiçijik oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Eneş kakasynyň goşunçylyga alnandygyny eşidende, depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Elindäki okap oturan kitaby partaň üstüne gaçdy. Çaga gözleri tegelendi. Ol hiç kime-de garaman, aýak ýalaň-baş açyk iki örüm saçyny tasadyp öýlerine ylgady. Häzir onuň yzyna adam-a beýlede dursun, ýelem eýerjek däldi. Eýýäm stansiýa adam bary ýygnanypdy. Ýerden ýörän bosup gelipdi. Her kim dogan-garyndaşyny, tanyş-bilişini ugratmaga, onuň bilen hoşlaşmaga howlugýardy. Aksoltan hem kiçisini göterip, galanlarynam yzyna tirkäp, stansiýa geldi. Biri-birine mähriban gözler ýene-de çaknyşdy. Otdan yssy ýürekler tapyşdy. Aşyr maşgalasy bilen ençe ýyllap äbede-jüýje bolup ýaşaşyp gelse-de, aýalyna şu saparky ýaly içgin garamandy. Ol torsuk ýaly oguljygyny gujagyna alyp, galanlaryny daşyna üýşürdi. – Ejesi, «Il bilen gelen toý-da baýram» diýipdirler. Gaýrat et! Mert bol! Bilýän, durmuş ýeňil düşmez. Ýöne çagalary hor etmejek bol. Gaýrat et. Bizem nesip bolsa, tiz geleris. Ol ýene-de nämedir bir zatlar diýjek boldy. Emma bolmady. Ýuwdundy. Amanmämmet aga ara düşdi. – Hawa, Aksoltan ýegen, aglamakdan peýda ýok. Aýralyk ýeke seň başyňda däl, uly iliň başynda, «Kyrk ýyl gyrgyn bolsa-da, ajaly ýeten öler» diýipdirler. Nesip bolsa, sag-aman geler. Onda, inim, sag git, salamat gel. Toýda duşuşaly. – Sag bol, Amanmämmet aga. Ýagşy dilegde boluň. – Inim, yzyňy gaýgy etme. Ilçilikdir. Bu uruş uly iliň başyna inen bir musallat boldy. Hernä uzaga çekmesin. – Çekmez, Amanmämmet aga. Ýaşuly gidende, Aşyryň endamyna birhili gowuşgynsyzlyk, ýüregine ejizlik aralaşan ýaly boldy. Elbetde, gözüň göreji ýaly görýän eziz çagalaryňdan, mähriban aýalyňdan, ene topragyňdan aýrylyşmak kime ýeňil düşer diýsene. «Uruş pidasyz bolmaz» diýenleri-dä. Bu aldym-berdimli söweşde kimiň aman-sag obasyna geljegi belli däl. Aşyryň ulujasy Eneş bolansoň, ony ogul hasap ederdi. Adynam elmydama «oglum» diýip tutardy. Ol öňki endigine görä, gyzynyň kellesini sypalap: – Oglum, men gidýän. Sen indi maşgalanyň iň ulusy. Oňşuk ejeň ýeke özüne ýeňil düşmez. Sen ejeňe kömekleşmeli bolarsyň – diýdi. Eneş saçbagynyň ujuny dişläp durşuna, kakasyna seretdi. Aşyr gyzynyň garaýşyna üns bermän, ogluny depesine galdyrdy: – Meniň körpäm, seniň bu gopýan gopgunlardan habaryň ýok. Şolam gowy. Ynha, ulalarsyň, bar zada akylyň çatar. Sen meniň iň körpejäm, iň düşbüjäm ahyryn. Ol ogluny ogşady. Edil şol mahal bulutlaryň aňyrsynda gizlenen günem çaga guwanýan ýaly ýylgyryp bakdy. Aşyr hiç zady nazaryndan sypdyrmajak bolup, bir gezek oglunyň ýüzüne, bir gezegem asmana garady. Onuň göwni giňän ýaly, süňňi ýeňlän ýaly boldy. Ýöne otlynyň batly zogy onuň howsalaly kalbyna aralaşan begenç duýgusyny syndyrdy. Otlynyň doňup duran polat tigirleri ýuwaş-ýuwaşdan aýlanyp başlady. Ol çagalaryny ýene bir gezek atalyk mähri bilen gujaklady. – Hoş, ejesi! Gaýrat et! Mert bol! Otly ugran badyna: – Hoş, däde jan! – diýen ses Aşyryň endamyny jümşüldedip gitdi. Günem bu ahwaly görmejek bolýan ýaly eýýäm gara nykabyny ýüzüne örtüpdi. Otly gözden ýitdi. Stansiýa çolardy. Her kim gaýgysyny öz ýüregi bilen öz öýüne alyp gitdi. «Hoş, däde jan! Hoş, däde jan!» Bu üç söz polat tigirleriň dük-düküne goşulyp, Aşyryň gulagynda ýaňlanyp barýardy. III. Aksoltan ukusyndan ir oýandy. Adamsy gideli bäri, onuň aladasy artypdy, ukusy kemelipdi. Düşekleri ýygnap gelen Eneşiň: – Eje, dädem gideli näçe aý boldy? – diýen duýdansyz soragy Aksoltana ýaman täsir etdi. Ol gyzyna bir-bada näme diýjegini bilmän ýuwdundy. «Dädesi gideli bäri, şuňa bir zat bolýar» diýip, içini gepletdi. – Iki aý dagy bolandyr, näme, gyzym? – Aý, ýöne eýýäm köp wagt geçen ýaly. Heniz-de hat, gelenok. – Göwnüňedir, gyzym. Howlukma, ynha, hatam geler, habaram. Bar, guzujyklaryňy meýdana sür. Hol, ýowşanlykdan birneme otlasyn. Men bir Amanmämmet aganyň ýanyna baryp, iş-pişe hakda gürleşip göreýin – diýip, gidiberjek bolanda: – Eje, aý eje, anha daýym – diýip, golaýlap gelýän inçemik, ak ýüzli hortaň adama tarap elini uzatdy. Aksoltanyň gözi ýaňky pyýada kaklyşan badyna: – Wah, ýetişikli ýelmaýam, arkadagym gelýän ýaly-la – diýip, doganynyň öňünden çykdy. – Bar, gyzym, palasyň üstüne täze keçäni ýaz. Ýassygam düşür. Daýyň ýadandyr, dem-dynjyny alsyn – diýip, ýitirip-tapan ýaly nirede oturtjagyny bilenokdy. Ýigit ädigini çykaryp, töre geçdi, tirsegini ýassyga berdi. Onuň howsalaly ýüzi bir möhüm zat üçin gelendigini aňladýardy. Aksoltan: – Bar, uly tüňçäni goý, gyzym. Oduny hem köpräk sal, tizräk gaýnasyn, daýyň ýadandyr – diýip, ýanynda ýüzüni aşak salyp oturan gyzyna seretdi. Eneş hiç zat diýmän, daşaryk çykdy. Daşy gap-gara bolup giden tüňçäni suwdan dolduryp, ojakda goýdy. Ojakdaky közüň üstüne odun owuntyklaryny saldy. – Çaýy oturtdym, eje. – Berekella, gyzym, bar, onda uly çäýnege köpräk çaý, at-da, gaýnansoň demläp getiräý – diýip, heniz hem dymyp oturan doganyna garady-da: – Hawa, Täçgeldi, aýdyp otur, öý-içeri gurgunçylykmydyr? – Oňatdyr, ejeke. Özüňiz nähili? – Bizem şükür, ýaman däl. Bir mydar-a bardyr. – Aşyr dädemden hat-habar gelenokmy? – Häzir-ä gelenok. Geler-dä, doganjygym. – Ejeke, oňşugyňyz neneň? Onuň beýle diýmegi Aksoltany oýlanmaga mejbur etdi. Ýogsam, durmuşyň nähili geçýändigini, näme, ol bilmän durmy? Ony soramak nämä gerek? – Ýaman däl, dogan jan. Nätjek-dä, näme-de bolsa, başa gelipdir, çekmeli bolar-da – diýip, Aksoltan tukat jogap berdi. Onda näme, indi şeýdip ýörjekmi? – Eýsem näme etjek? – Men saňa şu stansiýada ýeke özüň çagalar bilen ýaşap ýörjekmi diýýän? Ol doganynyň ýüzüne köp manyly garap: – Bar, gyzym, jigiňe seret – diýdi-de, ýene Täçgeldä ýüzlendi. – Aýdyp otur, dogan jan, göwnüňdäkini? – Men-ä ejeke, sizi äkitmäge geldim. – Äkitmäge geldim? – Hawa, göze görnen gyz bilen, ýaş çaga bilen gum-gukluk stansiýada sizi ýeke goýup bilmen. – Ýok, dogan jan, ol aýdanyň bolmaz. – Näme bolman? Pikir et, ejeke, sen meni bäş sany kel toklyňa göz gyzdyrýandyr öýtme. – Ony bilýän, dogan jan. – Bilseň, näme? Barymyz bir bolsak, ýaşamak aňsat düşmezmi? – «El eli ýuwar, iki el birigip – ýüzi» diýenleri, ol aýdýanyň-a dogrudyr. – Eýsem näme? – Aý, şonda-da gitmäýin-le, dogan jan. Bu taýda her zadam bolsa, ak bar, gök bar. Onsoňam öwrenişen ýerimiz. Üstesine, seniňem çagaň az däl. Bizem baryp üstüňe dökülsek... – Ony gaýgy etme, ejeke. – Ýok, dogan jan, idäp geleniň üçin sag bol. Indi başa näme gelse çekmeli bolar. Meni ýerimden gozgama. Onsoňam, näme, Eneş janam kiçi gyz däl. Oňa-da geňeş salyp göreýin. Ol näme diýýär? Aý, näbileýin-dä, göwnäýse ýagşy weli... – Geňeş salyp görseň gör, ejeke, meniň-ä ýamanlygym ýok. – Eneş jan, hany bärik gel, gyzym! – diýip, Aksoltan gyzyny çagyrdy. Eneş öz ýanyndan: «Ejem çaýy tiz getir» diýýändir diýip çaklady-da: – Häzir, eje jan, ynha demledim, elteýin – diýip, gapdaly gülli ullakan çäýnegi daýysynyň öňünde goýdy-da, gyzlara mahsus ýygralyk bilen ejesine bukulybrak oturdy. – Eneş jan, hany bärik bak, gyzym! Daýyň bizi şähere – öz ýanyňa äkitmäge gelipdir. Sen nähili görýäň? Gidelimi? – diýip, ejesi soragly nazaryny dikdi. Eneş ejesiniň özüne geňeşenine birhili boldy. Utandy, birbada näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Gideli diýsemmikem ýa-da gitmäli diýsemmikäm diýip pikiri hyýalynda terezä salyp, öz ýanyndan çekip gördi. Bir sapar tereziniň «gideli» diýen tarapy, bir saparam «gitmäli» diýen tarapy agyr gelýärdi. Eneş gapma-garşylykly pikirlerden baş çykaryp bilmän: – Aý, näbileýin, eje – diýdi. – Ýok, gyzym, näbileýin diýme. Daýyňa dogruja jogap ber, alasarmyk etme. – Hawa, ýegenjigim, ejekäm dogry aýdýar. Gürrüňi alasarmyk etmäliň. Gitseňiz-ä, gözüm üstünde ornuňyz bar. Aç ýerimde aç bolarsyňyz, dok ýerimde dok bolarsyňyz. – Ynha, gyzym, daýyň diýenlerini öz gulagyň bilen eşitdiň gerek? – Ýegenjik, okuwyň-a gaýgy etmegin. Ejeke, senem işlejek bolsaň, iş taparys. – Hany onda, gyzym, näme giderismi? – Özüň nähili pikirde, eje? – Maňa geňeşseň-ä, gyzym, şu oturan ýerimiz ýaman dälmikä diýýän. – Eje, maňa-da şeýle. Dädem gelýänçä oturaýaly. – Ynha, dogan jan, ýegenjigiň sözüni eşitdiň gerek? – Hawa, ejeke, eşitdim. Ýöne ýalňyşýan bolaýma, ejeke? – Onsoňam, dogan jan, ol ýerde ýakar ýaly odun-çöpem uly derdeserdir. Bu taýda nätseňem, şol-a oňat, dogan jan, idäp geleniň üçin taňry ýalkasyn, derdim egsilen ýaly boldy. Aksoltan dogany bilen hoşlaşanda, güň ýaňy eňegini ýere beripdi. Günbatarda gyzaran al-elwan şapak solgun görünýärdi. Menewşe reňkleri goýalyşyp, çalymtyl, garamtyl öwşün atýardy. Iňrik garaldygyça, çigrek düşüp başlady. Agşam şemaly endamyňy jümşüldedýärdi. Dykyz bulutlaryň arasyndaky Aýam agras, göwünsiz ýüzüp, hemişeler gijäni gündize öwürýän şöhlesini öçügsi saçýardy. Aksoltan başyna iri seçekli ýaglygy atyp, aýagyna-da galoşyny geýdi. – Igdir jan, senem gatygyňy içip bol-da, ýat, guzym! Ynha düşegiňem ýazyp goýandyryn – diýip, gap böwürde daşy gök syrçaly ullakan jamyň, içinde basyrylan, ýaňy ýüzi gaýmaklamaga ýetişip, heniz uýamadyk gatykdan içip oturan saryja gulpakly oguljygyna ýüzlendi. Oglanjyk düşbüje gözlerini gyrpyldadyp: – Boýýa, eje, boýýa. Özüň gün ýaşanda oýnama, ýeriň göbegi çözülýä diýmediňmi näme? Gün ýaşdy, men-ä oýnamaga gitjek däl – diýip, daşardan eşidilýän gykylyga gulagyny üşertdi. Onuň çaga hyýaly oýnamaga meýil etse-de, ejesiniň ýanynda özüni akylly görkezjek bolmaklygy üstün çykdy. – Berekella, meniň düşbüjäm, berekella! Ýat, oglum, ýat! Gije oýnamaga gitmegin, ýeriň göbegi çözülýändir. Ene onluk çyranyň yşygyna kitap okap oturan gyzyna garap: – Gyzym, jigiňe göz-gulak bolaweri. Men haý diýmän Amanmämmet aganyň ýanyna baryp geleýin – diýdi. Häzir käýarym itleriň üýrmesi, buzawbaşlaryň täsin jürrüldemesi bolaýmasa, çolaja oba ümsüm ýatyrdy. Demir ýoluň gaýrasynda, ilersinde seýregräk oturan jaýlaryň penjiresinden görünýän ýagty ýatar wagtyň heniz irdigini aňladýardy. Aksoltan aýak çekip, nazaryny töweregine aýlady. Göräýmäge bar zat öňki-öňkülik. Şol çolaja stansiýa, çolaja perron. Ýöne soňky günlerde bu asuda perron gaýly howany ýadyňa salýardy. Onda bir görseň-ä, howanyň ýüzi gamaşyp, gyrymsyja agaçlary burjy baglap durandyr, bir görseňem, gökdäki bulut syrylyp, gün özüniň ýiti şöhlesini eçilip durandyr. Her zadam bolsa, gar sepeläp duran gyş bilen al-elwan gül hödürläp duran baharyň gaýtalanyp durmagy gowy zat. Onsuzam gam-gussadan doly ýürekler bir gezek tukatlansa, bir gezek şatlanýar. Ýöne soňky mahallar gyşyň sowuk hem mähirsiz nazary adamlardan şol şatlyk getirýän bahary barha daşlaşdyrýardy. Şuwlap duran gyş şemalynyň arasy bilen ýürek elendiriji zaryn owaz eşidilýärdi. Şuwlaýan şemal tapba ýatdy. Owaz kesildi. Perronyň welin şol öňki çolalygy. Bu çolalyk Aksoltanyň ýüregini gysdyrdymy ýa-da gijäniň içinde beýdip durmany uslyp bilmedimi-nämemi, garaz, ädimini çatlandyryp, demir ýoluň gaýrasyndaky jaýlaryň biriniň gapysyny açdy. – Giç ýagşy, Amanmämmet aga! Ýassygy tirsekläp gyşaryp ýatan ýaşuly gobsundy. – O-how, gelen ýagşy, gel, Aksoltan ýegen! – diýip, çokgaja sakgally ýaşuly öňündäki boşan tabagyny süýşürdi-de: – Aksoltan ýegen, gaýyn eneňem-ä söýmän eken. Naharyň-a soňuna galdyň – diýip, gysgaja murtuny sypalady, – Wah, gaýyn enemiz söýýän bolsa, ir ölermidi, Amanmämmet aga? – diýende, ýaşulynyň aýaly: – Goýsana, gyz, o gürrüňleri, ýokaryk geçsene, men häzir çaý goýaýyn – diýdi. – Ýok, azara galma, gyz. Men kän oturjak däl. Men şol işi bir belli-başly biläýeýin diýip geldim. – Muňňam şäherden gelip oturyşy, ýaňyja-da şony gürrüň edip otyrdyk. – Onuň ýaly işlije gelen bolsaň, Aksoltan ýegen, howlukma. Bar, kempir, çaý oturt – diýip, ýaşuly şäherde naçalnigi bilen eden gürrüňlerini hakydasyna getirdi. Harman sowurýan ýaly samanyny bir ýana, dänesini bir ýana saýlady. Bir maşgalanyň ykbaly, geljekki ýaşaýyş hakda edilen çynlakaý gürrüňlere eýsem, ýaşuly ýönekeý bir zat hökmünde garap biljekmi? Ýaşulyny bu gün şähere gitmäge mejbur edenem şol zatdy. – Hawa, Aksoltan, ýegen, işler-ä oňuna çözüldi. Şäherdäki neçellik bilen gepleşdim. Näme, hemme kişi ýagdaýa düşünýä. Garşy boljak bolubam durmady, gaýtam begendi. Şunuň ýaly agyr günlerde adamsynyň ýerini tutýan aýala berekella diýmeli diýdi. – Taňry ýalkasyn, Amanmämmet aga. Bizi sylany hudaý sylasyn. IV. Aksoltan otuz bäş ýaşyň içinde birinji gezek işe gitjek diýip ýerinden turupdy. Ol özüni giň tutmaga çalyşsa-da, ýürek gürsüldisi artýardy. «Ah, bary özümden boldy. Ällenäme doganjygymyň diýenini eden bolsam, beýle azara galmazdym. Eneş jan bilen dokma dokardyk, bir mydar bolardy. Indi nätjek, öküneniň haýry ýok. Maňlaýa ýazylanyny görübereris-dä» diýip içini gepletdi-de, obanyň gündogar çetinde demir ýoluň gyrasyndaky gyzyl kerpiçden salnan jaýa tarap ugrady. Bu birmahallar bina edilen, özem köne biçimde salnan jaýdy. Öňler bu jaý demir ýoly goraýanlaryň ýa-da oba adamlarynyň aýtmagyna görä, ýol syrýanlaryň jaýy bolupdy. Indi ol birnäçe ýyl bäri stansiýanyň naçalniginiň jaýy. Oba adamlary oňa käte «Amanmämmet aganyň jaýjagazam» diýerdiler. Sebäbi ýaşulyny öýünde tapmadyklar hemişe ony jaýdan tapardylar. Hatda käte onuň häsiýetine belet adamlar ýaşuly gerek bolsa, öýüne barman, göni ýaňky jaýa gaýdybererdiler. Ol heniz sakgal-murty syrylmadyk ýigdekçeliginden başlap, garrylyga ýetýänçä, şol jaýyň gapysyndan günde telim gezek girip çykdy. Ol häzirem Dalabaý gazak bilen şol jaýyň gapysynda gürleşip durşuna, Aksoltanyň gelerine garaşýardy. Ýaşulynyň aýagynda gara ädik, egninde hem ýaldyrap duran mis ilikli gara penjegi bardy. Ol jokrama yssy bolsun, aýazly gyş bolsun, şol iki zadyny asyl çykarmazdy. Onsoňam, gara penjek ýaşulyny birneme saldamly hem-de merdemsi görkezerdi. Ol Dalabaýa garap: – Hawa, Dalabaý, adama hossar agyr günde gerek. Seniň şat günüň, jübiň pully güni dostuň-da köp, doganyň-da. Başyňa bir iş düşdümi, doganam şonda gerek, garyndaşam. Tüweleme, Aksoltan ýegeniň doganyny mert gördüm. Bir eli ýok, özlerem çül-çaga. Şowda-da doganyny ýanyna göçürip äkitjek boldy. Ýogsam bu mahallar her kimiň öz maşgalasy özüne ýük – diýdi. – Aýdanlaryň rast, Amanmämmet aga. Haçan-da adam bir daşjagaz ýaly taşlanyp goýberilse, şonda ýaman – diýip, Dalabaý çokgaja sakgalyny sypalady. Aksoltan gelip salam berdi. – Gurgunçylykmy, Aksoltan ýegen? – diýip, Amanmämmet aga köne endigine görä esli wagtdan soň jogap berdi. – Aksoltan ýegen, düýnki aýdyşym ýaly, şu gün işe başlaýaň, üç-dört gün Dalabaýyň ýanynda işlemeli bolarsyň. Özem, ynha, stansiýa golaýjak strelkada. Häli-şindi özümem gelip duraryn. Olar tirkeşip, strelkanyň golaýyndaky kiçijik jaýa gelenlerinde, telefon jyňňyrdady. Dalabaý telefon trubkasyny gulagyna tutanda, Amanmämmet aganyň gyryljyk sesi eşidildi. Dalabaý kiçijik gözlerini gyrpyldadyp: – Ýe... ýe... Jahsy, jahsy... Bekawoý putgamy? Jahsy, jahsy – diýip, trubkany ýerinde goýdy-da, daşaryk çykdy. Aksoltan hem onuň yzy bilen çykdy. Aksoltan ümsüm durşuna «Bu zatlary dädesi barka, dünýäň giňliginde öwrenip goýsaň bolmaýarmy?» diýip içini gepletdi. Daşyndan göräýmäge, bu ýerde öwrener ýaly ullakan bir zat ýok ýalydy, Hemme zat ýönekeýdi. Emma strelkany açanyňda, bir kiçijik ýalňyşlyk goýberdigiň, ýaşaýyş bilen ölüm garpyşjakdy. Aksoltan işsiz oturmagy özüňe uslyp bilmänsoň, eline köne esgi alyp, strelkanyň aralaryny süpürişdirip başlady. Ýylmanak saply kepje bilen mazut ýokundylaryny gazaşdyran bolup, işe güýmendi. Gam-gussasy az-kem ýadyndan çykyşdy. Strelkanyň golaýynda işçiler polat ýoluň aşagyndaky agyr şalmanlary çalyşýardylar. Daşy ýaldyrap duran gara şalmanlar her ýerde, her ýerde çaşyşyp ýatyrdy. Işçileriň käsi elindäki pili bilen relsiň aşagyndaky çagly aýyrsa, käsi ullakan lomuň ýiti ujuny ýere diräp, şalmany relsiň aşagyna iterýärdi. Käsi bolsa uzyn saply ýekedabany başyndan aýlap, aşak inderýärdi. Her kim öz işi bilen gümrady. Ol işläp duranlaryň arasynda heniz bili bekeşmedik käbir ýetginjekler bar diýäýmeseň, köpüsi aýal maşgalady. Aksoltan garader bolup işleýän adamlara seredip durşuna, strelkanyň arasyny arassalamagyny unudypdy. Onuň bar oý-pikiri şol işçileriň arasyndaky bir oglanda saklandy. Orta boýly, eti-gany özüne ýetik ýaş oglan pil bilen relsiň aşagyndaky täze şalmanyň iki tarapyna ýoluň gyrasynda üýşüp ýatan çagyldan guýýardy. Onuň gapdalynda duran aýal bolsa dökülen çagyllary tekizleýärdi. Oglan şalmanyň arasyna çalt-çaltdan bäş-on pil çagyl dökdi-de, çüri kellesindäki reňki solgun tahýasyny düzetdi. Egnindäki köýneginiň ýeňi bilen maňlaýyndaky çylgym-çylgym der damjalaryny süpürişdirip, gezekme-gezegine elleriniň goşaryny owkalaşdyrdy, ýene-de piline ýapyşdy. Aksoltan jontuk sübse bilen strelkanyň daş-töweregini süpürip ýörşüne «Heý, şeýle çagany işletmäge dözer ýalymy? Ah, özem bolubilse, Eneşiň ýaşytdaşydyr» diýip, başyny ýaýkady-da, gyňajynyň çowy bilen maňlaýyny süpürdi. Ol ýene-de köp zatlary hakydasyna getirse getirerdi, ýöne ýetip gelýän otlynyň zogy onuň pikirini bozdy. Ol elindäki sübse bilen nebitli esgini jaýjagazyň içinde goýup, daş çykdy. Otly ýeri sarsdyryp, ýetip gelýärdi. Dalabaý düýrülgi saryja ýaglygy elinde tutup, strelkanyň golaýjagyna bardy. Ýaglykly elini öňe uzatdy. Eňegini zordan ýapyp duran çogdamja seýrek sakgalyny sypalaşdyrdy. Aksoltan jaýjagazyň agzynda dim-dik durşuna, gök wagonlaryň içindäki birmeňzeş eşik geýnen soldatlara, uzyn platformalaryň üstündäki uly-uly awtomaşynlara, ýaraglara bakýardy. Üsti galyň mata bilen mäkäm basyrylan ýaraglaryň ýanynda egni bäşatarly soldatlar durdular. Olaryň ýüzi dury, ruhy belentdi. Aksoltan deňinden yzly-yzyna geçip barýan soldatlara garap durşuna «Kim bilýär, kakasy bir ýerlerde şeýdip barýandyr. Ýurt uly, märeke köp» diýip, içini gepledip durka, «Daýza, gaýrat et! Biz ýeňeris, hökman ýeňeris» diýen sese tisginip gitdi. «Heý, toba, bularyň içinde türkmenem bar eken-ow» diýip, gözüni giňden açyp, deňinden geçip giden wagonlara garady. Ol-nämäň-nämedigini saýgarmasa-da, öňki wagonlaryň biriniň agzyndan boýnuny uzadyp duran soldaty görüp galdy. Otly bireýýäm geçse-de, «Daýza, gaýrat et! Biz ýeňeris, hökman ýeňeris» diýen şol soldatyň sesi Aksoltanyň gulagyndan gitmedi. Ejesi öýüne gelende, Eneş kitaplaryny goltuklap, gapyda durdy. Jigisi bolsa beýle ýanynda oýnap otyrdy. – Eje, geldiňmi? Men okuwymdan gijä galdym – diýip, kitaplaryny ýygnaşdyrmak bilen boldy. – Bilýän, gyzym, bilýän. Şonuň üçin Dalabaýdan sorap, azrajyk öňem gaýtdym. Bar, gyzym, okuwyňa gidiber, okuwyňdan galma – diýip, körpesini gujagyna aldy. V. Mekdebiň daş-töweregi gum-guklukdy. Eneş bärden ylgap diýen ýaly gitse-de, mekdebe golaýlaşdygyça, ädimini gowşatdy. Ýüreginiň gürsüldisi artdy. «Göni klasa barsammykam ýa-da arakesme bolýança garaşaýsammykam? Mugallyma näme diýerkä?» diýen pikirler gyzy howsala salýardy. Ol birbada klasa girmäge-de, arakesme bolýança garaşmaga-da batyrlyk edip bilmän, iki arada ýaýdanjyrap durdy. Bolup durşundan özi utandy. Ol elindäki kitapdyr depderlerini goltugyna mäkäm gysyp, okaýan klasynyň gapysyna baryp diňşirgendi. Käýarym bir mugallymanyň «Ýazdyňyzmy?» diýen sesi geläýmese, klasda okuwçy ýok ýalydy. Eneş aňyrdan batyrlyk edip gelse-de, birbada gapyňy açaýmaga ýürek edip bilmedi. Saklandy. Biri çykaýmazmyka diýip umyt etdi. Emma klasyň içi ümsümlikdi .Ol ahyryn ýüregine daş baglap, gapyny usullyk bilen açdy-da: – Girmek bolýarmy, ýoldaş mugallym? – diýip, ýüzüni sallap işikde durdy. Hemmäniň nazary gapa dikildi. . – Giriber. Ýöne näme beýle gijä galdyň? – Bagyşlaň, ýoldaş mugallym, ejem işe gitdi. Jigime sereder ýaly adam ýok. – Bolýar, bar, ýeriňde otur. Ýöne indikide galmajak bol. – Bolýar, ýoldaş mugallym. Eneş ýerine geçip otursa-da, bu tukatlyk ony uly iňkise goýdy. Hatda ýanynda oturýan kellesi süýrüje garagol oglanam partany dyrmap ümsüm otyrdy. «Näme, bular meniň aýdanyma ynanmadylarmyka? Ýogsam näme, hut dilleşen ýaly, barysy geplemän otyr. Men hiç haçan ýalan sözlämok ahyryn». Dogry, mugallyma-da onuň ýalan sözlemeýändigini bilýärdi. Ol akylly hem-de düşbi gyz. Sapaklaryndan gowy ýetişýär, Klasyň iň tertipli okuwçylarynyň biri. Üstesine-de mugallymanyň heniz bir okuwça-da käýýän ýeri ýok. Onuň özem heniz ýaş. Balkyldap duran owadan gözlerine üns bilen seredeniňde, heniz çagalyk höwesjeňliginiň-de gitmändigini duýmak bolýardy. Ol okuwça gaharlanmagy, gaşlaryny çytmagy bilmeýärdi. Ýöne nämedir bir aňyrsyna ýetip bolmajak zadyň aladasyny edýän ýaly, mydama pikirli görünýärdi. Bikäniň şäherdäki onýyllyk mekdebi gutaryp, bu çolaja stansiýa gelenine heniz köp wagt geçmändi. Onsoňam ol gelmän, nirä gitsin diýsene, çagalygy şu ýerde geçdi ahyryn. Sähranyň hoştap howasy, mylaýym şemaly çaga wagtynda onuň gulpagyny köp oýnapdy. Ýöne Bike edil şu mahal bu taýa gelmese-de gelmezdi. Ony bir uly güýç başga ýerlere iterýärdi. Şol mahallar başga ýere iterýän güýç bilen çaknyşyp biläýjek zat ýok ýalydy. Asyl ol güýjüň öňüne başga bir güýç böwet bolar diýip, ýatsa-tursa hakydasyna-da gelenokdy. Emma... ol süýji arzuwlar gyzy ylmyň çarkandakly, emma mukaddes belentliklerine tarap alyp gitmäge wepadar hemra boljakdy. Ertirki dogjak günüň al-elwan şapagyna çalymdaş bu arzuwlar gyzy Aşgabada – Lukmanyň agtyklarynyň bezemen köşgüne alyp gaýdypdyr. Ol hyýalynda mydama şol ýerde bolardy. Egni ak halatly, goltugy kitaplydy. Bir görseňem, ol özüni keselhanada duýardy... Ynha, bu ýaş mugallymanyň arzuwy şeýledi. Ol arzuwlar özüniň wyždany ýaly päkdi. Kalby ýaly arassady, joşgunlydy. Gözýaşy ýaly dup-durudy. Ynsan mertebesi ýaly belentdi. Hawa, uruş, duýdansyz turan uruş müňläp ýürekleri paralaýşy ýaly, Bikäniň kalbyndaky hoş arzuwlary hem süýr günortanyň gaçyp barýan salgymyna dönderdi. ...Mugallyma göz astyndan Eneşe garady. Ol hiç kime nazar salman, aşak seredip otyrdy. Öňünde ne kitap bar, ne-de depder. Häzir ol özüni mugallymanyň, deň-duşlarynyň öňünde müýnli hasap edýärdi. Bu ýagdaýy mugallyma-da aňdy. Mugallyma Eneşiň gapdalyna geldi-de: – Hany indi arassa ýazuw depderiňi çykar – diýip gülümsiredi. Mugallyma gaharlananok diýip, Eneşiň ýüzi açyldy. Ol haýdan-haý depderini çykaryp, öňünde goýdy. – Aşyrowa, seniň habaryň ýokdur. Ynha, frontdaky mugallymyňyza iberen hatyňyza jogap geldi. – Hany? – diýip, Eneş gobsundy. – Bu mugallymyňyzyň ýoldaşlarynyň iberen haty. Olar siziň hatyňyza jogap ýazypdyrlar – diýip, Bike okamaga başlady. «Gadyrly okuwçylar! Siziň mugallymyňyz – biziň söweşjeň ýoldaşymyz Aman Rahmanow Moskwanyň eteginde bolan söweşde uly gahrymançylyk görkezdi. Gerçek türkmen ýigidi duşmanyň onlarça soldatynyň janyny jähenneme iberdi. Hut şonuň üçin oňa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent at dakyldy. Gadyrly okuwçylar! Oňat okaň, watany söýüň! Ýeňiş biziň tarapymyzdadyr. Aman Rahmanowyň söweşjeň ýoldaşlary: Sawçenko, Alekseýew, Kuwandyk we başgalar». Klasyň howasy üýtgedi, oglan-gyzlaryň ýüzlerinden şatlygyň bulagy akyp durdy. Olar üçin häzir dünýäde gahryman bolan mugallymlaryndan güýçli adam ýok ýalydy. Bike klas tagtasynyň öňüne baryp, iri harplar bilen «Meniň mugallymym Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýip ýazdy. – Hany, okuwçylar, öý işiňizi belläň! Şu temadan düzme ýazyň! Birden gelen bu hoş habar obada begenç duýgusyny döretdi. Öňler egni ullakan sumkaly ýigdekçe poçtalonyň öňünden çykmaga ýürek edip bilmeýän adamlaryň göwnüňe bolmasa, şol sumkadaky üç burçly hatlaryň hemmesiniň içinde hoş habar bar ýalydy. VI. Aý aýlanyp, ýyl geçdi. Güýz düşüp, baglaryň ýapragy, saraldy. Gumuň igli sazagy ýaly ýygrylyşyp oturan daragtjyklar güýz şemalyna gagşaýardy. Daňdanyň çigreginde üzülen ýapraklar ýere düşek bolup ýatyrdy. Howanyň ýüzi bir açylýardy, bir gamaşýardy. Bulutlar hümer baglap, dagyň belent gerşini gyýalap gelýärdi. Aksoltan iş bilen öwrenişipdi. Birmahalky syrly strelkalar indi ýönekeý zat ýaly görünýärdi. Onuň öňki dolmaç göwresi az-kem gysylyp, hereketleri çaltlanan ýalydy. Iş edende-de, ýörände-de, hemişekileri ýaly oýmuldaman, gamak ýaly ýeňil gopýardy. ýöne howa bulaşdygy, jebegesi darygyp, çygly howanyň bedeninde ýaşlykda galan guragyrysyny ýaramazlaşdyrýandygyny duýýardy. Çygly howa endamyny sökýärdi. Ýeke howa däl, eýsem meýdan hem çygdy. Onuň aýagyndaky galoşyň burny öl-myžžykdy. Aksoltan pikir edip barşyna, howanyň gamaşyklygyndan howatyrlanyp, içini gepledýärdi. «Howanyň bu açylman durşuna seretsene. Heý, güýzüň ortasynda-da şeýle sowuk bolarmy? Henize çenli görüp-eşiden däldiris» diýip barşyna iş ýerine ýetenini duýman galdy. Howa kem-kemden has beter sowap, ondan garyň ysy gelýärdi. Otlynyň känligindenmi ýa-da guragyrynyň yzasyndanmy, garaz, Aksoltan kirpikli gözüni çalman, daňyny atyrdy. Geň galmaly: ol bir gijäniň içinde hut tanalmaz ýaly özgerdi duruberdi. Ertesi ony öýüne goltuklap diýen ýaly getirdiler. Eneş heniz mekdebe gitmändi. Ol ejesini goltuklap gelýänlerini görende, elindäki kitapdyr depderlerini ýere gaçyrdy-da: – Eje jan, näme boldy, eje jan! – diýip, aýak aldygyna ylgady. Baryp ejesini gujaklady. – Hiç zat bolanok, gyzym! Gorkma! – diýip, ejesi gyzynyň kellesini sypalady. Aksoltany gapydan sowarak ýerde, aşagyna köne ýorganyň birini ýazyp, pejiň golaýynda ýatyrdylar. Üçünji gün diýlende, ýagdaýy agyrlaşdy. Gyzgyny artyp başlady. – Gyzym, bir ýaglyja çorba içäýsem diýip, başujunda oturan Eneşe naýynjar seretdi. – Häzir, eje jan! Ene towugymyzy öldüräýerin. Häzirjek, kim öldürip bererkä? – diýip, daşaryk çykdy. Gapynyň taýak ýetim ilersinde dökülen küli dörüp ýören towugyň hiç zatdan habary ýokdy. Eneş ýuwaşlyk bilen towugyň ýanyna baryp özüni onuň üstüne oklady. Abanyp gelýän howpy syzan towuk ganatlaryny ýazyp pasyrdanda, elinden sypdy. Saçy, üsti-başy küle bulaşan gyz silkinjiräp, üst-başlaryny kakyşdyryp, ep-esli arany towugyň yzyndan ylgady. Ene towuk bolsa loňkuldap, obanyň ortasyndaky açyk meýdana, ýazky otuň saralan galyndylaryny çokjalap ýören towuklaryň arasyna baryp goşulyp, uzyn çüňki bilen ýeri dörüp ugrady. Indi towugy tutup bilmejegine gözi ýeten Eneş bir zat ýadyna düşen ýaly töweregine ýaltaklady. Emma gözüne hiç zat ilmedi. Durup yzyna gaňryldy. Towuklar bolsa şol öňküsi ýaly, ýeri dörüşip ýördüler. Ol tahýasyny eline aldy-da, towuklara däne sepjek ýaly:. –Tüý-tüý-tüý – diýip, towuklary öz ýanyna çagyrdy. Bu tanyş sese öwrenişen towuklaryň bir topary ylgaşyp, onuň ýanyna geldiler. Emma tahýasy boşdy. Hasanaklaşyp gelen towuklar üýtgeşik zada gözleri ilmänsoň, çar tarapa pytraşdylar. Bu ýagdaýa Eneşiň özi birhili boldy. Ol towuklary aldandygyna ökündi. Eneş näme etjegini bilmän, yzyna gaýtdy. Ýöne onuň bagtyna bäş ýaşly jigisi gabat geläýdi. Jigisini görende, gyzyň ýüzi açyldy. Ol ellerini galgadyp: – Bally, Bally jan, bärik gel! – diýip gygyrdy. Torsuk ýaly oglanjyk gybyrdyklap, uýasynyň ýanyna geldi. – Bally, bar ballyjygym! Pykgany tutup ber – diýip, towuklara tarap elini uzatdy. Oglanjyk hiç zat diýmän, her ýerde, her ýerde dagaşyp ýören towuklara tarap gitdi. Geň galmaly: towuklar oglanjykdan gaçmadylar. Oglanjyk bolsa howlukman, ellerini bulap, ýygyja ädip barşyna, öz towugyny gözleýärdi. Onuň uly ala towugy şol çetde ýeke özi çokjalap ýördi. Birden oglanjygyň gözi öz towugyna düşdi. Ol ädimjiklerini giňeldip, goljagazlaryny bulaýlap, göni şoňa gitdi. Özüne golaýlaşyp gelýän aýak sesini eşiden towuk yzyna garaman gaçmak bilen boldy, emma: – Pykga-pykga, pykga – diýen çaga sesini eşiden badyna, kürtdürip durdy-da, özüne ýetip gelýän oglanjyga tarap gaýtdy. Oglanjyk towugyny goltugyna aldy. Garry towuk oglanjygyň gujagyna zordan sygýardy. – Eneş ejeke, Eneş ejeke, pykga, pykga? – diýip Igdirjik towugyň böwrüne elini degirdi. Ol ýene çaga sadalygy bilen – Pykga kok – diýip, eginjiklerini ýygyrdy. – Näme, gyzym, öldürjek bolup durmuň? Hany, al bärik – diýip, Amanämmet aganyň ala towugy elindeň alanyny Eneşiň özem duýman galdy. Amanmämmet aga bilindäki uzyn ak saply pyçagyny gynyndan çykaryp, käsäň agzy ýaly ýeri pyçagyň ujy bilen dörüşdirdi. Päki ýaly kesgir pyçagyň degen ýerinden gyzyl gan zogduryldy. Eneş jigisiniň elinden tutup öýe geldi. Hut şol mahal Amanmämmet aganyň aýaly eli agaç okaraly gapydan girdi. Ol bugaryp duran unaşy hassanyň öňünde goýup: – Al, gyz, unaş-da müň derdiň dermany bolarmyşyn. Belki, çygjardar – diýip, hassanyň aýagujuny düzetdi. Adama peýda etjek bolsa, her zat sebäp bolar eken. Unaşdyr towuk çorbasyny içenden soňra, Aksoltanyň endamy azrak çygjardy. Daş ýaly gatap duran göm-gök damarlary ýumşady. Ol aýagujunda düýrlenip ýatan goýun ýüňi salnyp tikilen ýorgany boýdan-başyna bürenip, birmeýdan ýatanda, endam-jany garader boldy. Näçe günläp maňlaýy çygjarmadyk hassa suw bolup derledi. Hassanyň teninde lowlap duran gyzgynlyk hem şol şaglap inen ajy der bilen çykan ýaly boldy. Jany rahatlyk tapan hassa azrak ymyzgandy. Näçe gün bäri irkilmedik gözleriň awusy gaçdy. Aksoltan ýorganynyň bir çetini serpip, gözüni açanda, başujunda ýüzüni sallap ümsüm oturan Eneşi gördi. Ol gyzyna seretdi. Eneş horlanypdyr. Birmahalky hurma ýaly ýaňaklary çekilişipdir. Aksoltan dilini ýarmasa-da, aşaky dodagyny dişläp, başyny ýaýkady. Aksoltan birneme bäri bakan ýaly bolsa-da, daýanyp gidibermedi. Bir ýany düşekden galmady. Ol öz ýerine Eneşi işe salmasa, başga alaç ýokdy. Çagalary näme bilen eklejek? Her niçikdir demir ýolda işleýänleriň çörek paýy beýlekileriňkä garanyňda köpräk. Üstesine-de, gyşyna ýakar ýaly odun berýärler. Bir öýde hökman işçi gerekdi. Oýlanyp oturmagyň hajaty ýokdy. Ýöne ene bu barada gyzy bilen maslahatlaşmagyň asyl ugruny tapanokdy. Ol her sapar aýtjak-aýtjak bolanda, Eneş bilen ýaşytdaş gyzlaryň okaýandygyny ýadyna salyp, aýtmakdan saklanýardy. Eger-de: «Gyzym, indi meniň saglygymyňam ugry ýok. Sen okuwyňy taşlasaň neneňsi görýäň? Okuwy dädeň gelenden soňra okarsyň» diýäýse, Eneşiň güler ýüzi solar diýip gaýgy edýärdi. Ýöne Aksoltan bu gün bolmasa, ertir, ertir bolmasa, başga bir gün, garaz, bu meseläni öňde goýmalydy. Başga çykalga ýok. (Dowamy bar)... | |
|
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |