00:02 Koktebel | |
KOKTEBEL
Goşgular
Barýan agyr ýoluň bilen, Meniň tukat Koktebelim. M.Woloşin. 1914 ý. Tebigy gözellik üýtgeşik bolýar, Tebigy zehin hem ondan asgyndyr. Bulut çökdi Gara dagyň üstüne, Ymyzganyp ýatan deňiz tisgindi. Kem-kem gök kenardan syryldy duman, Ak geriş tolkunlaň gowşady saly. Durlandy gözýetim, giden alyslar, Göründi deňiziň ajaň şemaly. Kenarda pytraýan tolkunlara bak, babam ýaly ak köýnekli, ak saçly. Bag-bossanyň depesinden garaýan, Ak derekler ak gyz ýaly buýsançly. Koktebel biziňçe Gökdepe diýmek, Sen aýtdyň: "Äkit şolaň birini". Men aýtdym: "Bizde-de bar Gökdepe, Bir demde ereder gyşyň garyny". Goý, depeler dursun duran ýerinde, Gyşyn, ýazyn mydama gök öwüssin. Koktebeli, Gökdepäni görmäge, Adamlaryň ýürekleri towussyn. Ýylgaý DURDYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 11.03.1978 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |