12:11 Noýabr hakda | |
NOÝABR HAKDA
Goşgular
Noýabrda güýç peseler adamda, Gündizler gysgalyp, gijeler uzar. Öňküden azalar gelim-gidim-de, Käte ýekelikden çekersiň azar. Käte ýel öwüser, gar gatyşykly, Käte sowuk damja depäňden iner. Käte daş çykarsyň agyr eşikli, Baharyň nagyşly käsesi synar. Hiç kim höwes etmez seýil baglary, Guşluk bolsa, soňra öýle-de bolar. Ýagmyr ýagar, bulut bürär daglary, Dünýä döräp şeýle, şeýle-de bolar. Ýylgaý DURDYÝEW. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |